(Buhari, Muslim, Tirmizi)

«Eger adamlar azan aýtmagyň we iň öňdäki sapda namaz okamagyň fazyletini bilsediler, özara bije atyşardy»

Azan we kamat

«Azan» sözüniň sözlükdäki manysy «yglan etmek, bildirmek» diýmekdir. Dini manyda azan – musulmanlara namaz wagtlaryny bildirmek üçin okalýan birnäçe mübärek sözlerdir. Azan okaýan kişä – müezzin (azançy) diýilýär.

Azanyň hökümi
Bäş wagt farz namazlary üçin azan okamak Kitap (Maide 58, Juma 9) we Sünnet bilen anyk kesgitlenendir. Azanyň hökümi bolsa, Sünneti muýekkedäniň kifaýe kysymyndandyr. Ýagny, mähelleden bir kişiniň bu işi ýerine ýetirmegi bilen beýlekilerden munuň jogapkärçiligi aýrylýar. Emma azan asla okalmasa, şol mähelläniň ählisi jogapkär bolar.
Azan şol bir wagtda yslamyň şygarlarynyň beýiklerinden biri bolany üçin, wajyp derejesindäki bir sünnetdir.
Azan hijretiň birinji ýylynda Medinede meşrug edilipdir.

Azanyň ähmiýeti we fazyleti
Azanda musulmanlara namaz wagtlaryny bildirmek bilen birlikde, namazyň gutulyşa we felaha sebäpdigi hem ýatladylýar. Şeýlelik bilen, mü’minler namaz okamaga höweslendirilýär. Bulardan has möhümi yslam dininiň towhyd we nübüwwet ýaly iň mukaddes esaslary azan arkaly älem-jahana jar edilýär. Bu nukdaýnazardan azan okamagyň sogaby we fazyleti has uludyr. Bu mesele bilen baglanyşykly Pygamberimiziň käbir hadyslarynda şeýle buýrulýar:
«Eger adamlar azan aýtmagyň we iň öňdäki sapda namaz okamagyň fazyletini bilsediler, özara bije atyşardy», (Buhary, Müslim, Tirmizi).

«Müezzinler kyýamat güni iň uzyn boýly, hemmeden saýlanyp duran bolar», (Müslim, Ibni Maje, Ibni Hanbel).

«Goýun sürüsiniň başynda ýa-da çölde bolan wagtyň azany güýçli ses bilen aýt. Çünki, müezziniň sesiniň ýetýän ýerine çenli aralykda ony eşiden yns-jyns, janly-jandar hemmesi kyýamat gününde oňa şaýatlyk eder», (Buhary, Nesaýy, Mälik «Muwatta»).


Hezreti Omar (r.a.):
«Eger-de boýnumda halyflyk wezipesi bolmadyk bolsa, müezzinlik ederdim» diýip, azan okamagyň nähili uly fazyletiniň bardygyny nygtaýar. Hezreti Omaryň bu sözi müezzinlik ymamlykdan ýokary diýen manyny bermeýär. Ymamet müezzinlikden, kamat bolsa azandan has fazyletlidir. Hezreti Omar: «Eger halyflyk wezipesi bolmadyk bolsa, ymamlyk bilen birlikde azany hem aýdardym» diýmek isläpdir. Bu bolsa ymamyň müezzinligem etmeginiň has fazyletlidigini görkezýär. Şol sebäpden, hezreti Pygamberimiz we dört çaryýarlar hem ymamlyk hem-de müezzinlik edipdirler. Ebu Hanife hezretleri-de hem azan okap, hem-de ymamlyk eder eken.
Şafygylara we hanbelilere görä, azan we kamat aýtmak ymamlyk etmekden has fazyletlidir. Çünki, Allah Tagala Kurany Kerimde: «Allahy çagyryp, ýagşy amal edenlerden has ajaýyp sözli kim bar?» (Fussylet, 33) diýipdir. Hezreti Aişe bu aýatda göz öňünde tutulýan çagyryjylaryň müezzinlerdigini aýdýar. Pygamberimiz (s.a.w.) hem «Ymam jemagata kepildir, müezzin ynamdar kişidir. Allahym, ymamlara dogry ýoly görkez, müezzinleri magfiret et», (Ebu Dawud, Tirmizi) diýipdir.

Azanyň sözleri:

Allahu Ekber, Allahu Ekber,
Allahu Ekber, Allahu Ekber!
Eşhedu en lä ilähe illallah,
Eşhedu en lä ilähe illallah!
Eşhedu enne Muhammeder-Resulullah,
Eşhedu enne Muhammeder-Resulullah!
Haýýe ales-Salah,
Haýýe ales-Salah!
Haýýe alel-felah,
Haýýe alel-felah!
Allahu Ekber, Allahu Ekber!
Lä ilähe illallah!

Manysy:
Allah iň beýikdir.
Allahdan başga hiç bir ilah (taňry) ýokdugyna şaýatlyk edýärin!
Muhammediň (s.a.w.) Onuň resulydygyna hem şaýatlyk edýärin!
Geliň, namaza!
Geliň felaha (halas bolmaga)!
Allah iň beýikdir!
Allahdan başga hiç bir ilah ýokdur.

Öýle, ikindi, agşam, ýassy namazlarynda azan şu görnüşde aýdylýar. Diňe ertir namazynda «Haýýe alel-felah» diýeniňden soň iki gezek «Es-Salatu haýrun minen newm» (Namaz ukudan haýyrlydyr) aýdylýar.
Bu goşmaçany Pygamberimiz hezreti Bilala emr edipdir. Munda ukynyň dünýä rahatyny, namazyň bolsa ukba (ahyret) sagadatyny üpjün edýändigine yşarat bardyr.
Azany Muhammedi on bäş asyrdan bäri şu görnüşde okalyp gelýär. Dünýä hiç haçan, sähel wagtlyk hem azan sesinden mahrum galmaýar. Çünki, Gün bir ülkede batýarka, başga bir ýurtda dogýandyr. Şeýlelikde, bütin Ýer ýüzi Allahyň bir mesjidine öwrülýär. Älemiň ýaradylyşynyň asyl maksadyny yglan edýär. Ençeme kişi bu sesi eşidip, hidaýete ýetýär, batyl ynançlaryny terk edip, hak dine dönýär.
Hawa «Allahyň hidaýet nesip etdirenini ýoldan çykaryp biljek ýokdur», (Zümer, 37). Allah nesibeli kişä azan sesini diňe Ýerde däl, Ýerden ýüz müňlerçe kilometr uzaklykda Aýyň ses-sedasyz topragynda hem eşitdirýär. Bir azan bilen oňa ebedi sagadatyň ýoluny açýar. Emma «Allahyň azaşdyranyny-da dogry ýola salyp biljek ýokdur», (Ra’d, 33). Olar her gün bäş gezek gulaklarynyň alkymynda azan sesini eşitseler-de, nesibesiz bolandyklary üçin azaşmaklaryny dowam etdirýärler. Çünki, «Hassalyk olaryň ýüregindedir. Allah olaryň hassalygyny artdyrdygyça artdyrýar», (Bakara, 10). Şeýlelikde, ýakymly azan sesleri olara lezzet däl-de azap berýär. Olar bu sesden halas bolmagyň çärelerini gözleýärler. Asry sagadat döwründe hem azan sesinden birahat bolanlar bolupdyr. Medinede käbir münafyklar azan sesini eşidende, Pygamberimiziň ýanyna gelip:
«Eý, Muhammet! Şu wagta çenli görülmedik işi başymyza atdyň. Hem pygamberdigiňi aýdýarsyň, hem-de öňki pygamberleriň garşysyna gidýärsiň. Bu geň gygyrmagy nireden tapdyň?» diýýärdiler. Olaryň bu akmaklyklaryna şu aýat jogap hökmünde indi: «Siz namaza çagyranyňyzda, olar azany oýun we degişmä öwürjek bolarlar. Bu olaryň akylsyz, nadanlyklaryndandyr», (Maide, 58).
Şol sebäpli, yslam alymlary azany bilip äsgermezçilik etmegiň iň ýönekeýiniň hem ynsany imandan çykarjakdygyny aýdypdyr. Azan sesinden diňe şeýtan we onuň yzyny eýerýänler birahat bolýandyr. Emma bir mü’min azanyň, çagyryşyna ylgasyn ýa-da ylgamasyn, o sesden diňe lezzet alýar, göwni joşýar.

Kamat

Kamat – namazlaryň farzlaryny okamaga başlamazdan öň aýdylýan azan sözleridir. Azan wagtyň başlangyjynda okalýar. Kamat bolsa farza duruljak wagty getirilýär. Kamatyň sözleri hem azanyňky bilen meňzeşdir.
Diňe «Haýýe alel-felah» diýeniňden soň, iki gezek «Kad kamatis-Salah» jümlesi aýdylýar. Munuň manysy «Namaza başlandy» diýmekdir.Kamat diňe erkek kişiler tarapyndan getirilýär. Aýallar kamat getirmeýärler.

Müezzinde bolmagy zerur sypatlar
1. Müezzin erkek kişi bolmalydyr. Onuň sesi batly we ýakymly bolmalydyr. «Pygamberimiz 20 adama azan aýtmagy buýurýar, içlerinden Ebu Mahzuräniň sesi göwnünden turýar we oňa azan aýtmagy öwredýär», (Darimi). Aýalyň azan aýtmagy mekruhdyr.
2. Müezzin akyly ýerindäki, ylymly we takwa kişi bolmalydyr. Fasyk we jahyllaryň (nadanlaryň) azan aýtmagy mekruhdyr. Dälileriň okan azanyny täzeden aýtmak gerekdir. Kämillik ýaşyna ýetmedik akyly ýerindäki mümeýýiz (agy-garany saýgarýan) oglanyň azan aýtmagy jaýyzdyr.
3. Müezzin azan aýdanda taharetli bolup, dik duran ýerinden aýtmalydyr. Emma taharetsiz aýdylsa-da, zeleli ýokdur. Taharetsiz kamat getirmek mekruhdyr. Eger getirilse, täzeden gaýtalanmaýar.
Jünübiň azan aýtmagy hem-de kamat getirmegi mekruhdyr. Şeýle ýagdaýda azan täzeden gaýtalanmalydyr, kamat bolsa gaýtalanmaz.
4. Müezzin azany belent ýerden kybla bakyp aýtmalydyr. «Haýýe ales-Salah» diýeninde saga, «Haýýe alel-felah» diýeninde sola öwrülmelidir. Azanda sesiň batly çykmagy üçin müezzin barmaklaryndan (süýem) biriniň ujuny gulagynyň deşigine goýmalydyr. Ebu Juhaýfe bu barada şeýle gürrüň berýär:
«Bilalyň azan aýdanyny gördüm. Ol ýüzüni saga we sola öwürýärdi. «Haýýe ales-Salah, Haýýe alel-felah» diýýärdi. Iki barmagynyň hem hersi bir gulagyndady», (San’ani, Şewkani).
Eger-de azan minaradan aýdylýan bolsa, ilki kybla bakyp, azana başlamaly, soň sagdan başlap şerefesine aýlanyp aýdylmaly.
5. Müezzin azan aýdanda we kamat getirende gürlemeli däl. Hatda şol wagt özüne salam berilse-de, ol salama jogap bermeli däl.

Azan we kamatda bolmaly şertler
1. Azan aýdylmagy üçin wagtyň girmegi şertdir. Azan we kamat farz namazlary üçin (kaza bolsun, eda bolsun) sünnetdir.
2. Azan diňe arapça we gaty ses bilen okalmalydyr. Çünki, azanyň maksady namaz wagtyny bildirmekdir. Ýöne sesiňi has beýgeltjek bolup, özüňe agram salmak dogry däldir.
3. Azanda sözleriň arasyna dyngy berilmelidir. Muňa teressül diýilýär. «Allahu Ekber, Allahu Ekber» diýlenden soň, sähel salym garaşylmalydyr. Kamatda teressül edilmeýär. Sözler yzly-yzyna, aram ses bilen aýdylýar.
4. Azanda we kamatda sözleri tertip boýunça okamalydyr, ýerlerini çalyşmaly däldir.
5. Azan we kamat okaýarkaň, başga zat bilen meşgullanmak bolmaýar.
6. Azanyň yz ýany bilen kamat getirmeli däldir. Doga etmek, Kuran okamak ýa-da namazyň sünnetini berjaý etmek arkaly azan bilen kamatyň arasy açylýar. Azan bilen kamatyň arasynda azyndan üç aýat okar ýaly maý bolmalydyr.

Azanyň edepleri
Azanyň esasy edepleri şulardyr:
1. Azana tagzym etmeli, ýagny, aýdylyp gutarýança ony diňlemeli, başga bir iş bilen meşgul bolmaly däl, edip duran işiňi goýmaly. Hatda Kuran okaýan hem bolsaň, okamagyňy goýup, azany diňlemek mendupdyr. Ýöne mesjitde jemagata Kuran okalýan bolsa, okamagy dowam etmek bolýar.
2. Azan we kamaty eşiden kişiniň ony içinden müezziniň yzy bilen gaýtalamagy mustahapdyr. Birden köp azan okalýan ýerlerde birinjisi yzarlanmalydyr.
Jünüp hem müezziniň aýdanlaryny gaýtalap biler, emma haýzly we nifasly aýal gaýtalamaly däldir.
Ebu Saidiň gürrüň beren bir hadysynda Resuly Ekrem şeýle buýrupdyr: «Azany eşiden wagtyňyz müezziniň aýdýanlaryny siz hem gaýtalaň», (Buhary, Müslim, Tirmizi, Nesaýy).
Müezzin: «Eşhedu en lä ilähe illallah» diýende:
«We ene eşhedu en lä ilähe illallahu wahdehu lä şerike leh we enne Muhammeden abduhu we resuluh. Razyýtu billähi Rabben we bi Muhammedin resulä we bil islami dinä» diýmelidir.
(Men hem Allahdan başga ilahyň ýokdugyna, Onuň ýeke-täkdigine we şäriginiň hem ýokdugyna şaýatdyryn we Muhammediň Allahyň guly we Resulydygyna-da şaýatdyryn. Rab hökmünde Allahdan, resul hökmünde Muhammetden, din hökmünde-de yslamdan razydyryn.)
Müezzin birinji gezek: «Eşhedu enne Muhammeder-Resulullah» diýende:
«Sallallahu aleýke ýa Resulallah» diýmeli. Ikinjisinde bolsa,
«Karret bike aýni ýa Resulallah» diýmeli. (Gözlerim Seniň bilen nurlansyn, eý, Resulallah). Şeýle hem baş barmaklaryň dyrnaklaryny ýa-da süýem barmaklaryň içini öpüp gabaklara sürtülýär. Diňe azanda şeýle etmek mustahapdyr. Kamat getirilende beýle edilmeýär.
Müezzin: «Haýýe ales-Salah» we «Haýýe alel-felah» diýende:
«Lä hawle welä kuwwete illä billahil aliýýil azim» (Güýç-kuwwat diňe azym we beýik bolan Allahdandyr) diýilýär.
Ertir namazynda: «Es-Salatu haýrun minen newm» diýlende:
«Sadakte we berirte we bil hakky natakte» (dogry aýdýarsyň, uly haýyr gazandyň, hakykaty aýdýarsyň) diýip, jogap bermek mustahapdyr.
Azan gutarandan soň, şu doga okalmalydyr:



Allahümme Rabbe häzihid-dagwetit-tämmeh, wessalatil-kaimeh. Äti Muhammedenil-wesiýlete wel fazylete wed-derajeter-rafi’ah. Web-ashu makamen mahmudenillezi wea’d-teh. Inneke lä tuhliful miýad.
Manysy: «Allahym! Eý, bu dagwetiň (mübärek azanyň) kylynjak bolunýan namazyň mukaddes Rabbi! Pygamberimiz hezreti Muhammede «wesiläni» we «fazyläni» yhsan et we Ony hut özüne wada beren makamy mahmuda ýetir. Şübhesiz, sen wadaňdan dänmersiň».
Bu dogany okaýanlara Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle buşluk berýär:
«Kim azandan soň bu dogany okasa, kyýamat güni oňa şefagat ederin» (Buhary, Ebu Dawud, Tirmizi).
Bellik: «Wesiläniň» we «fazyläniň» jennetde belent mertebedigi, makamy mahmudyň bolsa, Şefagaty-Kubra, ýagny, Pygamberimiziň beýik şefagatyna degişli mertebedigi beýan edilipdir.
3. Azan bilen kamatyň arasynda doga istigfar etmeli. Hadysy şerifde: «Azan bilen kamatyň arasynda edilen dogalar yzyna gaýtarylmaz» diýilýär.