Hadysy Şerif:

"Jennetiň açary namazdyr, namazyň hem açary täretdir."

Ylmyhal>>Gusulyň görnüşleri

Gusulyň görnüşleri

1. Farz bolan gusul:
Jünüplik ýa-da aýallaryň haýz, nifas hallary kesilenden soň gusul almak farzdyr.

2. Sünnet bolan gusul:
a) Juma namazy üçin gusul almak sünnetdir. Juma agşamy ýuwnanyň hem bu sünneti berjaý etdigi bolar. Alymlar dyrnak aýyrmak, goltuk we uýat ýerleriň gyllaryny aýyrmak işini şol gün berjaý etmegi maslahat beripdirler.
b) Baýram namazlary üçin ýuwunmak;
ç) Haj we Umre üçin ihrama girmezden öň ýuwunmak;
d) Arafatda wakfe üçin ýuwunmak hem sünnetdir.

3. Mustahap we mendup bolan gusul:
a) Jünüp ýa-da haýz, nifas däl ýagdaýda yslamy kabul eden biriniň gusul almagy.
b) Bulug çagyna ýetse-de, ihtilam we haýz bolmaýan gyz we oglanyň gusul almagy.
ç) Mekge we Medine şäherlerine girmek we Müzdelifede wakfa üçin gusul almagy.
d) Çaşyp özüňe geleniňden soň gusul almak.
e) Gadyr gijesi ýaly mübärek gijeleriň hormatyna gusul almak.
ä) Gan aldyranyňdan soň gusul almak.
f) Ölini ýuwanyňdan soň gusul almak.
g) Ýagmyr dogasyna çykmak üçin gusul almak.
h) Sapardan geleniňden soň gusul almak.
i) Günäsine toba etmek üçin gusul almak.
j) Jünüplikden tiz halas bolmak üçin gusul almak.
ž) Adaty ýuwunanyňda gusul almak.