Page 316 - Kurany Kerim Meali
P. 316
65. Olar: «Eý, Musa! (Hasaňy) ýa
sen (ilki) oklarmyň ýa-da biz ilki
oklalymy?» diýdiler.
66. Musa: «Ýok, siz oklaň» diýdi. Bir
görse, olaryň ýüpleri we hasalary eden
jadylarynyň täsiri bilen göýä hereket
edýän ýaly bolup göründi.
67. (Olaryň görkezen jadylary
Musanyňka meňzeş bolansoň, adamlar
ynanmaz öýdüp), birden Musanyň içine
gorky düşdi.
68. Biz: «Gorkma! Üstün çykjak, takyk,
sensiň!
69. Sag eliňdäkini (hasaňy) okla. Ol
olaryň eden jadylaryny ýuwutsyn.
Olaryň eden zatlary jadygöýleriň hile-
piriminden ybaratdyr. Jadygöý bolsa hiç
ýerde rowaçlyk gazanmaz» diýdik.
Düşündiriş: Musa pygamber özüne Alladan gelen
emre eýerip, elindäki hasasyny ýere oklaýar.
Allatagalanyň gudraty bilen aždarha öwrülen
hasa Fyrgawnyň jadygöýleriniň jadyly ýüplerini
we taýaklaryny ýuwudýar.
70. Jadygöýler seždä gidip: «Harunyň we
Musanyň Perwerdigärine iman getirdik»
diýdiler. 73. Biz Perwerdigärimize hatalarymyzy
we seniň bize zorlap etdiren
71. Fyrgawn: «Meniň size rugsat jadygöýliklerimizi bagyşlamagy üçin
bermegimden öň, siz oňa ynandyňyzmy? iman getirdik. Alla has haýyrly we
Takyk, ol size jadygöýligi öwreden bakydyr» diýdiler.
ussadyňyzdyr. Men ikirjiňlenmän,
siziň elleriňizi we aýaklaryňyzy tersine 74. Kim Perwerdigärine günäkär bolup
(atanaklaýyn) keserin we sizi hurma gelse, takyk, dowzah onuň üçindir. Ol şol
agaçlaryndan asaryn. Şonda kimiň ýerde ne-hä öler, ne-de ýaşar.
azabynyň has ýowuzdygyny we has
dowamlydygyny bilersiňiz» diýdi. 75. Kim Perwerdigäriniň razylygy üçin
ýagşy işleri edip, mömin bolup gelse, iň
72. Jadygöýler: «Biz seni hiç haçan belent derejeler onuň üçindir.
özümize gelen aýdyň gudratlardan we
bizi ýokdan bar edenden ileri tutup 76. Olar şol ýerde, aşagyndan derýalar
bilmeris. Sen näme höküm berýän bolsaň akýan «Adn» jennetlerinde ebedi galarlar.
beriber. Çünki sen diňe bu dünýäde Ine, bu-da (günäden) saplananlaryň
höküm berip bilersiň. sylagydyr.
317

