Page 312 - Kurany Kerim Meali
P. 312
96. Iman getirip, ýagşy işleri edenlere
bolsa Rahman (Alla) söýgi, mähir-
muhabbet döreder.
97. Biz Kurany, takwa kişileri
begendirmegiň we barlyşyksyz dawaçyl
kowuma duýduryş etmegiň üçin, seniň
diliňde (inderip, saňa) aňsat bolar ýaly
edip goýduk.
98. Biz olardan öň hem ençeme nesli
heläk edipdik. Häzir sen olardan
(heläk edilenlerden haýsydyr) biriniň
ýaşaýandygyny bilýärmiň ýa-da olardan,
heý, bir ses eşidýärmiň?!
20-nji süre: Taha
«Taha» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol
135 aýatdan ybaratdyr. Sürede Musa pygamber
barada giňişleýin gürrüň gozgalýar. Hezreti Omar
bu süre arkaly musulmançylygy kabul edipdir.
Süräniň ady onuň ilkinji aýatyndaky özbaşdak
okalýan harplardan alnandyr.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
şepagatly) Allanyň ady bilen
1, 2. Ta, Hä. Biz saňa Kurany kynçylyk
çekmegiň üçin indermedik.
3. Biz ony Alladan gorkýanlara öwüt-
ündew üçin inderdik.
habary geldimi?
4. (Bu Kuran) ýeri we belent asmanlary
ýaradan tarapyndan inderilendir. 10. Ol ody göreninde, maşgalasyna: «Siz
garaşyň, men bir ot gördüm. Men ondan
5. Rahman bolan (Alla) Arşa istiwa bir tutaşdyrlyk getirmek ýa-da oduň
etdi (hökmürowanlyk bilen älemi ýanynda bir ýolbelet tapmak üçin (ol
dolandyrdy). ýere baraýyn)» diýipdi.
Düşündiriş: Hezreti Musa maşgalasy bilen
6. Asmanlardaky, ýerdäki, bularyň birlikde Medýen şäherinden Müsüre tarap
arasyndaky we ýeriň astyndaky ähli gidip barýarka, ýolda sowuk gijäniň içinde bir
zatlar Onuňkydyr. çagalary dünýä inýär. Sowukdan üşäp, ýoly hem
doly bilmänsoňlar, Musa uzakdan görnen otdan
7. Eger sen (Alladan dileg edýän) tutaşdyrlyk almak üçin gidýär.
sözüňi gygyryp aýdýan bolsaň, Ol syrly
zady hem, ondan has gizlin zady hem 11, 12. Musa ol oduň ýanyna baranynda,
bilýändir. oňa: «Eý, Musa! Bu Men, seniň
Perwerdigäriň! Köwşüňi çykar! Takyk,
8. Ol Özünden başga (ybadata laýyk) sen mukaddes Tuwa jülgesindesiň.
hudaý bolmadyk Alladyr. Iň gözel atlar
Oňa mahsusdyr. 13. Men seni (pygamber edip) saýladym.
Sen özüňe wahyý edilen zady diňle.
9. (Eý, Muhammet!) Saňa Musanyň
313

