Kesilen gurbanlyk haýwanyň derisini satyp bolýarmy?

Makalalar>>Kesilen gurbanlyk haýwanyň derisini satyp bolýarmy?

Allaha ýakynlaşmak üçin kesilen gurbanlyk haýwanyň etini, derisini, ýagyny, kellesini, ýüňüni w.ş.m satmak mekruhdyr, ýagny dinimizde gowy görülenok. Eger bu zatlar satylsa, gazanylan pullar sadaka edilmelidir, garyp-hasarlara paýlamaly. Hatda gurbanlyk haýwan kesilmänkä ondan sagylan süýt üçin hem sadaka berilmelidir. Sebäbi gurbanlyk haýwan hemme zady bilen Allaha ýakylnaşmak üçin berilmelidir.

Gurbanlyk haýwanyň derisi satylman öýde ulanylsa zyýany ýok (mysal üçin namazlyk edilse). Bir hadysy şerifde Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) kesen gurbanlygynyň derisini satan birisiniň gurban sogabyndan mahrum boljakdygyny aýdypdyr.

Bu tema degişli Hezreti Aşe şeýle diýipdir: “Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) meni ugradyp gurbanlyk düýeleriň etlerini, derilerini paýlamagymy (sadaka bermegimi) isledi. Kassabyň zähmet hakyny bolsa bulardan bermezligimi ündedi. Kassabyň hakyny aýratyn özümizden tölärdik.”