Köwser süresi, 2-nji aýatdan:

«Rabbiň üçin namaz oka we gurban kes»

Baýram namazlary

Baýram – şatlyk diýmekdir. Arapçasy «yýd» bolýar. Baýramçylyklaryň jemgyýeti biri-birine jebisleşdirmek taýyndan ähmiýeti örän uludyr. Gadymdan häzirki günümize çenli her bir halkyň özüne mahsus baýramçylygy bolupdyr.
Resuly Ekrem Serwerimiz Medineýi Münewwerä gelende, ýerli ilatyň ýylda iki gezek baýramçylyk geçirýändigini görende: «Allah Tagala size şol iki baýramçylygyňyza derek, has haýyrly iki sany baýram gününi yhsan edendir» diýip, Remezan we Gurban baýramlary hakynda habar berýär.
Remezan aýy gutarandan soň bir gün, Gurban aýynda Arafa gününden soň bolsa dört gün agyz beklemek haram bolandygy üçin Remezan baýramy (yýdül-fytyr) bir gün, Gurban baýramy – (yýdul-azha) bolsa dört gündür.

Baýram namazlarynyň hökümi
Baýram namazlaryny okamak wajypdyr. Kurany Kerimde: «Rabbiň üçin namaz oka we gurban kes» (Kewser 2) buýrulýar. Bu aýatdaky namaz Gurban baýramy namazydyr. Pygamberimiziň iki baýram namazyny okadandygy tewatür ýoly bilen anykdyr. Pygamberimiziň ilki okadan baýram namazy hijretiň ikinji ýylyndaky remezan baýram namazydyr. Juma namazy farz bolan kişilere remezan we gurban baýram namazyny okamak wajypdyr. Ýöne baýram namazynda hutbeler namazdan soň okalýar. Bu sünnetdir. Baýram namazynda hutbe okalmasa-da namaz dürsdür.

Baýram namazynyň okalyş düzgüni
Gün doganyndan 45-50 minut soň, baýram namazynyň wagty girýär. Öýle namazyndan öň, istiwa wagtyna çenli dowam edýär.
Baýram namazy iki rekagat okalýar. Azan we kamaty ýokdur. Okalyş düzgüni şeýledir. Ymam: «Iki rekagat Remezan ýa-da Gurban baýram namazyny okamaga we maňa uýanlara ymam bolmaga» diýip niýet edýär. Jemagat hem: «Iki rekagat Remezan ýa-da Gurban baýram namazyny okamaga, uýdum şu ymama» diýip niýet edýär. Ymam niýetden soň: «Allahu Ekber» diýip, iftitah tekbirini getirip namaza durýar. Jemagat hem tekbir getirip namaza durýar. Her kim içinden «Subhanekäni» okaýar. Soňra ymam yzyly-yzyna her gezeginde ellerini gulaklaryna ýetirip, üç gezek tekbir getirýär. Jemagat hem ony gaýtalýar. Birinji we ikinji tekbirlerden soň, eller aşak goýberilýär. Üçünji tekbirden soň, täzeden gol gowşurylýar.
Bu tekbirlere zewaid tekbirler diýilýär. Zewaid tekbirleri wajypdyr.
Mundan soň ymam içinden e’uzü-besmeläni aýdyp, Fatihany we zammy suräni jehri okaýar. Soňra ruku’ we sejdeler berjaý edilýär we ikinji rekagata turulýar. Ikinji rekagatda ymam ýene içinden besmele aýdyp, Fatihany we zammy suräni jehri okaýar. Kyraet gutarandan soň, birinji rekagatda bolşy ýaly, zewaid tekbirleri getirilýär. Üçünji tekbirden soň, gol gowşurman ýene «Allahu Ekber» diýlip ruku’ we sejdeler edilip oturylýar. Soňra tahyýýat we salawat hem-de dogalar okalyp salam berilýär.
Şeýlelikde, baýram namazlary tamam bolýar.
Namazdan soň ymam münbere çykyp hutbe okaýar. Juma hutbesindäki ýaly, baýramlarda hem iki hutbe okalýar. Ýöne baýram hutbesine tekbir bilen başlanýar. Jemagat bolsa bu tekbirlere goşulýar. Gurban baýram namazyny wagty giren badyna okamak, Remazan baýram namazyny bolsa, wagtyndan biraz gijikdirip okamak mustahapdyr.
Hutbede baýramyň ähmiýetinden, many-mazmunyndan gürrüň berilýär. Gurban baýramynda bolsa, Gurban bilen baglanyşykly hökümleri, we teşrik tekbirlerini jemagata ýatlatmak peýdalydyr. Hutbeden soň, jemagat bilen birlikde doga edilýär. Şunuň bilen baýram namazy doly tamamlanýar.

Baýram gününiň adaby
Baýram günlerinde ir turup ýuwunmak, dişleriňi miswak bilen arassalamak, ýakymly ysly atyrlar sepinmek, arassa we täze eşikleriňi geýmek, Allah Tagalanyň nygmatlaryna şükür niýeti bilen begençli bolmak, duşuşan din doganlaryňa güler ýüzli bolmak, mümkingadar köp sadaka paýlamak, baýram gijelerini ybadat bilen geçirmek baýramyň adabyndandyr.
Remezan baýramynda namazdan öň hurma ýaly süýji zatlar iýip mesjide gitmek, Gurban baýramynda bolsa, namazdan öň hiç zat iýmezlik mustahapdyr. Hatda gurban kesjek kişiniň damagyny çalan malynyň eti bilen agyz açmagy has gowy görülýändir. Şeýle-de bolsa, namazdan öň iýip-içmegiň hiç hili zeleli ýokdur.
Baýram günlerinde musulmanlaryň biri-birini mübäreklemegi, biri-birine haýyr we magfiret dogalary etmegi hem baýramyň edebidir. Şeýle hem, baýram gününiň hormatyna öýkeliler ýaraşmaly, biri-birini razy etmeli, dost we garyndaşlaryň ýanyna görüşmäge gitmeli. Maşgalanyň kiçileri ululary mübärekläp, haýyr dogalaryny almaly, göwünlerini hoş etmeli.
Baýram gününde musulmanlar biri-birini mübäreklänlerinde: "Allah bizi we sizi bagyşlap, ýalkasyn" ýa-da "Allah bizden we sizden kabul buýursyn" diýip doga etmegi mendupdyr.

Teşrik tekbirleri
Gurban baýramynyň birinji gününe «ewmi-nahr» (damak çalynýan gün) beýleki üç güne bolsa «eýýamy teşrik» diýilýär. Baýramdan öňki güne bolsa «arafa» güni diýilýär. Arafa güni zilhijje aýynyň dokuzynjy günüdir. Arafa gününiň ertir namazyndan başlap, Gurban baýramynyň dördünji gününe çenli ýigrimi üç wagt farz namazynyň her birinden soň, bir gezek

"Allahu Ekber, Allahu Ekber lä ilähe illallahu Wallahu Ekber. Allahu Ekber welillähil hamd" teşrik tekbiri getirilýär. Teşrik tekbirlerini getirmek alymlaryň köpüsine görä wajypdyr. Muňa sünnet diýýänleri hem bardyr. Teşrik tekbirleri getirilýän günlerde kaza galan bir namaz ýene şol ýylyň teşrik günlerinde kaza edilse, namazyň soňunda teşrik tekbirleri getiriler. Ýöne başga günlerde teşrik tekbirleri getirilmeýär.