...Pygamberimiz: «Saçlaryň düýplerini doly ölle we endamyňy hapadan arassala» diýip jogap berýär...

Ylmyhal>>Gusulyň hikmetleri

Gusulyň hikmetleri

Gusul almagyň ruhy we maddy peýdasy ummasyzdyr. Ynsan farzy ýerine ýetirende, hem Allahyň söýgüsine, hem-de razylygyna naýyl bolar. Şeýle hem gusul almak kiçi günälere-de keffaretdir. Pygamberimiz Enes b. Mälik hezretlerine ýüzlenip: «Eý, Enes! Gusul alanyňda mubalaga et. Şeýdip ýuwunsaň, günä we hatalardan saplanarsyň» diýdi. Hezreti Enes «Eý, Resulallah mubalaga nähili bolýar?» diýip soranda, Pygamberimiz: «Saçlaryň düýplerini doly ölle we endamyňy hapadan arassala» diýip jogap berýär.

Jünüplik – ybadat etmäge päsgel berýän magnewi bir hapalyk bolany üçin, ilkibaşda mü’mine agyr degýän, ony birahat edýän, ruhuny gysýan haldyr. Ýeriň jünüp gezýän adamlara bolan ýigrenji hakynda Allaha şikaýat edendigi hadyslarda aýdylýar. Jünüp adamlaryň ýanyna rahmet melekleri gelmez. Şonuň üçin salyh we takwa adamlar jünüp bolan ýagdaýynda, bu haldan gutulmaga howlugypdyr. Bütin gijäni jünüp geçirmekden örän gaça durupdyrlar. Bu işiň takwalyk tarapydyr.

Jünüp bolan adamy bişowlyk getirýän, hapa we nejis saýmak bolmaz. Onuň bilen gürleşmek dogry däl diýmek ýalňyşdyr. Esasy üns berilmeli zat – namaz wagtyny geçirmän ýuwunmakdyr. Şol aralykda jünüp bolan adam haram bolan zatlardan başga ýagdaýa görä nahar taýýarlap, iýip-içip, uklap biler. Ýer ýüzüniň ýigrenip, rahmet melekleriniň gaçýan adamy jünüplige ähmiýet bermeýän we bu ýagdaýa endik bolup, ony häsiýet edinen adamlardyr.

Gusulyň ynsan saglygyna peýdasy barada şeýle aýdylýar: Jynsy gatnaşykdan soň, ynsanyň ähli nerw sistemasy gowşaýar. Şol wagt bedende birgiden öýjükler ölýär. Güýçli ýadawlyk döreýär. Ýuwunmak bolsa bu ýadawlygy we gowşaklygy aýyrýar we bedene dynç berýär.