Hadysy Şerif

"...Kim malyň damagyny çalýan bolsa, pyçagyny mäkäm ýiteltsin we soýjak malyny kösemesin"

Ylmyhal>>Gurbanlyk mal nähili soýulýar?

Gurbanlyk mal nähili soýulýar?

Şerigatyň düzgünlerine laýyklap mal soýlanda ilki bilen «Bismilläh, Allahu Ekber» diýilýär , soňra «Ewdâj» kesilýär. Boýnunyň iki tarapyndan geçýän iki uly arteriýa damary, dem alyş turbasy we iýmit turbasy – malyň bu dört agzasy «Ewdâj» diýlip atlandyrylýar. Damagy çalnan malyň bu dört agzasy hökman kesilmeli. Munuň bilen birlikde üçüsi, ýagny dem alyş turbasy, iýmit turbasy we iki arteriýa damaryň biri kesilse - de ýeterlik.

Malyň damagyny ýeňsesinden çalmak mekruhdyr. Ýeňseden damagy çalnan mal ýokarda agzalan dört agza kesilmezden öň ölen ýagdaýynda maslyk hasaplanýar. Şonuň üçin malyň äňiniň aşagyndan damagy çalynýar. Malyň kütek gezlik bilen damagyny çalmak, güýlüp ýere ýatyrandan soň pyçagy ýitilemek, soýuljak ýerine aýagyndan süýräp eltmek , damagy çalnanda zor salyp boýnuny omurmak, jany çykmanka kellesini goparyp aýyrmak we jany çykmanka hamyny sypyrmak mekruhdyr.

Gurbanlyk çalnanda nämä üns bermeli?

1. Maly soýuljak ýerine ynjytman eltmeli. Damagy çalnanda çepine ýatyryp, kybla bakdyrmaly.

2. Gurbanlyk malyny eýesiniň hut özüniň soýmagy, ýa - da musulman birini soýdurmagy we soýulýan mahaly başynda durmagy müstehapdyr.

3. Gurbanlyk soýýan kişi maly gynamaly däl. Pyçak ýiti bolmaly we ony mala görkezmeli däl. Damak çalynmanka «Bismilläh, Allahu Ekber » diýmeli.

4. Gurbanlyk janlysyny başga birine soýdurýan kişi mal öldürlenýän aýdylýan tekbire goşulmaly . Kişi eger malyň damagyny çalýan mahaly bilgeşleýin «Bismilläh, Allahu Ekber» diýmese, hanefi mezhebine görä şol malyň etinden iýmek bolmaýar. Emma «Bismilläh, Allahu Ekber» diýmek ýatdan çyksa, günä ýok.

5. Damagy çalnan maly gynamazlyk üçin, bütinleý hereketden galýança, ýagny jany doly çykýança hamyny sypyrmaly däl. Gurbanlyk edýän kişi malyň soýlan gün ilki bilen bagyr - öýken bişirip nahar edinse, has ýagşy bolar.

6. Pygamberimiz (s.a.w) gurbanlyk malyň soýulmagy bilen bagly şeýle diýipdir: « Allatagala her bir zadyň yhsan bilen (ýagşylyk bilen, ezberlik bilen we Allahyň hödür edilýän şekilde) ýerine ýetirilmegini isleýär. Şonuň üçinem malyň damagyny çalanyňyzda, yhsan duýgusyny ýitirmäň. Kim malyň damagyny çalýan bolsa, pyçagyny mäkäm ýiteltsin we soýjak malyny kösemesin »

7. Sygyr, gäwmiş, goýun we geçi toparlaryna girýän mallar güýlünip, äňiginiň aşagyndan damagy çalynýar. Şu görnüşde damak çalmaklyga arap dilinde «zebh» diýilýär. Düýäni aýagynyň üstünde durka, çep öň aýagyny daňyp, döşüniň üstünden damagy çalýarlar. Damak çalmagyň bu görnüşine bolsa, arap dilinde «nahr» diýilýär. Damagy çalnandan soň malyň gany doly akyp gutarýança garaşmaly .