Hadysy Şerif (Buhary, Nesaýy, Ibni Maje)

«Kim haj edip, erbet söz we ýaramaz hereketden ýüz öwrüp, günä işden daş dursa, ähli günäsi bagyşlanyp, enesinden doglan günündäki ýaly arassa bolar»

Ylmyhal>>Hajyň görnüşleri

Hajyň görnüşleri

Haj ybadaty höküm taýyndan farz, wajyp we sünnet ýa-da nafile görnüşlerine bölünýär:

1. Farz haj – ýagdaýy bolan musulmanyň ömründe bir gezek amal etmegi hökmany hajdyr.
2. Wajyp haj – nezir edilen ýa-da başlanyp, ýarpy goýlan nafile hajyň deregine kaza edilýän hajdyr.
3. Nafile haj – heniz bulug (kämillik) ýaşyna ýetmedik biriniň ýa-da farz hajyny berjaý eden biriniň haj etmegi.

Haj ybadaty amal ediliş taýyndan bolsa, ifrad haj, temettu haj, kyran haj diýip bölünýär.

1. Ifrad haj – miýkatda yhrama giren wagty diňe haj etmäge niýet edilse, muňa ifrat hajy diýilýär. Beýle niýet edilende umre edilmän diňe haj ybadaty ýerine ýetirilýär. Akabede şeýtany daşlap bolýança yhramda galýar. Akabe jemresinden soň, islese gurban kesýär. Çünki, ifrat hajyny berjaý edene gurban kesmek wajyp däldir. Soňra sakgalyny timarladyp, saçyny gysgaldyp, yhramdan çykýar.

2. Temettu haj – haj aýlarynda ilki umre niýeti üçin yhrama girip, umreden soň şol ýylyň haj aýynda haj üçin täzeden yhrama girip, amal edilen farz haja temettu haj diýilýär.

3. Kyran hajy – Haj möwsüminde umreden soň, yhramdan çykman berjaý edilen farz hajdyr. Bu ýagdaýda kişi yhrama girende hem umrä hem-de haja niýet edýär.