Mägün süresi, 4-5 aýatlar

"Okan namazlaryndan özleri gapyl bolanlaryň (namazy wagtynda okamaýanlaryň) waý hallaryna! "

Ylmyhal>>Gusulyň farzlary, sünnetleri, adaby, Gusulyň ýerine ýetirilişi

Gusulyň farzlary

Gusulyň farzlary üçdür:
1. Mazmaza – agzyňy bir gezek doly çaýkamak. Dişleriň arasynda suwuň degmegine päsgel berjek galyndy bar bolsa, olary doly aýyrmalydyr.

2. Istinşak – burna bir gezek doly suw almak. Burunda guran hapa bar bolsa, şolary aýyrmaga üns bermeli.
Orazaly kişi bu amallary berjaý edende, suw ýuwutmakdan serasap bolmalydyr.
Mälikiler we şafygylar agzyň we burnuň içini bedeniň içki organy hasaplaýar. Olaryň pikiriçe, bulary gusul we taharetde ýuwmak farz däldir-de sünnetdir.
Hanbeliler agzyň we burnuň içini ýüze dahylly edýändigi üçin, taharetde hem gusulda olary ýuwmak farzdyr.

3. Bedeni bir gezek doly ýuwmak. Suwuň bedeniň ähli ýerine ýetmegi üçin, endamdan hamyr, mum, ýelim, boýag, dyrnak reňkleri ýaly zatlary doly aýyrmalydyr. Sebäbi bu zatlaryň bedene suw geçirmezligi mümkin.
Bu amallary üç gezek etmek sünnet sogabyny gazandyrar.
Gulakhalkalar üçin deşilen deşikleriň hem öllenmegi zerurdyr. Eger gulakhalka dakylgy bolsa, olary ýerinden gozgamalydyr.
Göbegiň hem barmagyň ujy bilen gowy ýuwulmalydyr.
Gür sakgally adamlar sakgalynyň düýplerine suw ýetirmelidir. Gaş we murt hem şeýle ýuwulmalydyr.
Aýallara uzyn ýa-da örülen saçlarynyň hemmesini öllemek hökman däldir. Esasy şert saçlaryň düýbüne suwuň ýetirilmegidir. Erkeklerde şeýle uzyn we örülen saç bar bolsa, olar hökman doly ýuwmalydyr. Çünki saç erkekler üçin zerurlyk däldir.
Gusul alanyňda agzyňy ýuwan wagtyň, oturtma-protez dişleri çykarmak gerekdir.

Gusulyň sünnetleri

1. Gusula «e’uzi-besmele» bilen başlamak.

2. Kalp we dil bilen gusula niýet etmek. Hanefilerden beýleki mezheblerde niýet farzdyr. Jünüplikden tämizlenmek üçin ýuwnandygyňy bilmek – niýet saýylar. Bu ybadat sogabyny gazandyrar.

3. Taharetdäki bolşy ýaly, miswak ulanmak, ýagny, dişleri arassalap gusula başlamak.

4. Gusulda ilki elleri soňra owrat ýerleri ýuwmak. Endamdan hapany ýuwup aýyrmak.

5. Namaz tahareti ýaly taharet almak. Eger aýaklaryň aşagynda suw ýygnanýan bolsa, aýaklary iň soňundan ýuwmalydyr. Taharet alanyňda Hanefi we Hanbelilerdäki agyz we burnuňy gowy ýuwmak farzy hem bir wagtda berjaý edilýär.

6. Taharet alanyňdan soň, ilki başyňa, soň sag we sol egniňe üç gezek suw akytmak. Suw akydanyňda bedeniň her agzasyny owkalap ýuwmak.
Ymam Mälik we Ebu Ýusufa görä, gusulda owkalanyp ýuwunmak farzdyr.
Bir adam agzyna we burnuna suw alyp arassalanyndan soň, akyp duran suwa, ýa-da howza, ýa-da deňze çümse, gusul aldygy bolar. Suwuň içinde bede-nini elleri bilen ýuwsa, gusulyň ähli sünnetlerini berjaý etdigi bolar.

Gusulyň adaby

Taharetiň adaplary şol bir wagtda gusulyň adabydyr. Ýöne taharetdäki kybla bakmak we doga okamak adaby gusulda berjaý edilmez. Owrat ýeriň açyklygy sebäpli, beýle etmek mekruhdyr.

Gusulyň iň möhüm edebi ýuwunýan wagtyň owrat ýeriňi örtmekdir.

Pygamberleriň ählisi haýa-şerimiň ynsanyň iň uly zynatydygyny nygtapdyr. Haýaly ynsan tenini aýratyn hem owrat ýerlerini başgalara görkezmegi halamaz. Onuň edep-terbiýesi muňa ýol bermez. Sahabalardan biriniň «Asmandan aşak gaçyp, parça-parça bolmaga razydyryn, emma owrat ýerlerimi başga birine görkezmäge razy däldirin» diýmegi bize nusga alarlyk mysaldyr.

Taharetde bolşy ýaly, gusul alanyňdan soň hem iki rekagat namaz okamak. Bu namaz okalanda nafile ýa-da kaza niýet etseňem bolar.

Gusulyň mekruhlary

Taharetde mekruh bolan zatlar gusulda hem mekruhdyr. Ýöne ýokarda belläp geçişimiz ýaly, gusulda doga okamak we kybla öwrülmek mekruh hasap edilipdir.

Gusulyň ýerine ýetirilişi

Gusul iki hili ýerine ýetirilýär.
1. Suwuň ýetmezçiligi, howanyň sowuklygy, wagtyň azlygy ýaly ýagdaýlarda gyssanmaç alynýar. Munda ilki iniňdäki hapalary ýuwup, soň üç gezek agyz hem burun çaýkalýar. Mundan soň bedende gury ýer goýman ýuwulýar. Şeýlelikde, gusulyň diňe farzlary berjaý edilýär.

2. Arkaýynçylykda bolsa ýene owrat ýerleri ýuwulýar, soňra namaz tahareti ýaly taharet kylynýar. Mundan soňpa ilki başyňdan, soň sag we sol egniňden suw akydylyp bedeniň üç gezek ýuwulýar. Suw akydylanda beden owkalanyp ýuwulýar. Iň soňunda aýaklar ýuwlup çykylýar.

Gusul bilen baglanyşykly käbir meseleler

1. Tahareti bozýan bir ýagdaý ýüze çykýança, gusul tahareti bilen namaz we beýleki ähli ybadatlar berjaý edilip bilner.

2. Gusul alyp durkaň, peşew dammagy, gan akmagy, dişiň ganamagy ýaly zatlar gusulyň dürslügine zyýan etmez. Şeýle ýagdaýda ynsan jünüplikden doly arassalanýar. Ýöne täzeden taharet kylmasa, şol gusul bilen namaz we beýleki taharetli berjaý edilýän ybadatlary amal edip bilmez. Şonuň üçin fykyhda: «gusuly bozan her bir zat tahareti bozar, emma welin, tahareti bozýan her bir zat gusuly bozmaz» diýilýär.

3. Gusul alyp durka agzyny, burnuny ýa-da başga bir agzasyny ýuwmandygyny bilen biri täzeden gusul etmän, diňe unudan ýerini ýuwýar.

4. Käbir jaýlaryň hajathanasy we hammamy bir ýerde ýerleşýär. Zerurlyk sebäpli şol ýerde-de gusul almak, taharet kylmak bolar.