Taha süresi, 14-nji aýat

"Men Özümden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyryn. Onda sen Maňa ybadat et we Meni ýatlamak üçin namaz oka!"

Ylmyhal>>Gusul farz bolanlara haram saýylýan zatlar

Gusul farz bolanlara haram saýylýan zatlar

1. Namaz okamak.
Jünüp bolan kişi agzyny bekläp biler, emma, haýz we nifas halyndaky aýal oraza hem tutup bilmez.

2. Kuran okamak.
Ýatdan ýa-da mushafa uzakdan seredip, Kuran okamak haramdyr. Ýöne, Kurandaky doga we sena aýatlaryny doga we sena niýeti bilen ýatdan okamak jaýyz görülýär. Mysal üçin, Fatiha suresini doga niýeti bilen okamak bolar. Kelemäni gaýtarmak, tesbih we tekbir getirmek hem jaýyzdyr.

3. Kurany Kerime el degirmek (bir aýat hem bolsa) haramdyr. Ýöne, ol gabyň içinde ýa-da bir zada dolanan bolsa el degirmek bolar.

4. Käbeýi Muazzamany togap etmek.

5. Zerurlyk bolmasa mesjide girmek.

6. Üstünde Kurany Kerimden ýazgy bolan altyn-kümüş, pul ýa-da şaý-sep, lewhany ellemek haramdyr.

Gusul farz bolanlara mekruh saýylýan zatlar

1. Dini kitaplary alyp okamak.
2. Eliňi, agzyňy ýuwman iýip-içmek.