Nur süresi, 56-njy aýat

"Özüňize merhemet edilmegi üçin namazy berjaý ediň, zekat beriň we pygambere boýun boluň! "

Ylmyhal>>Gusulyň sahyh bolmagynyň şertleri

Gusulyň sahyh bolmagynyň şertleri

Gusulyň sahyh bolmagy üçin aýallarda haýz we nifas ganynyň, erkeklerde bolsa meniniň doly kesilmegine garaşmak zerurdyr.

Erkek kişi meniniň doly kesilmegi üçin inzaldan (orgazmdan) soň ýa uklamaly, ýa-da az salym ýöremeli, ýa-da sähelçe bolsa-da buşugmaly. Bu çärelerden soň gusul alan kişiden ýene-de meni gelse, täzeden ýuwunmak gerekmez. Ýöne, bu çäreleri etmän ýuwnanyňdan soň meni gelse, şol gusul dürs däldir, täzeden gusul almak gerekdir.

Gusulyň syhhatynyň ikinji şerti bolsa endamyňda iňňäň ujy ýaly hem gury ýeriň galmazlygyna üns bermekdir. Eger galaýsa, gusul dürs bolmaz.

Plomba goýlan we gapladylan diş gusula zyýan berermi?
Hanefi mezhebine görä agyz bedeniň daşky bölegine girýär. Şonuň üçin farz bolan gusuly berjaý edeniňde agzyňy suw bilen doly çaýkamalydyr. Ýöne çüýrän dişe plomba goýlan, ýa-da gapladylan ýagdaýynda onuň aşagyna suw barmaýar. Bu meselede zerurlyk we te’amül sebäpli Ymam Muhammediň fetwasy esas alynýar. Oňa görä agzyň içindäki gaplanan we plomba goýlan dişler gusula zyýan bermeýär. Çünki bular zynat üçin däl-de, zerurlyk sebäpli edilendir. Ýöne zynat üçin diş goýdurylsa, ýa-da gapladylsa, gusul dürs bolsa-da, kişi günäkärdir. Bu hökümi öň bilmän eden biriniň soňra ol dişlerini aýyrtmagy hökman däldir. Eger-de, gaplanan we plomba goýlan dişleriň aşagyna gusulda suw geçirmek hökman diýlip kabul edilse, saglyk taýdan zyýanly we azaply bolardy. Saglygy goramak hem farzdyr. Şonuň üçin bu mubah derejesine girer. Netijede, gaplama ýa-da plomba goýlan dişler gusuluň sahyh bolmagyna zyýan bermez.

Ymam Serahsy «Mebsut» atly kitabynda Ymamy Muhammediň altyn diş goýdurmagyň ýa-da altyn gaplatmagyň hiç hili zyýanynyň ýokdugyny aýdyp geçendigini belläpdir. Häzirki döwrüň medisinasy hem kümşüň ýerine altyn diş goýdurmagyň saglyga has ýaramlydygyny aýdýar. Sebäbi kümüş agzyňy yslandyrýar.