Hadysy Şerif

«Kim öýünde gowy ýuwnup, taharet kylandan soň, diňe zyýarat maksady bilen namaz okamak üçin Kuba mesjidine gitse, umre sogabyny gazanar»

Ylmyhal>>Medineýi Münewwerede zyýarat ýerleri

Medineýi Münewwerede zyýarat ýerleri

Kuba mesjidi
Pygamberimiz (s.a.w.) Mekgeden Medinä hijret eden wagty ilkinji düýbi tutulan mesjit – Kuba mesjididir. Resulullah şenbe günleri Kuba mesjidine zyýarat edip, ol ýerde namaz okar eken. Ibni Maje we Ahmet b. Hanbeliň rowaýat eden bir hadysy şerifinde Pygamberimiz: «Kim öýünde gowy ýuwnup, taharet kylandan soň, diňe zyýarat maksady bilen namaz okamak üçin Kuba mesjidine gitse, umre sogabyny gazanar» diýipdir. Şonuň üçin şenbe günleri Kuba mesjidine zyýarat etmek mustahapdyr.

Mesjidi juma
Pygamberimiz hijret edende juma güni Kubadan Medinä tarap barýarka, Ranuna jülgesine gelende öýle wagty girdi. Älemleriň Serweri ilkinji juma namazyny şol ýerde okatdy. Bu ýerde soňra Mesjidi juma atly mesjit salyndy.

Mesjidi Kyblateýn
Yslamyň ilkinji ýyllarynda hijretden öň Pygamberimiz Mekgede Makamy Ibrahimiň yzynda durup mesjidi Aksa tarap bakyp namaz okaýardy. Şeýlelikde, hem Käbe, hem Mesjidi Aksa onuň öňünde bolýardy. Medinä hijret edende, Mesjidi Aksa tarap bakyp namaz okamaly bolanda, Käbe arkasynda galýardy. Muňa Pygamberimiz gynanýardy. Hijretden on sekiz aý geçenden soň, şaban aýynyň on bäşinji güni Resulullah (s.a.w.) Seleme ogullarynyň ýurdunda öýle ýa-da ikindi namazynyň farzyny okadyp durka, ikinji rekagatyň ahyrynda şu aýat inýär:

«Ýüzüňi göge öwrüp duranyňy görýäris. Seni, elbetde, hoşal etjek Kybla tarap öwreris. Ýüzüňi derrew Mesjidi Harama tarap öwür. Eý, mü’minler, siz hem nirede bolsaňyz-da, namazda ýüzüňizi şol tarapa öwrüň», (Bakara 144). Mundan soň, Pygamberimiz namazyny bozman, Käbä tarap öwrülýär. Jemagat hem şol tarapa öwrülýär. Şeýlelikde, Mesjidi Aksa tarap durlup okalan namazyň soňky iki rekagaty Käbä tarap öwrülip okaldy. Şol sebäpli, bu mesjide iki kyblaly mesjit manysynda «Mesjidi Kyblateýn» diýlipdir.

Ýedi mesjitler
Hendek söweşiniň bolup geçen meýdanynyň ýakynynda ýedi sany kiçi mesjit gurlupdyr. Bulara «Mesjidi Fetih» hem diýilýär.
Bulardan başga Medinede Mesjidi Nebewiniň günbatarynda Gamame, Ebu Bekir, Omar, Aly we Bilal atly kiçi mesjitler bar.

Bakyg gonamçylygy
Mesjidi Nebewiniň gündogar tarapynda ýerleşýän bu gonamçylyk Pygamberimiziň döwründen bäri Medinäniň gonamçylygydyr. Bu ýerde üçünji halyf hezreti Osman, Pygamberimiziň agasy hezreti Abbas, bibisi hezreti Safiýe, iň kiçi ogly Ibrahim, gyzlary Rukiýe, Ümmü Gülsüm we hezreti Fatma, agtyklary Hasan we Huseýin, emişen dogany Osman Ibni Maz’un, päk aýallary we olardan başga-da on müň töweregi sahaba we tabi’undan ençeme ulamalar depin edilipdir. Häzirki döwürde gapylary ýapyk bolandygy üçin bu gonamçylyga diňe daşyndan zyýarat edilýär.

Uhud şehitleri
Uhud Medinäniň bäş km. demirgazygynda ýerleşýän dagyň adydyr. Hijretiň üçünji ýylynda Mekgäniň müşrikleri bilen bolan söweşde Ashaby Kiramdan ýetmiş kişi şehit bolup bu dagyň eteginde jaýlanypdyr. Pygamberimiziň agasy şehitler seýýidi hezreti Hamza, Mus’ab b. Umeýr. Enes b. Mäligiň agasy Enes b. Nadr olaryň arasyndadyr. Uhud şehitlerini mümkin bolan ýagdaýynda penşenbe güni zyýarat etmek gowy görülýär. Çünki Pygamberimiz şol gün Uhud şehitlerini zyýarat eder eken.