Ölen adamlaryň atlaryndan gurban kesip bolýarmy?

Makalalar>>Ölen adamlaryň atlaryndan gurban kesip bolýarmy?

Her bir musulman ölen garyndaşy ýa-da başga biri üçin gurban kesip biler. Edil ölen biriniň arkasyndan onuň adyna sadaka bermek, haja gitmek ýaly... Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) hem ymmatyndan gurban kesmäge ýagdaýy bolmaýanlar üçin gurban keser eken. (Tirmizi, Edahi 10)

Ebu Dawud “Sünen” atly kitabynda şu hadysy rowaýat edýär: “Hezreti Aly her ýyl iki goç keserdi. Biri öz adyna, beýlekisi hem Pygamberimiziň adyna. Sebäbi soralanda Hezreti Aly “Allanyň Resuly maňa ýaşaýan wagtym özi üçinem gurban kesmegimi wesýet edipdi. Bu däbimi ölünçäm terk etmerin” diýip jogap berdi.” (Ebu Dawud, Edahi 1)

Ýokardaky hadysdan düşünşimiz ýaly ölen biriniň adyna gurban kesip bolýar. Hatda ýagdaýy bar bolsa Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) üçinem gurban kesip biler, ýa-da sygyr ýaly ýedi bolup kesilýän malda 7-nji adamyň paýyny Pygamberimiz üçin niýetläp biler.