Hadysy Şerif (Buhary, Nesaýy, Ibni Maje)

«Kim haj edip, erbet söz we ýaramaz hereketden ýüz öwrüp, günä işden daş dursa, ähli günäsi bagyşlanyp, enesinden doglan günündäki ýaly arassa bolar»

Ylmyhal>>Hajyň hikmetleri

Hajyň hikmetleri

Haj ybadaty tymsaly hereketlerden jemlenýär. Meselem, hajylaryň yhram eşigi kepeni ýatladýar, ynsanyň öljekdiginiň, bu dünýe bilen baglanyşygynyň kesiljekdiginiň tymsalydyr.

Arafatda wakfe kyýamat-magşar gününiň kiçi bir görnüşidir. Şeýtan daşlamak – şeýtanyň hile we was-waslaryna garşy ýigrenç duýmagyň nyşanydyr. Hajylar mundan beýläk ýamanlyk bilen göreş etjekdigine, gurban kesmek bilen bolsa, hemişe gulluga taýyndygyna, gerek ýerinde janlaryny hem Allah ýolunda gurban etjekdigine bu mukaddes ýerde güwä geçýärler. Tawaf (togap) älem nyzamyndan alnan ybadatdyr. Älemde ähli planetalar – Gün, ýyldyzlar, elektronlar we protonlar perwana kimin aýlanýarlar. Towhyd dininiň mukaddes nyşany bolan Käbäniň daşyndan aýlanmak bolsa, dine bolan yşkyň we baglylygyň nyşanydyr. Ýedi togabyň manysy – ýedi menzil bolan ýedi gat asmany we nebsiň ýedi mertebesini geçip, ruhy durmuşa ýetmegiň manysyny düşündirýär.

Haj hem umre ybadatynyň, orazadyr zekatda-da bolmadyk şahsy, ijtimagy, ykdysady, ruhy, nebsi terbiýelemek taýyndan ençeme hikmeti we peýdasy bardyr.

Şahsy hikmeti we peýdasy

1. Şertine laýyk takwalyk bilen berjaý edilen haj barada hadysy şerifde şeýle aýdylýar:
«Kim haj edip, erbet söz we ýaramaz hereketden ýüz öwrüp, günä işden daş dursa, ähli günäsi bagyşlanyp, enesinden doglan günündäki ýaly arassa bolar», (Buhary, Nesaýy, Ibni Maje).

2. Haj – nebsi terbiýeleýär, ahlagyňy, häsiýetiňi gowulaýar. Çünki adaty günlerde mubah bolan işler hem haj döwründe gadagan edilýär. Bu nukdaýnazardan haj – tälim-terbiýe öwredýän mekdepdir. Ynsana sabyr etmäni, pidakärligi, erki, kynçylyklara döz gelmäni öwredýär, ony salyh gul we hakyky takwa derejesine ýetirýär.

3. Yslamyň dörän we ýaýran ýeri bolan bu mübärek ýerlere gitmek, Resulullahyň, şanly sahabalaryň alyp baran göreşlerini, hezreti Ibrahim bilen ogly Ismailiň başdan geçirenlerini ýürekden duýmak, yslamy ýaşamaga ruhlandyrýar. Müňlerçe mukaddes wakalary ýatladýan we Habibullahyň aýagyny basan bu topragy ölen köňülleri dirildýär, musulmanlara yşk we şöwkden doly täze gujur-gaýrat berýär.

4. Beýtullaha we Resulullahyň mazaryna zyýaraty doly berjaý eden gul, ynsanyň ötegçidigine aýdyň düşünýär. Bu dünýäniň ýol üstünde gurlan kerwensaraýdygyna, ynsanyň bu ýerde wagtlaýyndygyna, käbir işleri berjaý etmek üçin iberilendigine göz ýetirýär. Ynsanyň asyl wezipesi iman, yslam, magrifetullah, sünneti-seniýýä tabyn bolmak bilen hezreti Muhammediň (s.a.w.) yzynda Onuň açan gapysyndan Allahyň hemaýatyna girmek we Allahdan başga hiç zada baglanman, diňe Oňa gulluk etmekdir. Şeýlelikde, ähli takwa, ähli yhsan hökmünde ebrar (ýagşyzadalaryň) toparynyň arasyna goşulyp, jennete girmäge we Jemalullahy görmäge naýyl bolmakdyr.

Ijtimagy hikmeti we peýdasy

1. Musulmanlaryň ählisiniň dogandygyny yglan eden Kuran, bu doganlygy haj arkaly dünýä derejesinde aýdyň görkezýär. Musulmanlar hajdan peýdalanyp dünýä musulmanlarynyň we beýleki halklaryň arasyndaky düşünişmezliklere çäre görüp bilýärler.

2. Haj – milletine, reňkine, Watanyna seretmezden, musulmanlary iman we yslam arkaly agyzbirikdirip bir ýere jemleýär. Her bir musulman haj ybadatyny berjaý edýän mahaly, hemmämiziň Ýaradanymyzyň, Mäligimiziň, Rezzakymyzyň... birdigine, Pygamberimiziň, dinimiziň, kyblamyzyň... birdigine akyl ýetirýär.

3. Haj – musulman halklaryň arasyndaky deňligi görkezýän aýdyň nusgadyr. Çünki her bir musulman baý-garyp, sowatly-sowatsyz, ussat-şägirt, serkerde-esger, ýolbaşçy-gullukçy – hemmesi tapawutly eşiklerini aýryp, ak yhrama girişleri ýaly, dünýewi derejelerden hem çykyp, beýleki musulman doganlary ýaly deň derejä gelýärler. Şeýlelikde, olary bir-birinden tapawutlandyrmak mümkin däldir. Olar hakyky üstünligiň, tapawutlylygyň kalbyndaky takwalykdadygyny görer. Bu ýagdaý kyýamat-magşar gününde ynsan birmeňzeş, ak kepenli dirilişlerine meňzär. Magşaryň we hasap gününiň kiçijik bir mysalyna meňzeýän haj ybadaty – ähli musulmanlary hakyky takwalyga tarap alyp gider.

Ylmy-ykdysady hikmeti we peýdasy

1. Hajyň hikmetinden biri hem musulman ýurtlaryň arasynda ykdysady gatnaşygyň ösmegine sebäp bolmagydyr. Ýöne, häzirki döwürde musulmanlar mundan doly peýdalanmagy başarmaýar.

2. Häzirki döwürde Ýewropa döwletleri ykdysady bileleşikleri, erkin bazar zonalaryny döredip başlady. Şular ýaly mümkinçilik musulmanlara haj ybadatynyň farz edilen gününden yhsan edilipdir. Ýöne bu mümkinçiligiň döwrebap ulanylyşy häzirlikçe göwnejaý däl.

3. Ylmyň we tehnikanyň ösüşi halklaryň arasyndaky medeni, ylmy gatnaşyklara gönüden-göni baglydyr. Eger musulmanlar hajyň bu çuň hikmetinden peýdalanyp, ilki döwürdäki ylmy açyşlary ähli musulman ýurtlara ýaýradan bolsalar, onda olar kosmos reketalaryny häzirki döwürden has öň öndürip biljek güýje eýe bolardy.

Ruhy hikmeti we peýdasy

Hajyň psihologik taýdan hem ençeme hikmeti we peýdasy bardyr. Çünki, ynsan ijtimagy barlykdyr. Ol ynanjynda we pikirinde jemgyýetçilik duýgularyny kanagatlandyrmalydyr. Ýagny bir musulman haj ybadaty arkaly ynanjynda we düşünjesinde ýalňyz däldigine göz ýetirse, onuň ynanjy has berkeýär hem artýar. Dünýäniň çar tarapyndan aýry-aýry dillerde gürleýän dürli reňkdäki we mertebedäki adamlaryň onuň özi ýaly ynanýandygyny görmegi, onuň ruhuny göterýär. Yslamyň bäş wagt namazy jemagat bilen okalmagyny ündeýänliginiň bir alamaty hem onuň jemgyýetçilik psihologiýasyna üns berýänligi üçindir. Şeýle hem hepdede bir gezek juma, ýylda iki gezek baýram namazlaryny we ýylda bir gezek haj ybadatyny berjaý etmek bilen, ynsanyň jemgyýetçilik psihologiýasy kanagatlanýar we ruhy galkynyşy ýokary galýar.