wakfede orazaly bolmazlyk sünnetdir...

Ylmyhal>>Arafatda wakfe

1. Arafatda wakfe

Arafat Mekgäniň 25 km. golaýynda, günorta-gündogar tarapynda, harem çäkleriniň daşynda ýerleşýär. Wakfe – Arafatda belli bir wagt aralygy garaşmakdyr. Bu rükün ýerine ýetirilmese haj dürs bolmaz. Şol sebäpli Pygamberimiz: «Haj – Arafatdan ybaratdyr» diýmek bilen wakfäniň ähmiýetini nygtapdyr. Urene jülgesi bilen Nemire mesjidiniň demirgazyk tarapy wakfe ýeriniň daşynda galýar.

Wakfäniň şerti wagtdyr. Ol zilhije aýynyň 9-njy güni, zewaldan soň, zilhijje aýynyň 10-njy güni, ýagny, baýramyň ilkinji güni tä daň atýança aralykdaky wagtdyr. Bu wagtyň dowamynda Arafata ýetip bilmedikleriň hajy batyl bolýar. Arafatda wakfe üçin niýet şert däldir.

Wakfäniň wajyplary

Arafata gündiz gelenleriň Gün batýança ol ýerde galmagy wajypdyr. Gün ýaşmanka gitmek dürs däldir. Eger-de bir sebäp bilen gitmeli bolsa, Gün ýaşmanka ýene dolanyp gelmelidir. Gije gelenler üçin bu wajyplyk aýrylýar.

Wakfäniň sünnetleri

1. Zilhijjäniň sekizinji – terwiýe gününi arafa gününe baglaýan gijäni Minada geçirip, arafa güni Gün dogandan soň, Arafata tarap ýola düşmek.

2. Zewal wagtyndan öň Arafatyň çäklerinde bolmak, mümkin bolsa wakfe üçin gusul etmek.

3. Şol günki öýle we ikindi namazyny öýläniň wagtynda birikdirip, bile okamak (jemi takdim).

4. Wakfä bu namazdan soň başlap, wakfe möhletinde taharetli bolmak.

5. Orazaly bolmazlyk.

6. Günüň dowamynda telbiýe, tesbih, zikir, doga, istigfar we salawat dogalaryny gaýta-gaýta aýtmak.

7. Wakfe wagtynda Kybla tarap ýönelmek. Wakfäni dik durup etmek hökman däldir. Ýöne uzuryň ýok bolsa, oturmakdan dik durmak has fazyletlidir.

8. Mümkin bolan ýagdaýynda wakfäni Jebelirrahmeh (Rahmet dagy) diýilýän depäniň eteklerinde geçirmek sünnetdir.