Page 44 - Kurany Kerim Meali
P. 44

260.     Ybraýým        (hem):     «Eý,
                Perwerdigärim!  Maňa  ölüleri  nädip
                direldýändigiňi  görkez»  diýipdi.  (Alla):
                «Sen  näme  ynanmadyňmy?»  diýdi.
                (Ybraýym):  «Ýok  (ynandym),  ýöne
                kalbymyň  ynjalmagy  üçin  (görmek
                isleýärin)» diýdi. (Alla): «Sen dört sany
                guş tut! Olary (gowy tana), soň (öldürip,
                etlerini  bölekläp)  ýanyňa  al!  Soň  her
                dagyň başyna olardan bir bölek et goý!
                Soň  olary  çagyr,  derrew  seniň  ýanyňa
                gelerler» diýdi. Takyk, Allanyň Gudraty
                güýçlüdigini‚  hikmet  eýesidigini  bilip    263.  Ýakymly  söz  we  geçirimlilik
                goý!                                         yzyndan (ony beriji tarapyndan) ynjydyjy

                                                             (söz  gelýän)  sadakadan  haýyrlydyr.
                261.  Alla  ýolunda  emläklerini  sarp       Alla  Baýdyr  (hiç  zada  mätäç  däldir),
                edýänleriň mysaly, göýä, her sümmülinde      Halymdyr (howlugýan däldir).
                ýüz däne bolan ýedi baş sümmül getiren
                bir  däne  (tohum)  ýalydyr. Alla  islänine   264. Eý, iman getirenler! Alla we ahyret
                (artykmajy  bilen)  köpeldip  berýändir.     gününe  ynanmaýan  we  öz  emlägini
                Allanyň pazly-keremi giňdir, (ähli zady)     ynsanlaryň  görmegi  üçin  sarp  edýänler
                bilýändir.                                   ýaly  minnet  we  ynjytmak  bilen  eden
                                                             haýyr-sahawatlaryňyzy  puja  çykarmaň!
                262.  Emläklerini  Alla  ýolunda  sarp       Onuň  mysaly  üstünde  sähelçe  toprak
                edip,  soň  minnet  edip,  (mätäçleri)       bolan  ýylçyr  daşyň  mysaly  ýalydyr.
                ynjytmaýanlara özleriniň Perwerdigäriniň     Onuň üstüne çabga ýagyp, ony ýylmanak
                ýanynda sylaglary bardyr. Olara hiç hili     daşa  öwrer.  Olar  gazanan  hiç  zatlaryna
                gorky-howp  ýokdur  we  olar  gamgyn         eýe bolmazlar. Alla kapyrlary dogry ýola
                hem bolmazlar.                               salmaz.



                                                                                                   45
   39   40   41   42   43   44   45   46   47   48   49