«Allahym! Senden bol ryzk, peýdaly ylym we her hili kesellerden şypa dileýärin».

Ylmyhal>>Şeýtan daşlamak

Şeýtan daşlamak

Şeýtan daşlamak – baýram günleri Minada kiçi jemre, orta jemre we akabe jemresi diýilýän ýerlere ownuk daşlaryň atylmagy diýmekdir. Hanefi mezhebinde şeýtan daşlanýan günlerde gijäni Minada geçirmek sünnetdir.

Şeýtan daşlamagy dürs ýerine ýetirmegiň şertleri:
1. Jemrelere daşlary başam we süýem barmak bilen tutup zyňmaly.
2. Hanefilere görä, atylýan zadyň daş ýa-da kesek ýaly teýemmüm etmäge jaýyz bir madda bolmalydyr.
3. Daşlary ýeke-ekeden zyňmaly.
4. Daşlar jemre ýeriniň içine ýa-da ýakynyna ýetmelidir.
5. Daşlary güýji ýetýäniň özi zyňmaly, namazyny dik durup okamaga gurbaty çatmaýan, bu işi özgä-de tabşyryp bilýär.

Şeýtan daşlamagyň wagty

Şeýtan daşlamagyň wagty – baýramyň birinji güni daň atandan başlap, dördünji güni Gün ýaşýança aralykdyr.

Baýramyň birinji güni (zilhijjäniň 10-njy güni) diňe akabe jemresine ýedi daş atylýar. Bulary Gün dogandan öýle namazyna çenli aralykda atmak sünnetdir. Öýleden soň, agşam Gün ýaşýança-da atmak bolýar. Gün dogmazyndan öň, Gün ýaşandan soň, daş atmak mekruh saýylypdyr.

Baýramyň ikinji we üçünji günleri her gün (zilhijjäniň 11-12-nji güni) kiçi jemreden başlap, orta we akabe jemresiniň her birine ýedi daşdan, jemi ýigrimi bir daş zyňylýar. Netijede, üç günüň dowamynda kyrk dokuz daş zyňylýar. Ikinji we üçünji günde öýle we agşam aralygy daş atmak sünnetdir. Gün batandan soň mekruhdyr. Öýleden öň daşlamak bolmaýar.

Baýramyň dördünji güni hem ikinji we üçünji gündäki ýaly şeýtan daşlanýar. Ymamy Agzama görä, dördünji gün şeýtan daşlamagyň wagty daň atandan başlanýar. Ýöne öýleden soň daşlamak sünnetdir. Gün ýaşansoň şeýtan daşlamagyň wagty gutarýar. Şeýlelikde, jemi ýetmiş daş şeýtana atylýar.

Dördünji gün – daş atmajaklar daň atandan soň Minadan gitse-de bolýar.

Ýedi daşy yzly-yzyna üç-bäş metr aralykdan atmak, olaryň nohutdan uly, pisseden kiçi bolmagy, her daşy atanyňda «Bismillähi Allahu Ekber» diýmek, kiçi we orta jemrelerde daş atanyňdan soň doga etmek şeýtan daşlamagyň sünnetlerindendir.

Uly daş atmak ýa-da uly daşy owradyp atmak, hapa daşlary atmak, bir jemrede bir gezekde ýedi daşdan köp atmak, jemrelerde tertibi saklamazlyk bolsa, şeýtan daşlamagyň mekruhlaryndandyr.

Hassalyk, garrylyk, maýyplyk ýaly sebäpler bilen jemre ýerine gidip bilmejek ýagdaýdakylar ýerine adam iberip, daşlaryny atdyryp bilýärler. Wekil ilki öz daşlaryny, soňra tabşyran adamyň adyndan daş atmalydyr.

Daş atmak günlerinde bellenen wagt aralygy atylmadyk daşlar kaza edilip atylmalydyr. Bu wajypdyr. Baýramyň dördünji güni hem Gün batandan soň, daş atmak bolmaýar.