«Allahym! Senden bol ryzk, peýdaly ylym we her hili kesellerden şypa dileýärin».

Ylmyhal>>Tawaf (Togap)

2. Tawaf (Togap)

Tawaf – bir zadyň daşyndan aýlanmak diýmekdir. Dini manysy bolsa, Hajerül Eswediň ýerleşýän burçundan ýa-da deňinden, Käbäni çep tarapyňda goýup, onuň daşyndan ýedi gezek aýlanmak diýmekdir. Tawafa başlanyňda hem-de her şawtda Hajerül Eswed daşynyň öňüne ýa-da deňine geleniňde oňa tarap bakyp, namazda duran ýaly tekbir we tehlil bilen mukaddes daş sypalanýar ýa-da öpülýär. Eger muňa mümkinçilik ýok bolsa, deňine geleniňde, uzakdan eller galdyrylyp: «Allahu Ekber» diýilýär. Muňa istilam diýilýär.

Tawafyň görnüşleri

Haj ybadaty bilen baglanyşykly tawafyň üç görnüşi bardyr:

1. Kudüm tawafy – Mekgä geliş tawafy diýmekdir. Bu sünnet tawafyny ifrad ýa-da kyran hajyna niýet eden afakylar berjaý edýär. Diňe umre ýa-da temettu hajyna niýet edenler bilen miýkat çäklerindäkiler kudüm tawafyny etmeýär.

2. Zyýarat tawafy – muňa ifaza tawafy hem diýilýär. Hajda farz bolan tawaf budur. Bu Arafat wakfesinden soň berjaý edilýär.

3. Weda tawafy – muňa sader tawafy hem diýilýär. Miýkat çäkleriniň daşyndan gelýän hajylaryň zyýarat tawafyndan soň, Mekgeden gitjek wagtlary edýän hoşlaşyk tawafydyr.

Tawafyň bulardan başga görnüşleri şulardyr:
Umre tawafy
Diňe umre niýeti bilen Mekgä gelen bilen temettu we kyran hajyny etjegiň, Mekgä gelende ilkinji edýän tawafydyr.

Nezir tawafy
Haýsy-da bolsa bir sebäp bilen tawaf etmegi nezir eden kişiniň nezirini ýerine ýetirmegi wajypdyr. Ol munuň üçin belli bir wagt bellän bolsa, şol wagt, ýogsa islän wagty tawaf edip bilýär.

Tahyýýatül mesjit tawafy
Tahyýýatül mesjit namazynyň deregine Mesjidi Harama haçan girilse, hormat we mesjide salam bermek niýeti bilen edilýän tawafdyr. Bu nafile bolup edilmegi mustahapdyr. Haj ýa-da umre niýeti belen edilen tawaf munuň ýerini tutýar.

Tatawwu tawafy
Mekgede bolan wagtyňda haj bilen baglanyşykly edilmeli tawaflardan başga – pursat tapdygyňça we isledigiňçe edilýän tawaflardyr. Afakylaryň nafile tawaf etmegi nafile namaz okamagyndan has gowudyr. Haj möwsüminden başga wagt mekgeliler üçin hem höküm şunuň ýalydyr. Beýleki ybadatlarda bolşy ýaly, başlanan nafile bir tawafyň tamamlanmagy wajypdyr.

Tawafyň wajyplary

1. Taharetli bolmak. Tawafyň dowamynda taharetiň bozulsa, taharet kylanyňdan soň, galan şawtlary tamamlamaly.

2. Owrat ýerleriň örtülgi bolmagy.

3. Tawafa Hajerül Eswedden ýa-da onuň deňinden başlamak.

4. Käbäni çep tarapyňda goýup tawaf etmek.

5. Tawafy Hatim diýilýän ýeriň daşyndan aýlanmak. Çünki Hatim diýlen ýer Käbä degişli hasaplanýar.

6. Farz we wajyp tawaflary ýedi şawtda tamamlamak.

7. Güýji ýetenler pyýada, garry, hassa ýa-da maýyp adamlar ulaga münüp tawaf etse-de bolýar.

8. Farz, wajyp we nafile tawaflaryň hemmesiniň ahyrynda iki rekagat namaz okamak wajypdyr. Kerahat wagty bolmadyk ýagdaýynda, ara maý salman, bu namazy okamak mustahapdyr.

Tawafyň wajyplaryndan haýsy-da bolsa biri terk edilse jeza möhümdir. Tawaf täzeden amal edilse, bu jeza aradan aýrylýar.

Tawaf namazyny okaman yzly-yzyna tawaf etmek mekruhdyr. Tawaf üçin kerahat wagty ýokdur. Ýöne tawaf namazy farz we wajyp namazlarynyň okalmagy mekruh bolan üç wagtdan başga-da, ertir we ikindi namazlarynyň farzlary okalandan soň hem okalmaýar. Tawaf namazyny Makamy Ibrahimiň arkasynda okamak mustahapdyr. Mümkin bolmasa, Mesjidi Haramyň islendik ýerinde okasaň bolar. Mesjidi Haramyň daşynda okamak mekruhdyr.

Tawafyň sünnetleri

1. Bedeniňde we yhramda namaza päsgel berjek nejasetiň bolmazlygy.

2. Tawafa başlanyňda Hajerül Eswede ýa-da onuň deňine Rüknül-emany tarapdan gelmek.

3. Tawafyň ilkinji üç şawtynda bilden ýokaryk dolanan yhramyň bir ujuny sag goltugyň aşagyna, beýleki ujuny bolsa, çep omzuň üstünden aýlamak sünnetdir. Bu diňe kudüm we zyýarat tawafyna mahsus bolup Muňa yztyba diýilýär.

4. Ýene diňe kudüm we zyýarat tawafyna mahsus bolup, tawafyň ilkinji üç şawtynda erkek kişileriň omuzlaryny silkip, gysga ädimler bilen ylgaýan şekilde haýbatly ýöremekleri. Muňa remel diýilýär.

5. Tawafyň her şawtynda Hajerül Eswedi öpmek, eger mümkin bolmasa istilam etmek.

6. Tawaf namazyndan soň Makamy Ibrahimiň arkasynda doga etmek.

7. Ähli şawtlary yzly-yzyna etmek.

Tawaf wagtynda farz namazynyň okalmagy ýa-da taharetiň bozulmagy ýaly tawafy dowam etdirmäge päsgel berýän bir ýagdaý ýüze çyksa, tawafyň dowamy soň tamamlanýar.

8. Erkek kişileriň mümkingadar Käbä ýakyn, aýallaryň bolsa, erkekleriň arasynda galyp, gysylmajak ýerinde tawaf etmegi.

Tawafyň sünnetlerini sebäpsiz terk etmek mekruhdyr. Sünnetler terk edilen ýagdaýynda jezasy ýokdur.

Tawafyň amal edilişi

Ilki bilen farz, wajyp, nafile tawaflardan haýsy ediljek bolsa, şoňa niýet edilýär. Tawaflaryň ähli görnüşiniň amal edilişi meňzeşdir. Ýöne tapawudy niýetdedir.

Tawafa niýet edeniňden soň, göni Hajerül Eswediň ýanyna barylýar. «Bismillähi Allahu Ekber» diýlip, başgalara ganalga bermän, eller Hajerül Eswediň üstüne goýlup, daş öpülýär. Öpmek mümkin bolmasa, diňe el degrilýär. Bu-da mümkin bolmasa, Hajerül Eswediň deňinde oňa tarap öwrülip, elleriň aýasyny daşa tarap bakdyryp galdyrylýar we «Bismillähi Allahu Ekber» diýip istilam edilýär. Soňra elleriň aýasy öpülip ýüzüňe sylynýar. Istilam ýöräp barşyňa edilýär. Her gezek Hajerül Eswediň ýanyna geleniňde, mümkin bolsa öpülýär ýa-da el degrilýär. Mümkin bolmasa, istilam edilýär. Istilam bilen Hajerül Eswedi öpmek arasynda sogap taýyndan tapawut ýokdur. Istilamda şu doga okalýar:
Allahümme imanen bike we tasdikan bi-kitabike we wefaen bi-ahdike wettibaen lisünneti nebiýýike muhammedin (sallallahü aleýhi wessellem)

«Allahyň ady bilen, Allah iň beýikdir. Allahym, Saňa iman getirip, Kitabyňy tassyk edip, ähdiňe wepaly bolup, Pygamberiň sünnetine uýdum».

Mundan soň Käbäni çep tarapyňda goýup tawafa başlanýar. Her aýlaw Hajerül Eswedden başlanyp, Hajerül Eswedde tamamlanýar. Tawaf Hatimiň daşyndan edilýär. Çünki Hatim Käbäniň bir bölegi saýylýar. Hatim – Käbäniň demirgazygynda salnan ýarym aý şekilindäki pessejik haýatdyr. Tawafyň ilkinji üç şawtynda erkek kişiler yztyba we remel edýärler.

Käbäniň gapysynda we her burçunda tekbir, tehlil, salawat we dogalar aýdylýar. Käbäniň her bir burçuna rükün diýilýär. Ilkinji rükün (burç) Hajerül Eswediň ýerleşen burçy bolup, sagdan çepe, Rükni Yraky, Rükni Şami we Rükni Ýemani gelýär.

Tawaf tamamlanandan soň ýer tapylsa, Makamy Ibrahimde iki rekagat tawaf namazy okalýar. Yhram namazynda bolşy ýaly, bu namazyň hem birinji rekagatynda Käfirun, ikinji rekagatynda Yhlas suresini okamak mustahapdyr. Ikindiden soň tawaf eden kişi agşam namazynyň farzyny okandan soň, bu namazyny okamaly. Soňra agşam namazynyň sünneti okalýar.

Tawaf namazy gutarandan soň, dik duran ýeriňden Käbä tarap bakyp doga edilýär. Soňra Zemzem guýusyna baryp, şu doga okalýar we suw içilýär.

«Allahym! Senden bol ryzk, peýdaly ylym we her hili kesellerden şypa dileýärin».

Zyýarat tawafy

Zyýarat tawafy – farzdyr, hajyň iki rüküninden biridir.
a) Zyýarat tawafynyň dürs bolmagynyň şertleri

1. Tawaf Arafat wakfesinden soň edilýär. Arafat wakfesinden öň edilse ýa-da Arafat wakfesine wagtynda durulmasa, zyýarat tawafy dürs bolmaz.

2. Niýet. Tawafa ýöne niýet ýeterlikdir. Hatda tatawwu ýa-da weda tawafy diýip niýet edilse hem zyýarat tawafy eda edildigi hasaplanýar.

3. Belli bir wagtda berjaý etmek.

b) Zyýarat tawafynyň wagty
Zyýarat tawafynyň wagty – Arafat wakfesinden soň, (zilhijje aýynyň 10-njy güni) daň atandan başlaýar. Eger bir sebäp bilen bu tawafy şol wagt edip bilmedik ony soň etse-de bolýar. Ýöne Ymamy Agzama görä, baýramyň üçünji gününiň agşamyna çenli edilmegi wajypdyr. Baýramyň ilkinji güni edilmegi has fazyletlidir. Eger zyýarat tawafy baýram günlerinden soňa goýulsa, jeza hökmünde bir goýun ýa-da geçini gurban etmelidir.

Aýallar özlerine mahsus ýagdaýlary sebäpli baýram günlerinde zyýarat tawafyny edip bilmese, olara hiç hili jeza ýokdur. Bular arassalanandan soň tawaf etmelidirler. Zyýarat tawafynyň berjaý edilmegi bilen ähli gadaganlyklaryň hökümi ýatýar.