Bakara süresi, 222-nji aýat

«Senden haýz haly barada sorarlar. Olara aýt, ol bir yzadyr. Haýzy bolan wagty aýallaryňyzdan daş duruň...»

Ylmyhal>>Haýz, nifas bilen baglanyşykly hökümler

Haýz, nifas bilen baglanyşykly hökümler

1. Aýallar haýz we nifas ganlary kesilenden soň, gusul etmelidir. Bu barada Kurany Kerimde şeýle aýdylýar:
«Senden haýz haly barada sorarlar. Olara aýt, ol bir yzadyr. Haýzy bolan wagty aýallaryňyzdan daş duruň...», (Bakara, 222).

2. Haýz we nifas halyndaky aýala namaz-orazasyny berjaý etmäge rugsat edilmeýär. Arassalanandan soň, şol günler aralygynda geçiren namazyny kaza etmeýär, ýöne oraza aýynda tutmadyk günleriniň kazasyny tutmalydyr.

Haýz we nifas halyndaky aýal tesbih, zikr we doga edip biler. Nahar bişirip biler. Gonamçylyga zyýarata gidip biler.

3. Bu hallardaky aýal Kurana el degirmeli däldir, ýüzünden hem okamaly däldir. Ýöne Kurany ýatdan okamaga, Pygamberimize salawat aýtmaga, Kurany diňlemäge rugsat edilýär. Ylym bilen meşgul bolýan ýa-da Kuran boýunça mugallymlyk edýän aýal sapak beren ýagdaýynda zerurlyk sebäpli, eşiginiň ýeňi ýa-da başga bir zat bilen elini örtüp, Kuran sahypalaryny açyp biler.

4. Haýz we nifas halyndaky aýalyň, zerurlyk bolmasa, mesjide girmegi haramdyr.

5. Olara haj wagtynda Käbäni togap etmäge rugsat edilmeýär.

6. Olara jynsy gatnaşyk etmek haramdyr, äriniň islegine boýun bolmaly däldir. Bu medisina nukdaýnazaryndan hem zyýanlydyr.

10 günden öň haýz we 40 günden öň nifas haly gutaran aýal bilen jynsy gatnaşygyň halal bolmagy üçin, aýalyň gusul almagy, ýa-da bir namaz wagtyny geçirmegi gerekdir.

Haýz halyndaka aýalyň dyz bilen göbek arasyna şehwetsiz hem bolsa el degirmek haramdyr. Aýalyň şol günleri ärine aýtmazlygy halal däldir.

7. Haýz gören aýaly talak etmek jaýyz däldir. Talak edilen aýalyň üç haýz möhleti garaşmagy gerekdir. Muňa «iddet möhleti» diýilýär. Bu aýalyň göwrelidigini ýa-da däldigini anyklamak üçindir.