Hadysy şerif

«Allahym! Senden bol ryzk, peýdaly ylym we her hili kesellerden şypa dileýärin». (Müslim)

Ylmyhal>>Hajyň sünnetleri

Hajyň sünnetleri

Farz we wajyplardan başga menasyk hajyň sünnetleridir. Sünnetleriň berjaý edilmegi hajyň sogap we fazyletini artdyrýar. Olary sebäpsiz terk etmek mekruhdyr. Pygamberimiz: «Haj menasykyny menden öwreniň! Siz hem meniň amal edişim ýaly ediň» diýipdir, (Müslim). Diýmek, kämil haj diňe sünnetleri berjaý etmek bilen mümkindir. Hajyň sünnet bolan menasykyna asly sünnetler hem diýilýär. Hajyň asly sünnetleri şulardyr:

1. Kudüm tawafy,
2. Hutbeler (Mekge, Arafat we Mina),
3. Arafa gijesini Minada geçirmek,
4. Baýram gijesini Müzdelifede geçirmek,
5. Baýram günleri Minada galmak,
6. Tahsib.

Kudüm tawafy
Kudüm tawafy Mekgä geliş tawafydyr. Ifrad ýa-da kyran hajyny eden afakylara bu amal haj aýlary bolmasa-da sünnetdir. Gijikdirmän amal edilmegi mustahapdyr. Umre ýa-da temettu hajyny eden bilen afaky däl kişi kudüm tawafyny etmeli däl.
Kudüm tawafy Mekgä gelnen günden Arafatda wakfe edilýänçä edilmelidir. Mundan soň bu amal edilmeýär.
Kudüm tawafy hem edil zyýarat tawafy ýaly ýerine ýetirilýär. Ýöne hajyň sa’ýy bu tawafdan soň edilmejek bolsa, yztyba we remel edilmez.

Haj hutbeleri
Haj bilen baglanyşykly üç hutbe bardyr. Birinji hutbe zilhijjäniň ýedinji güni Mekgede öýle namazyndan soň Haremi Şerifde okalýar. Ikinji hutbe Arafa güni Arafatdaky Nemire mesjidinde jemi takdym bilen okalýan öýle we ikindi namazyndan öň aýdylýar. Bu juma hutbesi ýaly okalýar. Üçünji hutbe bolsa, baýramyň ikinji güni öýle namazyndan soň Minada okalýar.

Arafa gijesini Minada geçirmek
Zilhijjäniň sekizinji – terwiýe güni Gün dogandan soň Mekgeden Mina gelmek, öýle, ikindi, agşam, ýassy we ertir namazyny Minada okap, Arafa güni Gün dogandan soň Arafata tarap ýola çykmak sünnetdir.
Häzirki döwürde hajylaryň sanynyň köplügi sebäpli, ýeňillik üçin umuman Mekgeden göni Arafata çykylýar. Gijäni Minada geçirmek we şol ýerde bäş wagt namaz okamak sünneti terk edilýär.

Baýram gijesini Müzdelifede geçirmek
Arafa gününi baýram gününe baglaýan gijäni Müzdelifede geçirmek, ertir namazyny okap, daň atandan soň Mina tarap ýola düşmek sünnetdir.

Baýram günlerini Minada geçirmek
Eýýamy nahr diýilýän – gurban kesmek günlerinde (zilhijjäniň 10-11-12 günleri) Minada galmak we gijäni şol ýerde geçirmek sünnetdir. Beýleki üç mezhebe görä bolsa wajypdyr.

Tahsib
Hajyň soňunda Minadan çykyp, Mekgä girilende, Jennetül muallanyň töwereginde Muhassab diýilýän jülgede az salym dynç almaga tahsib diýilýär. Bu hanefilere görä, sünneti kifaýe, beýleki mezheplerde bolsa mustahapdyr. Bu jülge häzirki döwürde Mekge şäherine goşulandygy üçin bu sünnet berjaý edilmeýär.