Hadysy Şerif

«Kim öýünde gowy ýuwnup, taharet kylandan soň, diňe zyýarat maksady bilen namaz okamak üçin Kuba mesjidine gitse, umre sogabyny gazanar»

Ylmyhal>>Mekgeýi Mukerremede zyýarat ýerleri

Mekgeýi Mukerremede zyýarat ýerleri

Resulullahyň dünýä inen jaýy, Pygamberimiziň ilkinji aýaly hezreti Hatyjanyň, atasy Abdulmuttalybyň, agasy Ebu Talybyň jaýlanan «Jennetül Mugalla» diýilýän Mekge gonamçylygy, Resulullaha wahýyň ilki inen ýeri Hira Nur dagy, hijret wagty Pygamberimiz bilen Ebu Bekiriň gizlenen Sewr gowagy, «Jyn» suresiniň inen ýerinde gurlan «Jyn» atly mesjit, Hajerül Eswediň alnan we Şakky Kamer mugjyzasynyň bolan ýeri – Ebu Kubeýs dagy Mekgede zyýarat edilýän belli ýerlerdir.