Äli Imran süresi, 97-nji aýat

«Saglyk we baýlyk taýyndan güýji ýetýän her kime Beýtullaha zyýarat etmek Allahyň ynsandaky hakydyr»

Ylmyhal>>Haj näme?

Haj ybadaty bilen baglanşykly terminler

Yhram – hajylaryň geýýän tikinsiz ak eşigi.
Yhrama girmek – haj ýa-da umre niýeti bilen kişiniň yhram eşigini geýmegi.
Menasyk – haj bilen baglanyşykly amal we ybadatlar.
Miýkat – Mekgeýi mükerremä girmänkä, hajynyň yhram eşigini geýýän ýeri.
Tawaf (togap) – Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanmak.
Şawt – Käbäniň daşyndan bir gezek aýlanmak.
Sa’ý – Safa bilen Merwe aralygynda ylgamak.
Wakfe – Arafatda we Minada belli wagt aralygy garaşmak.
Jemre – şeýtan daşlanýan ýer. Şeýtan daşlamak Akabe we Mina diýilýän ýerlerde berjaý edilýär.

Hajyň manysy we mazmuny

«Haj» sözüniň manysy niýet, ýönelmek we mübärek ýerleri zyýarat etmekdir. Bu sözüň dini manysy Arafatda bellenilen wagtda, belli bir pursat garaşanyňdan soň, Käbeýi Muazzamany düzgüne görä togap etmek diýmekdir.

Haj ybadaty yslamyň bäş esasyndan biri bolup, beden hem-de mal bilen berjaý edilýän ybadatdyr. Hijretiň dokuzynjy ýylynda farz edilipdir.

Haj hem-de umre zyýaraty yslamyň esasy şygarlaryndan biridir. Şygar – arap sözi bolup, alamat, delil, yşarat we nyşan diýmekdir.

Yslama degişli ençeme maddy we magnewi alamat we şygar bardyr. Meselem: Käbe, Rawzaýy Tahire, Safa, Merwe, Minara, Mesjit ýaly ýerler yslamyň iň möhüm şygarlarydyr. Kuran, Kelimeýi towhyd, kelemeýi şahadat, namaz, azan, Arafatda wakfe, Müzdelifede jemlenişmek, Minada şeýtan daşlamak we gurban kesmek, juma we baýram namazy, tekbir we salawaty şerife, dogruçyllyk... ýaly aýratynlyklar bolsa yslamyň magnewi şygarlarydyr.

Hakyky mü’min bu şygarlara azamatlaryna laýyklykda hormat etmelidir. Çagalarynyň ýüreginde-de olara hormat duýgusyny oýarmalydyr. Bu imanyň alamaty we gulluk borjudyr.

Hajyň farzdygynyň hökümi Kurany Kerim we sünnetde bildirilipdir. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:

«Saglyk we baýlyk taýyndan güýji ýetýän her kime Beýtullaha zyýarat etmek Allahyň ynsandaky hakydyr», (Äli Imran, 97).

Pygamberimiz hajy musulmanlygyň bäş esasyndan biri saýyp, onuň ähmiýetini we peýdasyny belläp, nähili berjaý etmelidigini hut özi görkezipdir.

Pygamberimiziň haj ybadaty bilen baglanyşykly aýdan käbir hadyslary şulardyr:
Ebu Hureýre şeýle gürrüň berýär: «Resulullah (s.a.w.) bize ýüzlenip şeýle aýtdy: «Eý ynsanlar, Allah size hajy farz kyldy. Onda haj ediň». Biri: «Her ýylmy, eý, Allahyň Resuly?» diýip sorady. Pygamberimiz sesini çykarmady. Sorag beren soragyny üç gezek gaýtalady. Ahyr soňy Pygamberimiz: «Eger hawa diýen bolsam, hökman şeýle farz bolardy. Siziň bolsa, muňa asla güýjüňiz ýetmezdi» diýip jogap beripdir», (Müslim, Nesaýy, Ahmet b. Hanbel). Birden köp edilen haj zyýaratynyň nafile bolýandygyny bir hadysynda şeýle beýan edýär: «Kim haj sanyny artdyrsa, bu nafile ýerine geçer», (Müslim, Ahmet b. Hanbel).

Saglyk we baýlyk taýyndan haj ybadatyny etmäge güýji ýetýän musulman üçin, ömründe bir gezek haj etmek farzdyr. Ol mümkinçilik tapan wagty gijikdirmän, bu farzy berjaý etmelidir. Ymamy Agzam, Ebu Ýusuf, Ymam Mälik we Ahmet b. Hanbel gerekli şertleri bolan kişiniň haj ybadatyny öňündäki ilkinji haj möwsüminde eda etmelidigini, gijikdirmegiň uly günädigini, hatda bu ybadaty uzak wagtlap gijikdireniň şaýatlygynyň kabul edilmejekdigini aýdypdyrlar. Bir kişiniň saglygy, pul ýagdaýy, wagt we ýol howpsuzlygy babatda hiç hili päsgelçiligi ýokka haja gitmek islemezligi, şol kişiniň imanynyň pesligine delil saýylypdyr. Ymam Şafygy we Ymam Muhammet bolsa, geljek ýyllaryň birinde haj farzyny amal etmäge niýet etmegi we eda şertleriniň elden giderilmegi ýaly bir endişe bolmadyk ýagdaýynda, haj ybadatyny gijikdirmegiň bolýandygyny aýdypdyr. Öý gurmak, ogul öýermek ýaly ýagdaýlar haj ybadatyny soňa goýmaga sebäp bolup biler. Muňa garamazdan, haj ybadatyny uzaklaşdyrman ilkinji mümkinçilikde amal edilmeginiň sünnete laýykdygyny belläpdirler.

Pygamberimiz bir hadysynda: «Haj zyýaratyna howlugyň. Çünki siz ölümiň haçan geljekdigini bilmersiňiz» diýipdir, (Ebu Dawud, Ibni Maje, Ahmet b. Hanbel).

Haj ybadaty uly çykdajylar we kynçylyklar bilen berjaý edilýändigi üçin, onuň sogaby we fazyleti hem, şol derejede uludyr. Ebu Hureýräniň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimizden haýsy amalyň has fazyletlidigi soralanda Ol:
– Allaha we Resulyna iman.
– Ondan soň haýsydyr?
– Allahyň dinini ýaýratmak ugrundaky göreş.
– Ondan soň haýsydyr?
– Mebrur haj –diýip, jogap beripdir, (Buhary, Müslim, Tirmizi). Mebrur haj – hiç hili günä ýokuşmadyk, kemsiz berjaý edilen makbul haj diýmekdir.

Käbäni zyýarat etmek bilen baglanyşykly ybadatlardan biri hem umredir. Umre sözüniň manysy – zyýarat etmek diýmekdir. Bu sözüň dini manysy Käbeýi Muazzamany togap we Safa bilen Merwe aralygynda sa’ý (ylgaýan ýaly ýöremek) etmekdir. Bu ybadatyň belli bir wagty ýokdur. Ýöne, Arafa güni bilen Gurban baýramynyň ilkinji dört gününde etmek mekruhdyr. Remezan aýynda berjaý edilmegi mendupdyr.

Umre müekked sünnetdir. Zyýarat belli wagtda we Arafatda wakfe bilen birlikde bolsa, muňa haj, başga islendik wagt wakfesiz berjaý edilýän bolsa, umre ady berilýär. Haj bilen umräni biri-birinden tapawutlandyrmak üçin haja – Hajjy Ekber (uly haj), umrä bolsa – hajjy asgar (kiçi haj) diýilýär.

Umräniň fazyleti bilen baglanyşykly Resuly Ekrem: «Umre – soňky umrä çenli aralykda edilen günälere keffaretdir. Allahyň dergähinde mebrur hajyň gaýtargysy bolsa diňe jennetdir» diýipdir, (Buhary, Müslim). Pygamberimiz başga bir hadysynda: «Haj bilen umräni birikdiriň. Çünki bular körügiň demir, altyn we kümüşdäki garyndylary aýryşy ýaly, ýoksullygy we günäleri aýrar. Mebrur hajyň gaýtargysy diňe jennetdir» diýipdir, (Tirmizi, Nesaýy).