«Allahym! Senden bol ryzk, peýdaly ylym we her hili kesellerden şypa dileýärin».

Ylmyhal>>Sa’ý

Sa’ý

Sa’ý sözüniň manysy: ylgamak, gaýrat etmek diýmekdir. Dini taýdan sa’ý Käbäniň gündogaryndaky Safa we Merwe depeleriniň aralygynda ýedi gezek ylgamakdyr. Munuň her gezegi Safadan başlap, Merwede tamamlanýar we her gezegine-de şawt diýilýär.

Buharynyň gürrüň beren bir hadysyna görä, sa’ýyň asly hezreti Ismailiň ejesi Hajaryň suw gözlemek maksady bilen, bu iki depäniň aralygynda ylgandygyna esaslanýar.

Beýleki üç mezhebe görä, sa’ý hajyň rükünlerindendir. Sa’ý haj, ýa-da umre üçin bir gezek edilýär. Özbaşyna ybadat däldigi üçin nafile hökmünde amal edilmeýär.

Sa’ýyň sahyh bolmagynyň şertleri

1. Sa’ý haj ýa-da umre üçin yhrama girilenden soň berjaý edilmelidir. Ýöne yhram eşigi bilen etmek hökman däldir. Sa’ýy zyýarat tawafyndan soň etmek sünnete iň laýygydyr. Bu ýagdaýda yhramsyz hem edilýär.

Umre sa’ýynyň yhramly edilmegi wajypdyr. Umre tawafynyň dördünji şawtyndan soň, saçyny bejerden kişi yhramdan çykýar. Bu kişiniň yhramsyz etjek umre sa’ýy dürsdür. Ýöne sa’ýy tamamlamazdan yhramdan çykyp wajyby terk edendigi üçin jeza hökmünde bir goýun ýa-da geçi gurban etmelidir.

2. Haj sa’ýyny haj aýlary başlandan soň etmelidir.

3. Sa’ýy mugteber bir tawafdan soň etmelidir. Mugteber tawaf taharetli bolup, iň azyndan dört şawty berjaý edilen tawafdyr.

4. Sa’ýa Safadan başlamalydyr.

5. Sa’ýy iň azyndan dört şawt etmelidir. Hanefi mezhebine görä, sa’ýyň dördüsi rükün, soňky üçüsi wajypdyr. Beýleki üç mezhebe görä, hemmesi rükündir.

Sa’ýyň wajyplary

1. Güýji ýetýänler ýöräp sa’ý etmelidir. Güýji ýetmeýänler ulag ulanyp bilýär.

2. Sa’ýy ýedi şawtda tamamlamak. Eger dördünji şawtdan soň, sa’ý etmegi bes etseň, galan her sa’ý üçin sadaka bermelidir.

Sa’ýyň sünnetleri

1.Tawaf namazyny okanyňdan soň, ara wagt salman sa’ýa başlamak.

2. Sa’ýa başlamazdan öň Hajerül Eswedi istilam etmek.

3. Sa’ýy taharetli berjaý etmek. Tawaflaryny arassa ýagdaýda ýerine ýetireninden soň, aýbaşyly aýallaryňam sa’ý etmegi dürsdür. Her şawtyň başynda Safa we Merwe depelerinden Käbe görünjek derejede belende çykyp, Käbä tarap dönüp, tekbir, tehlil hem doga etmek. Doga edeniňde, elleriňi asmana galdyrmak mustahapdyr.

4. Şawtlary yzly-yzyna etmek.

5. Erkek kişiler ýaşyl çyraly sütünleriň arasynda omuzlaryny silkip, gysga ädimler bilen ylgaýan şekilde haýbatly ýöremeli. Muňa herwele diýilýär. Aýallar herwele etmeli däldir.