«Allahym Seniň ryzaň üçin umre etmek isleýärin. Ony maňa ýeňil kyl we menden kabul eýle»

Ylmyhal>>Umre

Umre

Umre – yhrama girip tawaf we sa’ý edeniňden soň, saçyňy syrdyryp ýa-da gysgaltdyranyňdan soň yhramdan çykmak bilen tamamlanýar. Hanefi we mäliki mezhebinde ömrüňde bir gezek umre ybadatyny etmek müekked sünnetdir. Şafygy we hanbeli mezhebine görä farzdyr.

Umre üçin belli bir wagt ýokdur. Remezan aýynda edilmegi has fazyletlidir. Ýöne Arafa güni daň atandan gurban baýramynyň dördünji güni Gün ýaşýança aralykda, ýagny, teşrik günleri umre etmek tahrimen mekruhdyr. Beýleki üç mezhepde bolsa, haj etmedik kişi islän wagty umre edip bilýär. Haj edenler bolsa, mälikilere görä baýramyň dördünji güni Gün ýaşýança, şafygylara görä bolsa, weda tawafyndan başga hajyň ähli menasykyny berjaý edýänçäň umre etmek bolmaýar.

Umräniň farz we wajyplary

Umräniň farzlary yhram we tawafdan ybaratdyr. Yhram şert, tawaf bolsa rükündir. Safa bilen Merwe aralygynda sa’ý etmek, saçlaryňy syrdyrmak ýa-da gysgaltmak umräniň wajybydyr. Umre zyýaratynda hajda edilýän Arafat we Müzdelife wakfeleri, kudüm we weda tawaflary, şeýtan daşlamak ýokdur.

Umräniň amal edilişi

Umre etjekler miýkatlarda ýa-da harem çäginiň daşynda yhrama girmeli.

Allahümme inni uridul-umrete feýessirha liý we tekabelleha minniý
«Allahym Seniň ryzaň üçin umre etmek isleýärin. Ony maňa ýeňil kyl we menden kabul eýle» diýip, niýet we doga edeniňden soň telbiýe getirilýär. Soňra Haremi şerife gelip, umre tawafyny edýärler. Tawaf namazyny okap, sa’ý edilýär. Sa’ýdan soň saç syrdyrylýar ýa-da gysgaldylýar.

Haj we umräniň amal edilişi

a) Haj we umre ybadaty yhrama girmek bilen başlanýar.
Yhrama girmezden öň dyrnaklar kesilip, goltuk we gasyk gyllary aýrylýar. Gerek bolsa, saç-sakgal timarlanýar. Mümkin bolsa gusul edilýär ýa-da taharet kylynýar. Gusul almak taharetden has fazyletlidir. Suw ýok ýa-da ulanylmaýan bolsa teýemmüm kylynmaýar. Çünki bu taharet ýa-da gusul beden arassalygy üçindir. Şol sebäpli şeýle etmek taharetli bolanlara we aýbaşyly aýallara hem sünnetdir. Mudan soň erkek kişiler yhrama girýär, niýet we telbiýe getirýär. Hajyň haýsy ybadatyny etjekdigiňe baglylykda şeýle niýet edilýär:
Ifrat hajy üçin:
Allahümme inni uriýdu wel-hajja feýessirha liý we tekabbeleha minni
«Allahym, seniň razylygyň üçin haj etmek isleýärin. Ony maňa ýeňilleşdir we kabul et!»

Temettu hajy üçin:
Allahümme inni uriýdul-umrate feýessirha liý we tekabelleha minni
«Allahym, seniň razylygyň üçin umre etmek isleýärin. Ony maňa ýeňilleşdir we kabul et!»

Kyran hajy üçin:
Allahümme inni uriýdul-umrate wel-hajja feýessirha liý we tekabbeleha minni
«Allahym, seniň razylygyň üçin haj we umre etmek isleýärin. Olary maňa ýeňilleşdir we ikisini hem kabul et!»

Aýallar adaty eşiklerinde galýar. Olaryň diňe ýüzi açyk bolýar. Eger kerahat wagty däl bolsa, iki rekagat yhram namazyny okap, Mekgä tarap ýola düşülýär.

Mekgä gije ýa-da gündiz girmegiň tapawudy ýokdur. Ýöne gündiz girmek mustahapdyr. Mümkin bolsa gusul, ýogsa taharet alynýar we telbiýe okalýar. Soňra Mesjidi harama gidilýär. Beýtullah görnende, üç gezek tekbir we tehlil getirilip doga edilýär. Mesjidi harama mümkin bolsa, Beni Şeýbe derwezesinden girilýär. Farz namazynyň wagty däl bolsa, derrew tawafa başlanýar.

b) Ifrat hajynda ilkinji edilmeli tawaf «kudüm tawafy», temettu we kyran hajynda bolsa, «umre tawafydyr».
Temettu we kyran hajynda umre tawafyndan soň, umräniň sa’ýy edilmelidigi üçin, tawafda «yzytba» we «remel» edilýär. Ifrat hajynda bolsa, eger haj sa’ýy kudüm tawafynyň yzyndan ediljek bolsa, tawafda «yzytba» we «remel» edilýär, ýogsa edilmeýär. Mümkinçilik bar bolsa Makamy Ibrahimiň yzynda, ýogsa mynasyp bir ýerde tawaf namazyny okap doga edilýär. Soňra Zemzem suwy içilýär. Temettu we kyran hajyny edýänler umre sa’ýyny, ifrat hajyny edýänler bolsa, isleseler haj sa’ýyny berjaý edýärler.

Ifrat hajyny edýänler haj sa’ýyny etseler-etmeseler saçlaryny syrdyryp ýa-da gysgaldyp yhramdan çykmaly däldir.

Temettu hajyny edýänler miýkatda diňe umrä niýet edendikleri üçin umräniň sa’ýyny berjaý edenlerinden soň, saçlaryny gysgaldyp ýa-da syrdyryp yhramdan çykýarlar. Täzeden haj üçin yhrama girýänçäler, Mekgede yhramsyz bolýarlar. Terwiýe güni (zilhijjäniň sekizinji güni) ýa-da isleseler ondan hem has öň haj üçin yhrama girýärler. Haj üçin yhrama girenlerinden soň, nafile tawaf edýärler. Onuň yzyndan haj sa’ýyny berjaý edip, wakfe üçin Arafata çykýarlar.

Kyran hajyny edýän yhrama girende haj üçin hem niýet edendigi sebäpli, umre sa’ýyndan soň, saçyny gysgaltmaýar ýa-da syrdyrmaýar we yhramdan çykmaýar. Ol umre sa’ýyny berjaý edenden soň, gerek bolsa az salym dynç alyp, soňra kudüm tawafyny edip, tawaf namazyny okaýar. Islese haj sa’ýyny kudüm tawafynyň yzyndan, islese zyýarat tawafyndan soň edýär. Ol haçan sa’ý etjek bolsa, sa’ýdan öňki tawafda yztyba we remel edýär.

ç) Haj menasykynyň eda edilýän günleri.
Haj menasyky zülhijjäniň 8-inden13-ine çenli aralykda amal edilýär. Bu günleriň her birinde amal edilýän menasyk şeýledir:

Terwiýe güni – zülhijjäniň 8-inde ifrat, temettu ýa-da kyran hajyny eden hajylaryň ählisi Mekgeden çykyp, Mina ýa-da Arafata gidýär. Terwiýe güni öýle namazyndan Arafa güni ertir namazyna çenli, bäş wagt namazy Minada okamak we gijäni şol ýerde geçirip, Gün dogandan soň Arafata tarap ýola düşmek sünnetdir.

Arafa güni – zülhijjäniň 9-ynda günortana çenli dynç alnyp, ybadat edilýär. Günortadan soň, mümkin bolsa gusul edilýär. Öýle we ikindi namazlary «jem’i takdim» bilen okalýar. Soňra wakfe edilýär. Bütin günüň dowamynda telbiýe, tekbir, tehlil, zikir, tesbih, salawaty şerife, doga, namaz-nyýaz, toba-istigfar, Kurany Kerimi okamak ýaly ybadatlar edilýär. Pygamberimiz: «Şu gün gözüne, gulagyna we diline ägä bolanyň eden günäleri bagyşlanar» diýipdir, (Ahmet b. Hanbel, «Müsned»). Gün ýaşandan soň agşam namazyny okaman Arafatdan Müzdelifä tarap ýola düşülýär, agşam we ýassy namazlary jem’i te’hir edilip okalýar. Baýram gijesi bu ýerde dynç alnyp ybadat bilen geçirilýär. Şeýtan daşlamak üçin ýeterlik daş alynýar.

Baýramyň ilkinji güni – ýewmi nahr (zülhijjäniň onunda) wagty giren badyna ertir namazyny okap, namazdan soň töwerek ýagtylýança wakfe edilýär. Gün dogmazdan öň Mina tarap ýola düşülýär.

Minada ilki Akabe jemresinde şeýtan daşlanýar. Mundan soň telbiýe aýdylmaýar. Soňra harem çäklerinde gurban kesilýär. Özi gurban kesmejek bolsa, bu işi birine tabşyrýar. Temettu we kyran hajyny edenleriň şükür gurbanyny kesmegi wajypdyr. Ifrat hajyny edýänleriň gurban kesmegi hökman däldir. Isleseler nafile gurban kesýärler.

Ifrat hajyny edýän Akaba jemresine daş atandan soň, temettu we kyran hajyny edýän bolsa, gurban kesenden soň saçyny gysgaldyp ýa-da syrdyryp yhramdan çykýar. Haj edýänler saçyny özi timarlasa hem bolýar. Yhramdan çykylandan soň, jynsy gatnaşykdan başga, yhramyň ähli gadaganlyklary aýrylýar. Jynsy gatnaşyk bilen baglanyşykly gadaganlyk zyýarat tawafy edilenden soň aýrylýar.

Şol gün, mümkin bolsa, Mekgä baryp, zyýarat tawafy edilýär. Öň haj sa’ýyny etmedik zyýarat tawafyndan soň ony berjaý edýär. Zyýarat tawafyny baýramyň ilkinji güni etmek has fazyletlidir. Ilkinji güni edip bilinmese, üçünji gün Gün ýaşýança hökman edilmelidir. Bu wajypdyr.

Baýramyň ilkinji güni zyýarat tawafyny eden tawafdan soň ýene Mina dolanyp gelýär. Çünki, şeýtan daşlanýan günlerde gijäni Minada geçirmek sünnetdir. Beýleki üç mezhebe görä bolsa wajypdyr.

Baýramyň 2-3 günleri günortadan soň, tertip boýunça, kiçi,orta we Akabe jemrelerinde ýedi-ediden daş zyňylýar. Kiçi we orta jemrelere daş atanyňdan soň, bir gyra çekilip doga edilýär. Akabe jemresinde şeýtan daşlanandan soň, doga üçin garaşman ol ýerden gidilýär. Bu iki gün öýleden öň şeýtan daşlanmaýar.

Baýramyň dördünji güni jemrelere daş atmajak ertir namazanyň wagty girmänkä Minadan gitmelidir. Onuň baýramyň üçünji güni Minadan çykyp gitmegi sünnetdir. Gün ýaşandan soňa galmak mekruhdyr. Dördünji gün daň atmanka Minadan gitmedik, şol gün üç jemräniň hersine ýedi-ediden daş atýar. Ýöne daş atmak işi günortana çenli gutarylmalydyr. Şeýtan daşlamak tamam bolandan soň, Minadan Mekgä tarap ýola düşülýär.

Afakylar Mekgeden çykmanka weda tawafyny edýär. Şeýlelikde, haj ybadaty tamamlanýar.