Hadysy Şerif (Müslim, Haj, 437, 1349-njy hadys)

«Kabul edilen hajjyň garşylygy Jennetden başka zat däldir. Umre hem başga bir umre bilen arasyndaky günäleri pozar.»

Ylmyhal>>Bedel hajy

Bedel hajy (Başga biriniň ýerine haja gitmek)

Ybadat üç görnüşde: beden bilen, mal bilen ýa-da beden hem mal bilen berjaý edilýär. Haýsy görnüşde edilenine garamazdan, amal edilen bir ybadatyň sogaby başga kişä bagyşlanyp bilinýär. Özüne sogap bagyşlanan kişi ony kabul edip bilýär. Ýöne, bir kişi farz ybadatyny amal etmek üçin başga birini wekil edinip bilýärmi? Şeýlelikde, farz we wajyp bolan ybadatyň jogapkärçiligi onuň egninden aýrylýarmy?

Bu meselede: namaz, oraza, itikaf ýaly, diňe beden bilen amal edilýän ybadatda wekillik asla dürs däldir. Hiç kim başga biriniň ýerine oraza tutup, namaz okap bilmez. Çünki bedeni ybadatlar nebsi bet arzuwlardan, erbet gylyk-häsiýetlerden saklap, ýagşy duýgular bilen bezemek üçin meşrug kylnandyr. Şonuň üçin bedeni ybadatlar şahsyň hut özi tarapyndan amal edilmelidir.

Zekat, fytyr sadakasy we gurban kesmek ýaly diňe mal bilen amal edilýän ybadatlarda wekillik dürsdür. Mal bilen berjaý edilýän ybadatlaryň maksady mätäçleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, jemgyýetde deňagramlylygy sazlamakdyr.

Haj ýaly, beden hem mal bilen berjaý edilýän ybadatlarda bolsa, garrylyk, hassalyk, aýalyň mähreminiň bolmazlygy ýaly zerurlyk sebäpli wekil edinmek bolýar. Ýöne haj farzyny amal etmäge güýji ýetýän biri bu farzy amal etmän, ýa-da ýerine wekil ibermän ölüm ýassygyna ýetse, dünýeden ötmeziniň öň ýany, ýerine biriniň haj etmegi üçin wesýet etmelidir. Bu wajypdyr.

Haj üçin wesýet edeniň mirasynyň üçden biri wekil iberip, haj etdirmäge ýetjek bolsa, mirasdüşerleri wesýeti ýerine ýetirýärler. Eger az bolsa, mirasdüşerleriň bu wesýeti amal etmegi hökman däldir.

Ölen wesýet etmedik bolsa, mirasdarlar wekil ibermäge borçly däldir. Ýöne wesýet bolsa-bolmasa, mirasyň üçden biri haj üçin wekil ibermäge ýetse-etmese mirasdarlar öz mallaryndan berip, wekil iberip haj etdirseler, öleniň haj borjy berjaý edilen saýylar.

Şafygy we hanbeli mezheplerinde wesýet şert däldir. Wesýet bolmasa-da mirasdarlaryň bedel ibermegi wajypdyr. Çünki, Pygamberimiz: hajy guluň beýleki bergilerine meňzedipdir.

Ölen belli bir mal ýa-da pul bölüp aýyrman, öz adyna haj edilmegini wesýet etse, mirasynyň üçden biri birden artyk haj etmäge ýetse-de, bir gezek ýerine bedel iberilýär. Eger belli mukdardaky maly ýa-da puly bölüp aýryp, şonuň bilen öz adyna haj etmegi wesýet eden bolsa, bu mukdar mirasyň üçden birinden artyk bolmazlyk şerti bilen näçe gezek haj etmäge ýetse, şonça-da wekil iberilýär. Ýöne merhumyň maksady ýeke-täk haj bolsa, bir gezek wekil ibermek ýeterlikdir.

Özüne haj farz bolan kişi şol ýyl haj niýeti bilen ýola çykyp, hajyny tamamlaman dünýeden ötse, onuň adyna haj edilmegini wesýet etmegi gerek däldir. Ýöne haj farz bolan ýyly däl-de, soňky ýyllar haj niýeti bilen ýola düşüp, haj edip bilmän dünýeden öten kişiniň ölmezinden öň wesýet etmegi wajypdyr.

Farz haj üçin wekil ibermegiň şertleri

1. Adyna haj ediljek kişi dünýäden öten ýa-da tapsyz garry, bäri bakmak umydy bolmadyk hassa, saparda özüne ýoldaş bolup biljek mähremi bolmadyk aýal ýaly haj etmek mümkinçiligi ýoklar bolmalydyr. Haj etmekden ejiz bolan kişi öz adyna wekil iberenden soň, özi haj etmäge ýarasa-da, täzeden haj etmegi hökman däldir. Ýöne wagtlaýyn näsag kişi ýerine wekil iberenden soň sagalsa, bu haj nafile ýerine geçýär. Beýle kişiniň özüniň hem haj etmegi gerekdir.

2. Adyna haj ediljek kişä haj öňden farz bolmalydyr. Farz bolmadyk kişiniň adyna edilen haj nafile bolýar. Eger bu kişi mundan soň haj etmäge güýji ýetjek ýagdaýa gelse, täzeden haj etmelidir. Eger haj etmekden ejiz bolsa, täzeden bedel iberýär.

3. Bedel iberiljek kişi musulman, akyly ýerinde we kämillik ýaşyna ýeten bolmalydyr. Şeýle hem ol kişiniň öň haj farzyny berjaý eden biri bolmagy has gowudyr. Şafygy we hanbeli mezhebine görä, wekiliň öň haj eden bolmagy hökmandyr.

4. Wekiliň çykdajylary iberen tarapyndan tölenmelidir. Öz puly bilen başga biriniň adyna haj eden kişiniň özi üçin haj etdigi bolýar. Islese, sogabyny şol kişä bagyşlap bilýär. Ýöne mirasdar beýle däldir. Ol mirasdaryň adyna öz puly bilen haj edip bilýär.

Wekil özüne berlen pul ýetmedik ýagdaýynda, öz pulundan goşsa, kimiň çykaran puly köp bolsa, haj şonuň adyna geçýär. Ýöne iberen wekiliniň çykaran pulny gaýtaryp berse, onda haj ibereniň adyna geçer.

5. Wekil iberilen kişi ibereniň adyna niýet etmelidir. Niýetiň kalpdan edilmegi ýeterlikdir. Ýöne dil bilen her menasykda «pylany üçin niýet etdim» diýmegi has gowudyr.

6. Wekil üçin belli bir nyrh kesmek bolmaýar. Çünki haj ybadatdyr. Ybadat diňe Allahyň razylygy üçin amal edilýär. Töleg tölenip amal edilen ybadat makbul däldir. Wekil özüne berlen puly tygşytlap hem, isrip edip hem bilmeýär. Iberen hajdan galan puluny yzyna alman wekile bagyşlap bilýär.

7. Ibereniň islegini wekil hökman berjaý etmelidir. Meselem: ifrat hajyna emr edilen wekil kyran hajyny etse, bu dürs bolmaz. Bu wekiliň öz adyna haj etdigi bolar.

Iberen haýsy görnüşde haj edilmelidigini anyk aýtmasa, diňe haj diýen bolsa, onda ifrat hajy edilmelidir. «Isläniňi edäý» diýip, wekiliň ygtyýaryna goýlan bolsa, wekil islän hajyny edip biler.

Wekil ibereniň adyna haj ýa-da umre edenden soň, öz adyna-da haj ýa-da umre edip bilýär.

8. Wekil wekilligi başga birine tabşyryp bilmeýär. Hassalyk ýa-da başga bir sebäp ýüze çyksa, ibereniň rugsady bilen ýerine başga birini wekil edip bilýär.

9. Wekil hajy bozsa, alan puluny yzyna gaýtaryp bermelidir. Bilip eden jenaýaty üçin hedý we jeza gurbanynyň bahasyny özi tölemelidir. Ibereniň rugsady bar hem bolsa, temettu ýa-da kyran hajyny eden ýagdaýynda, kyran we temettu hedý gurbanyny öz pulundan kesmelidir. Yhsar gurbany bolsa, ibereniň pulundan kesilýär. Çünki munda wekiliň günäsi ýokdur.