Page 314 - Kurany Kerim Meali
P. 314

38.  Şonda  seniň  ejeňe  berilmeli  habary
               şeýle ylham edipdik:

               39. «Musany sandygyň içine sal, sandygy
               hem deňze (Nile) taşla, deňiz (derýa) ony
               kenaryna çykarsyn, ony meniň duşmanym
               we  onuň  hem  duşmany  bolan  biri  alsyn.
               (Eý, Musa! Seniň söýülmegiň we) Meniň
               gözegçiligimde  ýetişdirilmegiň  üçin  saňa
               Özümden bir söýgi gatdym».
               Düşündiriş:  Musa  pygamberiň  ejesi,  Fyrgawnyň  her
               doglan erkek çagany öldürýändigi üçin, öz ogluny hem
               öldürmeginden  gorkýardy.  Şol  sebäpli,  hem  ýokardaky
               aýatda aýdylan buýruga boýun bolup, bir sandyga salyp,
               ogluny Nil derýasyna atýar. Aýaly bilen bag-bakjasynyň
               içinde aýlanyp ýören Fyrgawn suwda akyp ýören sandygy
               görýär  we  ony  daşyna  çykardyp,  içindäki  çaga  gözi
               düşende haýran galýar. Aýatda beýan edilişi ýaly, Allanyň
               Musa  bagyş  eden  mähremliginiň  täsiri  bilen  biygtyýar
               bu  çaga  mähri  siňýär.  Fyrgawn  we  aýaly  bu  oglanjygy
               ogullyk  edinmekçi  bolýarlar. Allanyň  Musanyň  ejesine:
               «Ony  saňa  gaýtaryp  bereris»  diýen  sözi  netijesinde
               Musa öz ejesinden başgasyny emmeýär. Musanyň derýa
               atylan wagtyndan bäri ony yzarlaýan gyz dogany bolsa
               Fyrgawnyň Musa üçin eneke we terbiýeçi gözleýändiginiň
               habaryny  alýar  we  ony  Musanyň  ejesine  gelip  aýdýar.
               Şeýdip, Musanyň ejesi eneke hökmünde öz ogly Musany
               idedip başlaýar.

               40.  Gyz  doganyň  gidip:  «Oňa  kepil  boljak
               birini size salgy bereýinmi?» diýeninde, (Biz),
               onuň gözi aýdyň bolsun we gynanmasyn diýip
               ejeňe  seni  gaýtaryp  berdik.  (Belli  bir  ýaşa
               geleniňden  soň)  sen  birini  öldürdiň,  biz  hem
               seni gaýgydan halas etdik we seni (başga-da)  biledirin, eşidýärin we görýärin.
               ençeme synagdan geçirdik. Şeýdip, sen birnäçe
               ýyllap Medýen halkynyň arasynda galdyň. Soň,  47.  Indi  ikiňiz  hem  Fyrgawnyň  ýanyna  gidip,
               eý, Musa! Takdyra görä (bu ýere) geldiň.    oňa: «Biz seniň Perwerdigäriň ilçileridiris. Sen
                                                           ysraýyl  ogullaryny  biziň  bilen  ugrat  we  olara
               41. Seni Özüm üçin (pygamberim) saýladym.   azap  berme.  Biz  saňa  Perwerdigäriňden  bir
                                                           aýat  (gudrat)  getirdik.  Dogry  ýola  eýerenlere
               42.  Sen,  doganyň  bilen  bilelikde,  Meniň  salamatlyk bolsun!
               aýatlarymy alyp git we Meni ýatlamagy ahmal
               etmäň!                                      48.  Bize:  «(Haky)  ýalan  hasaplanlara  we  ýüz
                                                           öwrenlere  azap  bardyr»  diýip  wahyý  edildi»
               43. Ikiňiz hem Fyrgawnyň ýanyna gidiň, çünki  diýiň» diýdi.
               ol örän azdy.
                                                           49. Fyrgawn: «Ikiňiziň Perwerdigäriňiz kimdir,
               44.  Onuň  öwüt  alyp,  heder  etmegi  üçin  oňa  eý, Musa?» diýdi.
               ýumşak sözler aýdyň».
                                                           50.  Musa:  «Biziň  Perwerdigärimiz  ähli  zada
               45.  (Musa  bilen  dogany  Harun:)  «Eý,  isleýşi  ýaly  şekil  berýändir,  soň  hem  dogry
               Perwerdigärimiz!  Takyk,  biz,  (ony  imana   ýoly görkezýändir» diýdi.
               çagyrsak)  onuň  öte  geçmeginden  ýa-da
               azmagynçylyk etmeginden gorkýarys» diýdiler.
                                                           51. Fyrgawn: «Onda öňki nesilleriň ýagdaýy
               46.  Alla:  «Gorkmaň,  çünki  Men  siziň  bilen   nähili bolar?» diýdi.

                                                                                                 315
   309   310   311   312   313   314   315   316   317   318   319