KURANY KERIMIŇ MEALI

SÖZBAŞY

Gudraty güýçli Allatagalanyň iň soňky pygamberi Muhammet aleýhissalama iberen kitaby bolan Kurany Kerim bütin adamzada ýol görkeziji keramatly kitapdyr. «Kuran» sözüniň düýp manysy «okamak» diýmegi aňladýar. Adamzadyň hemme zada okap, öwrenip göz ýetirýändigi we ylym, bilim gazanýandygy sebäpli, Kurany Kerimiň ilkinji inen aýaty «Oka!» diýen buýruk bilen başlanýar. Kurany Kerimiň başgaça atlary hem bardyr. Olar şulardyr: «Kitap», «Furkan» («Hak bilen batyly tapawutlandyryjy»), «Zikir» («Ýatlama»), «Tenzil» («Inderilen»). Bu mukaddes kitabyň käbir meşhur sypatlary bolsa şulardyr: «Mubin» («Beýan ediji»), «Kerim» («Keramatly»), «Nur», «Hudä» («Dogry ýoly görkeziji»), «Rahmet», «Şifä» («Şypa beriji»), «Mewgyza» («Öwüt-nesihat beriji»), «Buşra» («Hoş habar beriji»), «Nezir» («Duýduryjy»), «Eziz» («Hormatlanýan»).

Kurany Kerimiň 23 ýylyň dowamynda dürli sebäplere we şertlere görä inderilmegi, onuň dogry ýoly görkezmek we ters zatlardan goramak isleýän adamzat psihologiýasyna laýyklykda ruhy bejergi we ahlak-terbiýe bermek usulyndan ugur almagy bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi akylhuşa eýe bolan ynsan öwrenme, pikirlenme we bilýän zatlaryny iş ýüzüne geçirme ukyplaryna eýedir. Adamzadyň bir zada öwrenişmegi, öňki öwrenişen zatlaryndan doly saplanmagy üçin wagt we gaýrat-tagalla gerek. Hut şonuň üçin hem Kuran uzak wagtyň dowamynda az-azdan inderilýär. Kurany Kerim 30 jüzden, 114 süreden, 6666 aýatdan ybaratdyr. Kurany Kerim «Fatyha» süresi bilen başlanýar we «Näs» süresi bilen hem gutarýar. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam Kurany Kerimi wahyý ýoly bilen alyp, onuň üstüne özi hiç zat goýmazdan we hiç zadyny hem ýoýmazdan, Allatagaladan gelen görnüşinde ymmatyna ýetirendir.

Kurany Kerim inen wagty häzirki görnüşinde däldi. Pygamberimiziň birnäçe kätipleri bolupdyr. Olar inen aýatlary daşlara, derilere we hurma agajynyň gabyklaryna ýazypdyrlar. Olardan daşary Muhammet aleýhissalamyň sahabalary (egindeşleri), özleri üçin nusgalyk hökmünde, Kurany Kerimden aýatlary ýazyp alypdyrlar. Şeýle hem Kurany Kerimi ýatdan bilýän üç müňden gowrak kary sahabalar bolupdyr. Ýöne Kurany Kerim heniz bir kitap görnüşinde jemlenmändi. Muhammet aleýhissalam dünýäden gaýdandan soň, birinji halyf hezreti Ebu Bekr, hezreti Omaryň nesihat bermegi bilen, Kuranyň derileriň, agaç gabyklarynyň ýüzüne ýazylan nusgalaryny pygamberimiziň hut özüniň tabşyran tertibinde kada salyp, şol tertipde-de jemledýär. Ýazdyran wagty kary sahabalary jemläp, ýazylan nusgany yzarlap, okamagy tabşyrypdyr. Bu Kuranyň birinji jemlenilişi diýlip atlandyrylýar. Kuranyň ikinji jemlenişi hezreti Osmanyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýar. Ol Kurany Kerimi 6 sany nusgada ýazdyrýar we olary musulmaçylygyň merkezi bolan şäherlere paýlaýar.

Bu Kurany Kerimde harplaryň nokatlary we üstün-astyn hereketleri goýulmandyr. Sebäbi araplaryň özi nokatsyz we astyn-üstünsiz okamagy başarypdyrlar. Musulmançylygyň beýleki ýurtlara ýaýramagy bilen, arap däl milletleriň wekilleri Kuranyň nokatlary we astyn-üstünleri bolmanlygy sebäpli, ýalňyş okamaga başlaýarlar. Munuň netijesinde hem ilki bilen dilçi alym Ebu Eswed Duweli tarapyndan Kurana nokatlar goýulýar. Başga bir dilçi alym Halyl ibn Ahmet hem üstün, astyn otur, teşdit, hemze we ş. m. alamatlary goýýar. Şeýdip, Kuran häzirki görnüşine gelýär. Dürli görnüş aýratynlyklaryna we mazmunyna laýyklykda Kurany Kerimi gysgaça şeýleräk kesgitlemek mümkin: «Kurany Kerim pygamberimiz Hezreti Muhammet aleýhissalama ýigrimi üç ýyllap süren pygamberliginiň dowamynda arap dilinde we wahyý ýoly arkaly Allatagala tarapyndan inderilen, «Fatyha» («Açylyş») süresi bilen başlanylyp, «Näs» («Ynsan») süresi bilen hem gutarýan, pygamberimiziň döwründen bäri asyl nusgasy üýtgedilmän gelýän hem-de okalmagy ybadat hasaplanylýan keramatly we mukaddes kitapdyr».

Kuranyň sözlerini aýtmagyň, gaýtalamagyň özi hem sogap bolup durýar. Kurany Kerim diňe bir namazda peýdalanylman, eýsem ony okamak, diňlemek, öwrenmek we öwretmek hem sogap hasaplanylýar. Kurandan namazda okar ýaly, özüňe zerur möçberini ýat tutmak hem her bir musulman üçin parz hasaplanylýar. Kurany Kerim durky bilen mugjyza-keramatdyr, ýagny oňa meňzeş haýsydyr bir kitaby ynsanlar ýazyp hem-de döredip bilmezler. Kurany Kerim inende, Muhammet aleýhissalamyň ene dili bolan arap dilinde inderilipdir. Kurany Kerimi ynsanlara öwretmegiň ýoly ony başga dillere terjime etmekdir. Her bir halk üçin Kuranyň şol halkyň öz diline edilen terjimesi peýdaly bolar.

Bu terjimäniň taýýarlanmagynyň esasy maksady musulmançylygyň mukaddes kitaby bolan Kurany Kerimiň halkymyz üçin düşnükli bolmagyny üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr. Şeýlede, bu terjime ýurdumyzyň metjitleriniň ymamlaryna edýän wagyz-nesihat işlerinde uly hyzmaty ýerine ýetirer. Kurany Kerimiň türkmen diline terjimesi bolan bu kitap Hormatly Prezidentimiziň umumadamzat medeni, ruhy we ahlaky ýörelgelerini rowaçlandyrmak başlangyçlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti tarapyndan taýýarlanyldy.

Kurany Kerimi aç   Süre saýla