«Allahym! Senden bol ryzk, peýdaly ylym we her hili kesellerden şypa dileýärin».

Ylmyhal>>Müzdelifede wakfe

Müzdelifede wakfe

Müzdelife – Arafat bilen Mina aralygyndaky Harem çägindäki ýeriň adydyr. Hajda hajylaryň Arafa gününi baýrama baglaýan gijäni bu ýerde geçirmegi sünnetdir. Bu ýerde wakfe bolsa wajypdyr.

Müzdelife wakfesiniň dürs bolmagy üçin ony haj niýeti bilen yhrama girip, Arafat wakfesinden soň etmelidir.

Müzdelife bilen Minany aýyrýan Muhassir jülgesinden başga, Müzdelifäniň islendik ýerinde wakfe edilýär. Kuze dagyndaky Meş’ary-Haram töwereginde wakfe etmek sünnetdir.

Müzdelife wakfesiniň wagty gurban baýramynyň birinji güni, irden daň atandan Gün dogýança aralykdyr. Bu wagtyň dowamynda kişi ukuda bolsa-da, çaşsa-da wakfesi dürsdür.

Arafa güni Gün ýaşandan soň Arafatdan Müzdelifä gelinýär. Agşam bilen ýassy namazy Müzdelifede «jem’i te’hir» edilýär. Ýagny, agşam namazy ýassy bilen birikdirilip okalýar. Şeýle etmek wajypdyr.

Baýram günlerinde şeýtan daşlamak üçin atyljak daşlary şu ýerden ýygnap ýuwup arassalaýarlar.

Müzdelife wakfesiniň sünnetleri

1. Wagt giren badyna ertir namazyny gijikdirmän okamak.

2. Namazdan soň telbiýe, tekbir, tehlil, doga we istigfar bilen töwerek ýagtylýança wakfe edip garaşmak.

3. Mümkin bolsa wakfäni Meş’ary Haramyň töwereginde etmek.

4. Töwerek ýagtylandan soň, Gün dogmanka Mina tarap ýola düşmek.