Bakara süresi, 196-njy aýat

«Her kim haj bilen umräni berjaý edip, sogap gazanmak islese, ol özi üçin aňsat bolan gurbany kessin»

Ylmyhal>>Haj we umre bilen baglanyşykly gurban kesmek

Haj we umre bilen baglanyşykly gurban kesmek

Hajyň we umräniň menasyky bilen baglanyşykly kesilen gurbana «hedý» diýilýär. Hedý – Käbe, Harem üçin hediýe – sowgat niýeti bilen kesilen gurban diýmekdir. Gurban baýramynda kesilen gurbanlara bolsa «udhiýe» diýilýär. Hediýe niýetlenen maldyr. Gurban baramyna niýetlenen malyň zerur bolan şertleri deňdir.

Miýkatyň çäginiň daşyndan haja gelenler myhman saýylýandygy üçin, udhiýe gurbany olara wajyp däldir. Olaryň wekil belläp öz ýurdunda gurban kesdirmegi hem hökman däldir. Ýöne isleseler bu gurbany olar nafile hökmünde kesip bilýär.

Kyran ýa-da temettu hajyna niýet edeniň gurban baýramynyň 1-2-3 gününde Haremiň çäginde hedý gurbanyny kesmegi wajypdyr. Kurany Kerimde bu barada
«Her kim haj bilen umräni berjaý edip, sogap gazanmak islese, ol özi üçin aňsat bolan gurbany kessin» diýilýär, (Bakara, 196).

Ifrat hajyny edýän üçin hedý gurbanyny kesmek wajyp däldir.

Goýun we geçiden kesilen gurbana «dem», sygyr we düýeden kesilen gurbana bolsa, «bedene» diýilýär.

Hedý gurbanynyň görnüşleri

Tatawwu (nafile) we wajyp diýilýän iki görnüşi bardyr.
Tatawwu’ hedý
Ifrat hajyny ýa-da diňe umre edýäniň bu menasyklar bilen baglanyşykly gurban kesmegi wajyp däldir. Ýöne islese, nafile hökmünde gurban kesip bilýär. Bu mustahapdyr.

Wajyp hedý
Bu öz arasynda birnäçe görnüşe bölünýär:
a) Şükür hedý – temettu ýa-da kyran hajyny edýäniň bir möwsümde hajdyr umräni berjaý edendigine şükür niýeti bilen kesen gurbanydyr. Kyran we temettu hajy ifrat hajyndan fazyletlidir. Şonuň üçin bu gurbana şükür gurbany diýilýär.

b) Jeza hedý – hajyň wajyplaryndan birini sebäpsiz terk etmek, wagtynda berjaý etmezlik yhram ýa-da Haremiň çäklerindäki gadaganlyklaryň birini bozmak sebäpli kesilýän gurbandyr.

ç) Yhsar hedý – haj ýa-da umre üçin yhrama gireniňden soň, duşman, hassalyk, aýalyň ýanyndaky mähreminiň aradan çykmagy, pulunyň ýitmegi ýaly sebäp bilen haj ybadatyny tamamlaman wakfe ýa-da tawaf etmän yhramdan çykmaga mejbur bolan kişileriň kesen gurbanlaryna bolsa, «yhsar hedý» diýilýär.

d) Nezir hedý – Harem çäginde «keserin» diýlip niýet edilen gurbandyr.

Hedý gurbanlarynyň kesilýän wagty we ýeri
Hedý gurbany Harem çäginde kesilmeli. Eger şeýle edilmese, tatawwu’dan başgasy täzeden Harem çäginde kesilmelidir. Gurban baýramynyň ilkinji üç gününde kesiljek hedý gurbanynyň Minada kesilmegi sünnetdir. Beýleki günlerde kesiljekleriň bolsa, Mekgede kesilmegi has sogaplydyr.

Temettu we kyran hajyny edýäniň şükür gurbany hökman baýramyň ilkinji üç gününde kesilmelidir. Ymamy Agzama görä, bu wajypdyr. Eger şol wagtda kesilmese, soňundan biri jeza, beýlekisi kaza niýeti bilen iki janly gurban kesilýär.

Ebu Ýusuf we Ymam Muhammede görä, şükür gurbanynyň eýýamy nahrda (gurbanlygyň ilkinji üç gününde) kesilmegi wajyp däl-de sünnetdir. Şonuň üçin gurban baýramy günlerinde sebäpsiz kesmän soňa goýmak mekruhdyr. Jeza hem gerek däldir.

Ymam Mälige we Ahmet b. Hanbele görä, temettu we kyran hajy üçin kesilýän şükür gurbany baýramyň ilkinji üç gününde kesilmelidir. Soňa galsa diňe kazasy hökmünde bir janly kesilýär.

Şafygy mezhebine görä bolsa, temettu we kyran hedýleri şükür gurbany däl-de, jeza gurbany saýylýandygy üçin belli bir wagtda kesmek hökman däldir. Yhrama gireniňden soň, islendik wagtda kesilip bilinýär.

Hedý gurbanynyň eti

Tatawwu’ we şükür hedý gurbanlaryndan her kesiň, gurban keseniň özüniň hem iýmegi mustahapdyr. Ýöne nezir, jeza we yhsar hedýlerden eýesi iýip bilmeýär. Eger iýjek bolsa, iýen mukdarynyň bahasyny sadaka hökmünde mätäje bermelidir.

Gurban kesmegiň ýerine agyz beklemek

Dürli sebäp bilen hedý gurbanyny kesip bilmedik haj möwsüminde üç gün, hajdan soň ýedi gün – jemi on gün oraza tutmalydyr. Ilkinji üç gün yhrama gireniňden soň, gurban baýramynyň ilkinji gününe çenli tutulmalydyr. Temettu hajynda: heniz haj üçin yhrama girmänkäň we umre yhramyndan soň, üç gün agyz beklemek bolýar. Ýöne, gurban baýramyndan öň, bu üç güni tamamlap bilmedik kişiniň orazasy gurbanyň ýerini tutmaz. Şol sebäpli gurban kesmezden saçyny syrdyryp ýa-da gysgaldyp yhramdan çykmaga mejbur bolan, Ymam Agzama görä, temettu ýa-da kyran hajyny edeni üçin şükür gurbanyny, şeýle hem wagtynda kesip bilmändigi üçin jeza gurbanyny kesmelidir. Ebu Ýusuf we Ymam Muhammede görä bolsa, şükür hedýleriniň eýýamy nahrdan soň kesilmegi mekruhdyr, ýöne jezasy ýokdur.

Hajdan soňky ýedi gün agyz beklemek teşrik günlerinden başga gün Mekgede tutsaň bolar. Ýöne öz ýurduňa dolanyp, soň tutmak has fazyletlidir. Üç we ýedi günlük agyz beklenende yzly-yzyna ýa-da arasyna gün salnyp amal edilse-de dürsdür. Ýöne ara gün salman tutmak has fazyletlidir.