Hadysy Şerif

«Gabryma zyýarat edenlere şefagatym hak bolar»

Ylmyhal>>Mesjidi nebewä we pygamberimiziň gabryna zyýarat

Mesjidi nebewä we pygamberimiziň gabryna zyýarat

Medineýi Minewwere Pygamberimiziň hijret ýurdudyr. Ol hijret edenden soň, galan ömrüni şu ýerde ýaşap, hezreti Äşäniň otagynda dünýäden ötüp, şol ýerde hem jaýlanandyr. Hezreti Ebu Bekr we hezreti Omar (r.anhuma) hem şol ýerde jaýlanypdyr. Mesjidi Nebiniň giňeldilmegi sebäpli, olar häzir mesjidiň içinde galypdyr. Resulullahyň mübärek jesedini saklaýan ýer şübhesiz, Ýer ýüzüniň iň şerefli ýeridir. Käbeýi Muazzamany zyýarat niýeti bilen haj edeniň Pygamberimiziň gabry-sagadatyny zyýarat etmegi hajyň iň soňky sünneti bolup, Allaha ýakynlaşmak we Resulullahyň söýgüsini köňlüne nagyş etmegiň iň täsirli ýoludyr. Käbir yslam alymlary haj eden musulmanyň hajdan öň, ýa-da soň, Pygamberimiziň guburuna zyýarat etmegini wajyp derejesinde möhüm saýypdyr. Sebäpsiz zyýarat etmezligi uly gaflat we hormat goýmazlyk hasaplapdyr.

Elbetde, Allahyň Resulynyň ýaşan ýerini görmek, aýagyny basan topragynda ýöremek, Onuň sahabalarynyň guburyna zyýarat etmek, olar bilen baglanyşykly hadysalary ýatlamak, wahýyň inen we teblig edilen bu mukaddes ýerleriň howasyndan dem almak her bir musulmanyň iň süýji arzuw-höwesidir. Bu duýgular bilen zyýarat edenler üçin Resuly Ekrem: «Dünýäden ötenimden soň maňa zyýarat edenler, dirikäm zyýarat eden ýalydyr» diýipdir, (Darakutni, Beýhaky). Başga bir hadysynda: «Gabryma zyýarat edenlere şefagatym hak bolar» diýse, (Darakutni, Beýhaky) ýene bir hadysynda: «Kim sogap tamasy bilen Medinede maňa zyýarat etse, ol meniň goňşym bolar. Kyýamat güni oňa şefagat ederin», («Keşfül-hafa», Ali el-Kari, «Şehrüş-şifa») diýipdir.

Zyýaratyň edebi

Medineýi Minewwerä giden kişi Pygamberimiziň gabry sagadatyna we mesjidine zyýaraty niýet etmelidir. Çünki, Mesjidi Nebewi zyýarat edilmeli üç mesjitden biridir. Pygamberimiz bir hadysynda bu barada şeýle aýdýar: «Meniň şu mesjidimde okalan bir namaz, Mesjidi Haramdan özge mesjidlerde okalan namazdan sogap taýyndan has haýyrlydyr».

Zyýarat üçin ýola çykylanda köp-köp salawaty-şerife okalmalydyr. Çünki, Resulullaha (s.a.w.) aýdylan salatu-salamlar oňa baryp ýetýär. Pygamberimiz bir hadysynda: «Maňa juma güni we gijesine köp salawat aýdyň. Çünki, siziň salawatlaryňyz maňa ýetirilýär» diýipdir, (Ebu Dawud, Nesaýy).

Medinä barlanda, ilki mümkin bolsa gusul etmeli. Bolmasa taharet kylyp, ysly atyrlar sepinmeli. Salawaty şerife okap, Mesjidi Nebewä tarap ýola düşmeli. Mesjide Selam, ýa-da Jibril gapysyndan girilýär. Kerahat wagty däl bolsa, münberiň ýanynda iki rekagat tahyýýatül mesjit namazy okalýar. Soňra bolsa, iki rekagat şükür namazy okalýar. Doga-dileg edilýär.

Pygamberimiziň gabry bilen minberiniň aralygyna «Rawzaýy Mutahhara» diýilýär. Pygamberimiz bir hadysynda «Öýüm bilen minberimiň arasy jennet bossanlaryndan bir bossandyr» diýipdir, (Buhary).

Namazdan soň Resuly Ekrem Serwerimiziň gabry-sagadatyna tarap geçilýär. Pygamberimiziň mübärek başynyň deňinde, 2-3 metr aralykda ýüzüňi Resulullaha, arkaňy Kybla tarap öwrüp, kemaly hormat we edep bilen salam berilýär. Başgalar tarapyndan iberilen salam hem Serwerimize ýetirilýär. Resulullaha dirikä nähili hormat we sylag edilen bolsa, aradan çykandan soň hem şeýle edilmelidir. Şonuň üçin gaty ses bilen salam berilmeýär. Gabry-sagadaty sypalmaýar, öpülmeýär, daşyna aýlanylmaýar, öňünde eglip tagzym edilmeýär. Beýle hereketler mekruh we bid’atdyr. Şeýle hem gabry-sagadata tarap sejde etmek haramdyr. Ybadat maksady bilen edilse – küfürdir.

Soňra sag tarapa süýşüp, hezreti Ebu Bekiriň başujyna gelinýär. Oňa doga edip, salam bereniňden soň, hezreti Omaryň başujuna barylýar. Oňa hem salam berlip, doga edilýär. Ýene Pygamberimiziň başujuna gelnip, kybla tarap öwrülip doga edilenden soňra, mesjidiň Ebu Lübabe we Hannane sütünleriniň arasynda namaz okap doga edilýär. Mundan soň beýleki zyýarat ýerlerine tarap gidilýär.

Medineýi Münewwerede bolnan wagtyň dowamynda bäş wagt namazyňy Mesjidi Nebewide okajak bolmaly. Boş wagtlaryňda kaza we nafile namazy okamaly. Mümkinçilik bolan her pursatda Resulullahyň gabryny zyýarat etmeli. Ýagdaý bolsa Kurany hatm etmeli. Ýurduňa dolanjak wagtyň Resulullaha ýene bir gezek zyýarat edip hoşlaşmaly.