Çaga doglan gününden soň, belli günler aralygynda gelen gana nifas gany diýilýär.

Ylmyhal>>Nifas we istihaze haly

Nifas haly

Çaga doglan gününden soň, belli günler aralygynda gelen gana nifas gany diýilýär. Halk arasynda muňa «çile» diýilýär. Çile döwrüniň iň az gününiň näçedigi belli däl. Iň köpi – 40 gündür. 40 günden soň gelen gan istihaze ganydyr.

Käbir aýal çaga doglandan soň, 15 – 20 – 25 gün töweregi nifas ganyny görýär. Gan kesilenden, nifas möhleti gutarýar. Mundan soň olar ýuwnup, namaz okap oraza tutup başlaýarlar.

Çile möhletiniň dowamynda gan kesilip, ýene birnäçe günden soň gan gelse, şol aralyk hem nifas möhleti saýylýar. Mysal üçin, 10 gün gan gelip, bäş gün kesilse, soň ýene-de 10 gün gan gelse, nifas möhleti 25 gün saýylýar.

Çagalary operasiýa arkaly kesilip alnanlar gan görmeseler, nifas haly bolmaz. Kesilen ýerinden gelen gan ýaradan akan hökmündedir.

Düşen ýa-da abort etdirilen çaganyň saçy, el-aýagy we barmaklary belli bolsa, nifas haly bolar. Eger-de belli bolmasa, nifas haly bolmaz. Beýle aýal taharet kylyp, namaz-orazasyny dowam edibermelidir.

Istihaze haly

Haýz we nifas möhletinden başga günlerde gelen gana istihaze, ýagny, hassalyk gany diýilýär. Şeýle ýagdaýdaky aýal uzurly saýylýar. Ol uzurly haldaky adama degişli hökümlere görä amal edýär. Haýz we nifas günleri gutarandan soň, namaz-orazasyny we beýleki ybadatlary berjaý edip biler.