Hadysy Şerif:

«...Mezide taharet, menide gusul bardyr...»

Ylmyhal>>Gusul almagy zerur edýän ýagdaýlar

Gusul

Gusul – ýuwunmak diýmekdir. Dini manysy – bedeniň hiç ýerinde iňňäň ujy ýaly ýer goýman ýuwunmak diýmekdir. Muňa halk arasynda «boý tahareti» hem diýilýär.

Gusul almagy zerur edýän ýagdaýlar

1. Jünüplik

a) Oýa ýa-da ukudadygyňa seretmezden, ihtilam bolmak, ýagny, iniň hapalanmagy. Bu – (ýagdaýyň nähili bolup geçendigine garamazdan) meniniň erkek we aýaldan şehwet bilen daşary çykmagydyr.

Aýal adam hem ukuda ihtilam bolup biler. Bu barada Ümmü Seleme radiýallahu anhadan şeýle gürrüň berilýär: «Enesiň ejesi Ümmü Süleým aýtdy: «Eý, Allahyň Resuly! Hakykatda Allah dogrynyň aýdylmagyndan haýa etmez. Aýal düýşünde jynsy gatnaşyk etse, oýananda näme etmeli?» Pygamberimiz: «Eger-de öl bolanyny görse, gusul almaly» diýdi. Ümmü Seleme «Aýal hem ihtilam bolarmy?» diýip, geň galyp sorady. Allahyň Resuly: «Hawa bolar. Erkegiň tohumy goýy akdyr. Aýalyňky bolsa suwuk we sarydyr. Iki suwdan haýsy öň gelse, ýa-da köp bolsa, çaga şoňa meňzär» diýip jogap berdi», (Ibni Maje).

Sowuk, agyr ýük götermek, hassalyk sebäpli meniniň şehwetsiz çykan ýagdaýynda hem-de mezi we wedi gelende, kişi jünüp saýylmaz. Şonuň üçin oňa gusul almak gerekmez. Onuň diňe tahareti bozular. Pygamberimiz bu barada «Mezide taharet, menide gusul bardyr» diýýär. (Şewkany, «Neýlül ewtar», I tom)

b) Jynsy gatnaşykda bolmak, erkegiň jyns organy haşefesine – sünnetli ýerine çenli giren ýagdaýynda meni gelse-gelmese, gusul almak aýala-erkege hökmandyr.

Meni – erkek we aýala degişli tohumdyr (nutfe, sperma).

Mezi – jynsy arzuw oýanandan soň, meniden öň erkek we aýaldan gelýän reňksiz suwuklyk.

Wedi – kä halatda buşuganyňdan soň gelýän goýy ak suwuklykdyr.

ç) Şehwet bilen ýerinden aýrylyp, bedenden çykan meni säbäpli gusul hökmandyr. Şehwet bilen ýerinden aýrylyp, şehwet gidenden soň bedenden çykan meni säbäpli Ymam Agzam we Ymam Muhammede görä, gusul alynmalydyr. Emma Ymam Ebu Ýusufa görä bolsa, gerekmez.

Myhmançylykda, saparda we sowuk günlerde düýşde şehwet bilen çykan meniniň ýoly beklenip saklansa we soň şehwet gidenden soň çyksa, bu ýagdaýda Ymam Ebu Ýusufyň görşüni saýlamak ýeňilligi sebäpli makul görlendir. Başga ýagdaýlarda gusul almak iň laýygydyr.

d) Ukudan oýanan kişi eşiginde öl görse, onuň mezidigini bilse, gusul hökman däldir, emma meni ýa-da mezidigini anyk bilmese, gusul almalydyr. Mezi ýa-da menidigini anyklamak üçin: eger-de jyns organy kiçelen bolsa menidigine, dik bolsa, mezidigine höküm edilýär.

e) Eger-de düşeginden turan kişi düýşünde ihtilam bolandygy ýadyna düşse, emma öl görmese gusul gerekmez. Ymam Muhammede görä, şeýle ýagdaýdaky aýal ätiýaçlyk üçin ýuwunmalydyr.

ä) Jyns organlaryna barmak sokulmagy sebäpli gusul gerekmez, emma lezzet alsa, onda gusul hökmandyr.

2) Haýz

Haýz – aýbaşynyň tamamlanmagy we nifasyň – çaga dogulmagy sebäpli çilesiniň dolmagy bilen aýalyň gusul almagy farzdyr. Jünüp, haýz we nifas ýagdaýynda musulman bolan biriniň gusul etmegi farzdyr. Bu ýagdaýlardan arassa haldaka musulmanyň ýuwunmagy bolsa mendupdyr.