Atyň etini iýmek halalmy?

Makalalar>>Atyň etini iýmek halalmy?

Sorag: Gazagystanda at eti iýilýär. Hatda bir gezeginde bir Gazak dostumyň öýüne gidemde at eti bilen bişirilen başbarmak hödür etdiler. Menem iýdim. At etini iýmek halalmy?

Ymamy Agzam Ebu Hanife bilen Ymamy Mälik atyň etine haram diýýäler. Delilleräm şul aýat: “(Alla) atlary, gatyrlary we eşekleri münmegiňiz hem-de olaryň zynat-bezeg bolmagy üçin ýaratdy. (Alla) entek siziň bilmeýän zatlaryňyzy hem ýaradar” (Nahl süresi, 16/8). Ebu Hanife we Ymamy Mälik atyň ýaradylyş maksadynyň diňe “münmek” we “bezeg”-digi barada höküm berdiler, şonuň üçinem onuň etine haram diýdiler. Ymamy Agzamyň başga delili hem atyň söweş meýdanlarynda ulanylmagy we örän zerur haýwan bolmagydyr. Halid ibni Welid tarapyndan rowaýat edilen bir maglumatda şeýle diýilýär: “Nebi (sallallahu aleýhi we sellem) at, gatyr we öýdeçil eşegiň etini gadagan etdi.” Emma Ymamy Agzam Ebu Hanifeniň ölüminden üç gün öň “at etiniň haramlygy” barada hökümi barada pikirini üýtgedendigi rowaýatlar edilýär (Mejmeul-Enhur, 4/133).

Ymamy Şafy, Ymam Ahmet ibni Hanbel, Yshak ibni Rahuýe bolsa at etine “halal” diýipdirler. Bu maglumaty Hasan Basri, Kady Şureýh, Ata ibni Ebi Rabah, Said ibni Jübeýr dagylar rowaýat etdiler. Ebu Agzamyň iň möhüm iki şägirdi, we müçtehid derejesinde bolan Ymam Ebu Yusup we Ymama Muhammediň hökümlerine görädem atyň eti halaldyr. Şunam aýdyp geçmeli: Hanefi alymlaryň köpüsi eger-de Ebu Hanife bir pikirde, Ebu Yusup bilen Ymam Muhammedem başga pikirde birleşen bolsalar, soňky iki ymamyň pikirlerine uýmalydygyny aýtýalar. Islän Ymamy Agzamyň pikirinedem uýup biler. Ýokardaky ymamlaryň at etiniň halallaygy barada delilleri bolsa Hezreti Enesiň şu rowaýatydyr: “Biz Allanyň Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) döwründe atyň etini iýerdik”. Başga bir rowaýatam şeýledir: “Nebi (sallallahu aleýhi we sellem) Haýbar gününde öýdeçil eşegiň etini gadagan etdi, atyň etine bolsa rugsat berdi” (Ihtiyar, 2/462).

Ymamy Sarahsy hem at etine “haram” diýipdir, emma beýleki ymamlaryň çykaran netijesi şudyr: Hanefi mezhebinde aýdylan iň soňky söz (fetwa asyl boljak höküm) at etiniň halallygydyr. (Mejmeul-Enhur, 4/133)

Ýokardaky maglumatlardan çykýan netije şudyr: Hanefi mezhebinde atyň etiniň halallygy barada pikirlerem bar, haramlygy barada pikirlerem bar. Emma aglabasy halallygyna höküm berdiler. Şafy we Hanbeli mezhebinde onsuzam halal. Onda, atyň etini iýýän birine “haram iýýär” diýip bolmaz. Diýsek uly töhmet attygymyz bolar. Onça musulman gazak doganlarymyz haram işleýär diýmäge hakymyz ýok. Şonuň üçinem indiki gezek myhmançylyga gideňizde ýene iýip bilersiňiz.