Bakara süresi, 196-njy aýat

«Her kim haj bilen umräni berjaý edip, sogap gazanmak islese, ol özi üçin aňsat bolan gurbany kessin»

Ylmyhal>>Haj we umräniň jenaýatlary

Haj we umräniň jenaýatlary

Haj ýa-da umrede berjaý edilmeli menasykdan biriniň terk edilmegine, wagtynda amal edilmezligine ýa-da yhrama gireniňden soň Haremiň çäginde gadagan bolan bir amalyň edilmegine – jenaýat diýilýär.

Haj we umrede edilen her bir jenaýatyň jezasy bardyr. Bu amallaryň jenaýatdygyny bilip-bilmezligiň arasynda tapawudyň bolmaýşy ýaly, sebäpli-sebäpsiz, ýalňyşyp ýa-da unudyp etmek hem deňdir. Ýöne bulary bilgeşleýin etmek günädir. Beýle adam onuň jezasyna amal etse-de, toba-istigfar hem etmelidir.

Haj we umräniň jenaýatlarynyň jezasy şulardyr:

1. Haj ýa-da umräni kaza etmek,
2. Bedene (düýe ýa-da sygyr) gurban kesmek,
3. Dem (goýun ýa-da geçi) gurban kesmek,
4. Sadaka (fytyr sadakasynyň mukdarynda) bermek,
5. Fytyr sadakasyndan az mukdarda sadaka bermek,
6. Oraza tutmak,
7. Bahasyny tölemek.

Haj we umräniň bozulmagyna sebäp bolýan we kaza edilmegini zerur edýän jenaýatlar:

1. Haj üçin yhrama girenden soň heniz Arafat wakfesini etmänkä jynsy gatnaşykda bolan kişiniň hajy bozulýar. Bu haj geljekde kaza edilmelidir. Eden jenaýaty sebäpli bir «dem» gurban kesmelidir. Ýöne kişi Arafat wakfesinden soň, ýagny, saçyny syrdyryp ýa-da gysgaldyp yhramdan çykmazdan öň jynsy gatnaşyk etse hajy bozulmaýar. Ol jeza hökmünde bir düýe ýa-da sygyr gurban kesmelidir. Beýleki mezheblere görä şol ýagdaýda haj bozulýar.

2. Umre üçin yhrama gireňden soň, umre tawafynyň ilkinji dört şawtyny berjaý etmänkä jynsy gatnaşyk edeniň umresi bozulýar. Bu kişi umräni taşlaman tamamlap yhramdan çykmaly. Soňra umräni kaza etmeli we eden jenaýaty sebäpli bir «dem» gurban kesmelidir.

«Bedene» gurban kesmegi zerur edýän jenaýatlar:

1. Arafat wakfesinden soň, ýagny heniz saçyny syrdyrman yhramlyka jynsy gatnaşykda bolmak.

2. Zyýarat tawafyny jünüp halda berjaý etmek. Çünki tawafyň taharetli edilmegi wajypdyr. Aýalyň haýzlyka zyýarat tawafyny etse-de şonuň ýaly jezany zerur edýär.

Jünüp ýa-da taharetsiz halda edilen tawaf haýsy görnüşde bolmagyna garamazdan, taharet kylnyp, täzeden amal edilse jezasy aýrylýar. Jünüp halda edilen tawafyň taharetlenip täzeden amal edilmegi wajyp, taharetsiz edilen tawafyň bolsa taharet kylnyp täzeden amal edilmegi mendupdyr.

Beýleki üç mezhebe görä, hadesden taharet tawafyň syhhatynyň şertidir. Şonuň üçin taharetsiz ýa-da jünüp halda edilen tawaf batyldyr, dürs däldir.

«Dem» gurban kesmegi zerur edýän jenaýatlar:

Bular haj we umräniň wajyplary we yhram gadaganlyklary bilen baglanyşykly jenaýatlar bolup, iki görnüşe bölünýär:
a) Haj we umräniň wajyplary bilen baglanyşykly jenaýatlar:
1. Miýkaty yhramsyz geçmek. Haj ýa-da umre menasykyndan heniz hiç zat edilmänkä, yzyňa dolanyp miýkatda yhrama girilse jeza aýrylýar.

2. Sa’ý etmegiň iň azyndan dört şawtyny ýa-da ony doly terk etmek, ýa-da sebäp ýokka ýöräp berjaý etmek.

3. Müzdelife wakfesini sebäpsiz terk etmek. Hassalyk, garrylyk ýa-da daryşganlyk sebäpli, müzdelifede wakfe etmediklere hiç hili jeza ýokdur.

4. Şeýtan daşlamagy terk etmek ýa-da bir günde atylmaly daşyň ýarysyndan köpüsini wagtynda atmazlyk. Ýarysyndan köpüsi atylan bolsa, galan her bir daş üçin sadaka bermeli.

5. Zyýarat ýa-da umre tawafynyň soňky üç şawtyny ýa-da diňe birini etmezlik.

6. Afaky bolanlaryň weda tawafyny doly ýa-da iň azyndan dört şawtyny etmezligi.

7. Zyýarat, umre we weda tawaflarynda setri awreti doly berjaý etmezlik.

8. Zyýarat we umre tawaflaryny taharetsiz, kudüm we weda tawaflaryny jünüp halda berjaý etmek.

9. Arafa güni Arafatdan Gün ýaşmanka ýola düşmek.

10. Tertibe laýyk amal edilmegi wajyp bolan menasykda tertibi saklamazlyk. Meselem: zyýarat tawafyny baýram günlerinden soň etmek, jemrelerde şeýtan daşlamak tertibini saklamazlyk, Harem çäginiň daşynda ýa-da baýram günlerinden soň saçyňy gysgaltmak.

b) Yhram gadaganlyklary bilen baglanyşykly jenaýatlar:
1. Bir gezekde, şol bir ýerde we şol bir wagtda, tutuş bedeniňe ýa-da bedeniň bir agzasyna atyr sepmek. Eger-de dürli ýerde we dürli wagtda sepinilse, her bir agza üçin jeza möhümdir.
Bir agzanyň hemmesine däl-de, diňe bir bölegine atyr sepinen kişi sadaka bermelidir.
Yhrama sepilen atyryň ini we boýy bir garyşdan uly bolsa, ysyň täsiri bir gije-gündizläp ýitmese, bir «dem» gurban kesmelidir. Şol mukdarda we şol täsirde bolmasa sadaka bermelidir. Beýleki mezheplerde atyr sepinmegiň jezasy üçin mukdar we wagt şerti ýokdur. Diňe sepinmek ýeterlikdir.

2. Bedeniň agzalarynyň birine ýa-da saç-sakgalyňa bezeg üçin saç ýagy ýaly zatlary çalmak, ýa-da hyna, saç boýagy bilen boýamak.
Bejermek maksady bilen ulanylan derman, melhem ýa-da yssyz krem üçin jeza ýokdur.

3. Erkek kişiniň gündiz-u- gije tikinli egin-eşik, jorap, aýakgap geýmegi, başyny we ýüzüni ýapmagy. Eger bular gijäniň ýa-da gündiziň möhletinden az wagtlyk geýilse sadaka berilýär. Şafygy we hanbeli mezhebine görä, jeza üçin az salym geýmek hem ýeterlikdir.

4. Saçyň we sakgalyň iň azyndan dörtden birini kesmek. Mundan az bolsa sadaka bermek ýeterlikdir.

5. Bir gezekde, şol bir ýerde dyrnagyň ählisini aýyrmak. El we aýagyň dyrnagy aýry-aýrylykda dürli wagtda aýrylsa, her biri üçin aýratyn jeza bardyr. Öz-özi gopan ýa-da döwlen dyrnak üçin jeza ýokdur.

6. Saçyňy syrdyranyňdan ýa-da gysgaldanyňdan soň, heniz zyýarat tawafyny etmänkäň jynsy gatnaşykda bolmak.

7. Yhramlykaň ýanýoldaşyň bilen oýnaşmak, öpüşmek.

8. Hajda saç-sakgal syrmagyň ýa-da gysgaltmagyň keffareti:
Hajda yhrama gireniňden soň hassalyk ýa-da başga bir betbagtçylyk sebäpli wagtyndan öň saçyny ýa-da sakgalyny syrdyrmaly bolan kişi keffaret bermelidir. Kurany Kerimde bu mesele şeýle düşündirilýär:
«Sizden biriňiz hassa bolany ýa-da başyna bir ýara salnany sebäpli, wagtyndan öň saçyny syrdyrsa, ol agyz beklemeli, sadaka bermeli, ýa-da gurban kesmelidir» (Bakara 196). Pygamberimiz bu keffareti şeýle düşündirýär:

1. Islese Harem çäginde bir «dem» gurban kesip bilýär.
2. Islese halan ýerinde yzly-yzyna ýa-da ara gün salyp, alty gün agzyny bekläp bilýär.
3. Islese, alty sany garyby ertirine we agşamyna ýa-da bir garyby alty günläp doýurýar.

ç) Fytyr sadakasynyň mukdarynda sadaka bermek bilen baglanyşykly jenaýatlar:
1. Bedeniň agzalaryndan biriniň hemmesine däl-de, bir bölegine atyr sepinmek ýa-da ýag çalmak.
2. Saç we sakgalyň dörtden birinden azyny kesmek.
3. El ýa-da aýagyň dyrnagyndan bir bölegini aýyrmak, ýa-da dürli wagtda aýyrmak. Şunda her bir dyrnak üçin aýratyn jeza bardyr.
4. Gündiziň ýa-da gijäniň bir böleginde egin-eşik geýmek.
5. Kudüm ýa-da weda tawafyny taharetsiz amal etmek.
6. Weda tawafyny ýa-da sa’ýyň dördünji şawtyndan soňky şawtlaryny doly amal etmezlik, ýa-da ýöräp etmek. Amal edilmedik her şawt üçin aýratyn jeza möhümdir.
7. Farz we wajyp bolmadyk tawaflarda setri-awreti berjaý etmezlik.
8. Jemrelere daşy bolmalysyndan az atmak. Atylmadyk daşlaryň her biri üçin aýratyn jeza möhümdir.

g) Fytyr sadakasynyň mukdaryndan az sadaka bermek bilen baglanyşykly jenaýatlar:
1. Yhramsyz adamyň dyrnagyny ýa-da murtuny kesmek. 2. Öz bedeniňden gyl goparmak. 3. Çekirtge we ş.m. mör-möjegi öldürmek.

d) Bahasyny tölemek bilen baglanyşykly jenaýatlar:
Haj möwsüminde yhrama giren musulmanyň aw awlamagy, peýwagtyna gögeren ösümligi goparmak haramdyr. Goparsa bahasy mukdarynda sadaka bermelidir. Adam eli bilen ekilen agaç we ösümlik goparylsa jezasy ýokdur. Kurany Kerimde bu mesele barada şeýle aýdylýar:

«Eý, iman getirenler, siz yhramlykaňyz aw etmäň. Içiňizden biri bilip aw etse, oňa jeza bardyr. Şol jeza içiňizden iki sany adyl şaýadyň beren hökümine laýyklykda, öldüren haýwanyna deň bir maly gurban kesmekdir. Bu Käbe üçin kesilýän bir hedý gurbanydyr ýa-da garyplary doýurmak, ýa-da agyz beklemekdir. Şeýlelikde, ol eden günäsiniň jezasyny çeker», (Maide, 95).

Haj we umräniň jenaýatlarynyň jeza we keffaretiniň berjaý edilmeli wagty we ýeri
Haj we umrede edilen jenaýatyň jeza we keffaretini berjaý etmek üçin belli bir wagt ýokdur. Ömrüň ahyryna çenli amal etseň bolar. Ýöne jenaýatyň haj ýa-da umrede döreden aýbyny näçe tiz aýyrsaň, şonça gowudyr. Ony berjaý etmän dünýeden öten, eger wesýet etmese günäkär bolýar. Wesýet edilmedik ýagdaýynda, mirasdüşerleri teberru (bagyş) hökmünde berjaý etseler dürsdür.

Agyz beklemek, sadaka bermek, bahasyny tölemek jezalarynyň amal edilmegi üçin belli bir ýer bolmagy şert däldir. Bular islendik ýerde we wagtda berjaý edilip bilinýär. Ýöne, jeza gurbany diňe Harem çäginde kesilmelidir. Gurbanyň we sadakanyň Harem çägindäki garyplara paýlanmagy hökman däldir.