Hadysy Şerif

«Güýji ýetibem gurbanlyk çalmaýan kişi biziň namazgähimize ýakynlaşmasyn!»

Ylmyhal>>Gurbanlygyň ähmiýeti we hökümi

GURBANLYK

Gurbanlygyň ähmiýeti

«Gurbanlyk» arap dilinde « aralaşmak, Allaha aralaşmagyň serişdesi » diýen manyny berýär. Fykyh terminologiýasynda bolsa, ybadat maksady bilen, belli bir wagtda, belli bir häsiýetleri özünde jemleýän haýwany düzgüne laýyklap soýmaklyga «gurbanlyk» diýilýär.

Gurban baýramynda (başky üç gün) belli bir häsiýetleri özünde jemleýän we Alla üçin soýulan gurbanlyk mala arap dilinde «udhiýýe» diýilýär. Gurbanlyk hökmünde soýulmaga rugsat berilýän mallar şular : düýe, sygyr, gäwmiş, goýun we geçi. Goýundyr geçi bir ýaşyny, sygyrdyr gäwmiş iki ýaşyny, düýe bolsa bäş ýaşyny dolduran bolmaly. Şeýle hem alty aýlyk guzy eger enesi ýaly daýaw bolsa, ony hem gurbanlyk hökmünde soýmak bolar.

Gurbanlyk bermegiň hökümi

Kurany Kerimdäki : « Allanyň özlerine rysgal edip beren gurbanlyk haýwanlarynyň (damagyny çalanlarynda) Allanyň adyny agzamaklary üçin, her ymmata gurbanlyk çalmagy ybadatyň bir görnüşi edip goýduk » diýen aýatdan görnüşine görä, gurbanlyk bizden öň ýaşap geçen ymmatlara hem parz edilipdir. Kurany Kerimde gurbanlyk däbiniň her dinde bolandygyny aýratyn nygtalmak bilen bir hatarda adamzat taryhynda gurbanlyk bilen bagly ýüze çykan dürli dürli wakalar gürrüň berilýär.

Meselem: Adam atanyň ogullarynyň ikisi Allah üçin «gurbanlyk» berýär, emma olaryň biriniň «gurbanlygy» kabul edilýär, beýlekisiniň «gurbanlygy» kabul edilmäýär . Mundan başga - da, Kurany Kerimde çeperçilk bilen tewsirlenşi ýaly, hezreti Ybraýyma düýşünde ogluny gurban etmek buýrulýar, ataly - ogul akýürekden Haka boýun bolup, bu emri berjaý kylmaga girişen mahaly hezreti Ysmaýylyň ýerine gurban edilmek üçin gökden gurbanlyk mal inderilýär .

Şunlukda, bizden öňki ymmatlara parz kylynan gurbanlyk «Indi sen Perwerdigäriň üçin namaz oka (ybadat et) we gurbanlyk çal ! » aýatynyň emri boýunça Muhammet ymmatyna hem parz kylynýar. Şoňa görä , gurbanlyk çalmak hanefi mezhebine görä wajyp , beýleki mezheplere görä - de terk edilse halanmaýan müekket sünnet . Sebäbi gurbanlygyň terk edilse halanmaýan ybadatdygy juda köpsanly hadyslara esaslanýar .

Meselem: Pygamber Serwerimiziň (s.a.w) bir hadysynda: «Güýji ýetibem gurbanlyk çalmaýan kişi biziň namazgähimize ýakynlaşmasyn!» diýilýär . Ýene bir rowaýatda bolsa, Allah Resuly (s.a.w) gurbanlyk çalan bir adama ýene - de gurbanlyk çalmagy buýrupdyr . Bu rowaýatda Pygamberimiziň (s.a.w) ikilenji gezek janly öldürmegi buýurmagy, gurbanlyk çalmagyň wajypdygyny görkezýär. Galyberse, Pygamberimiz (s.a.w) gurbanlyk çalmagyň parz edilen hijretiň ikinji ýylyndan başlap, tä aradan çykýança her ýyl Gurban baýramynda gurbanlyk kesipdir . Bu hem eýýäm gurbanlygyň juda möhüm ybadat bolup durýandygyny doly delillendirýär.

Näme üçin gurbanlyk edilýär?

Kurany Kerimiň: « Hiç haçan gurbanlyklaryň eti we gany Alla baryp ýetmez . Oňa diňe siziň takwalygyňyz gelip ýeter » diýen aýatyna görä, gurbanlyk diňe Alla üçin we Alla ýakyn bolmak üçin kesilýär. Allatagala hiç bir ybadata, şol sanda biziň kesjek gurbanlygymyza - da mätäç däl. Haktagala esasy biziň niýetimize we takwamyza ähmiýet berýär. Şonuň üçin etden garnyňy gabartmak üçin däl - de, Allany razylygyny gazanmak üçin gurbanlyk kesilýär. Hut şu sebäpden Gurbanlyk baýramynda eti üçin soýulýan mal gurbanlyk hasaplanmaýar. Galyberse, şärikleşip gurbanlyk berýänleriň arasynda diňe et üçin goşulan biri bar bolsa, onda beýleki şärikdeşleriň hem gurbanlygy kabul bolmaýar.