Hadysy Şerif (Ahmed ibni Hanbel, "Müsned"):

«Şu gün gözüne, gulagyna we diline ägä bolanyň eden günäleri bagyşlanar»

Ylmyhal>>Hajda – aýallar

Hajda – aýallar

Haj we umre ybadatynda aýalyň erkek kişiden tapawutly ýagdaýy şulardyr:

1) Yhramlyka egin-eşik, ellik, aýakgap geýip bilýär. Başlaryny örtýärler. Aýalyň diňe ýüzleri açyk bolmaly.
2) Telbiýe, tekbir, tehlil we doga edende sesini gataltmaýar.
3) Tawafda yztyba we remel, sa’ýda bolsa herwele etmeýär.
4) Yhramdan çykandan soň, saçynyň ujundan diňe bir barmak boýy çyrpýar.
5) Erkekleriň arasynda gysylmazlyk üçin Hajerül-Eswedi daşyndan istilam edýär.
6) Hajdan soň aýbaşyly bolsa, Mekgeden gaýtjak bolanda weda tawafyny etmeýär.
7) Aýal aýbaşylyka hajyň tawafdan başga ähli menasykyny berjaý edip bilýär. Ol zyýarat tawafyny baýramyň ilkinji üç gününden soň berjaý edende ýa-da weda tawafyny terk edende jeza ýokdur.

Aýbaşyly aýal kudüm ýa-da umre tawafyny etmän Arafat wakfesini etmäge mejbur bolan ýagdaýynda:

a) Ifrat hajyny etmek niýeti bilen yhrama giren bolsa, arassalanandan soň, zyýarat we weda tawafyny edýär. Kudüm tawafyny terk edendigi üçin hiç hili jezasy ýokdur. Onuň hajy tamam bolýar.

b) Temettu hajy niýeti bilen yhrama giren bolsa, Arafata çykanda haj üçin niýet we telbiýe getirip, umre yhramyndan çykýar. Hajdan öň umre etmändigi üçin onuň hajy ifrat hajy bolýar. Bu ýagdaýda temettu gurbanyny kesmeýär. Ýöne hajdan soň bu umräni kaza etmelidir. Umre yhramyndan çykandygy üçin jeza gurbanyny kesýär.

Beýleki mezheplere görä, niýet we telbiýe aýtmak, umre yhramy bilen haj yhramyny birikdirýändigi üçin ol kyran hajyna öwrülýär. Şol sebäpli şükür gurbanyny kesmelidir. Ýöne hajdan soň umre üçin aýratyn tawaf we sa’ý etmeýär. Haj üçin edilen tawaf we sa’ý umre üçin hem ýeterlik bolýar.

ç) Kyran hajy üçin yhrama giren bolsa, umre tawafyndan öň Arafat wakfesini edendigi sebäpli, umresi bozulýar we ifrat hajyna öwrülýär. Bu ýagdaýda şükür gurbanyny kesmegi gerek däldir. Hajdan soň bu umräni kaza edýär. Şonuň üçin jeza gurbanyny hem kesmeýär.

Beýleki mezheplere görä umre bozulmaýar. Kyran üçin şükür gurbanyny kesmelidir. Umre üçin hajdan soň aýratyn tawaf we sa’ý etmeýär. Haj üçin edilen tawaf we sa’ý umre üçin hem ýeterlik bolýar.