Hadysy Şerif (Buhary, Nesaýy, Ibni Maje)

«Kim haj edip, erbet söz we ýaramaz hereketden ýüz öwrüp, günä işden daş dursa, ähli günäsi bagyşlanyp, enesinden doglan günündäki ýaly arassa bolar»

Ylmyhal>>Hajyň şertleri

Hajyň şertleri

A. Hajyň farz bolmagynyň şertleri

Hajyň bir kişä farz bolmagy üçin:
1. Musulman bolmagy,
2. Akyly ýerinde we kämillik ýaşyna ýeten bolmagy.
Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary haj ybadatyna hem-de mukaddes ýerlere höweslendirmek niýeti bilen haja äkitmek peýdalydyr.
3. Azat bolmak.
Gullara, ýesirlere, tussaglara haj farz däldir.
4. Haj etmäge güýjüniň ýetmegi. Muňa istitagat diýilýär.
Haja gidýän kişiniň ýol harajaty we gidip-gelýänçä maşgalasy hor, mätäç bolmaz ýaly mukdardaky mal baýlygy üpjün bolmalydyr.
5. Hajyň farzdygyny bilmegi.

Musulman däl ýurtda ýaşaýan biri yslamy kabul edenden soň, hajyň farzdygyny bilmese, ol haj borjy üçin jogapkär däldir. Ýöne yslam ýurdunda ýaşaýan gaýry dindäki adamlardan biri musulman bolsa, haj farzyny berjaý etmäge ýagdaýy bolanda munuň farzdygyny bilse-bilmese, ol haj bilen mükellefdir.

B. Hajyň edasynyň şertleri

Haj ybadatyny eda etmek üçin şu şertler bolmalydyr:

1. Saglyk-syhhat.
Agyr hassa, ysmaz, kör, iki aýagy ýok, ýola çydap bilmejek derejede garry adama haj ybadaty farz däldir. Şeýle kişilere öz ýerine başga birini haja ibermek hem bolmaýar. Ýöne ähli şertleri bolsa-da, wagtynda haj ybadatyny berjaý etmän soňa goýan kişi, soňra kesellese-de, garyp düşse-de bu ybadaty ýerine ýetirmäge borçludyr. Munuň sebäbi, ýagdaýy barka farz bolan ybadatyny gijikdirmegidir. Şeýle kişi öz ýerine başga birini haja iberip bilýär.

2. Ýol howpsuzlygy.
Ýol howply bolan ýagdaýynda haj farzyny eda etmek gijikdirilýär.

3. Aýalyň ýanynda äriniň ýa-da bir mähreminiň bolmagy.
Haja gitjek aýalyň ýaşaýan ýeri bilen Käbäniň aralygy togsan kilometr ýa-da ondan hem uzak bolan ýagdaýynda, aýal maşgala ýaş tapawudyna seretmezden, ýanynda äri ýa-da mähremi bolmasa, haj edip bilmeýär. Şeýle hem wagtlaýyn mähremi bolan aýal doganynyň, bibisiniň we daýzasynyň adamsy bilen haja gitmek bolmaýar. Haja gidýän aýala ýoldaş bolýanyň ýol çykdajylary aýal tarapyndan üpjün edilmelidir. Aýalyň bu şertleri bolan ýagdaýynda, äri rugsat etmese-de, oňa haj farzdyr. Ýöne, nafile haj üçin äriniň rugsady şertdir.

Şafygy mezhebinde gidiljek ýoluň uzaklygy däl-de, ýoluň howpsuzlygy we aýalyň goragy esas alynýandygy üçin, äriniň ýa-da başga bir mähreminiň bolmagy şerte goşulmaýar. Üç aýaldan ybarat topar bolsa, ýeterlik hasaplanypdyr. Eger bir aýal özüni goragly we howpsuz duýýan bolsa, onuň ýeke özi hem diňe farz hajy üçin gidip biler.

Mäliki mezhebine görä bolsa, aýal äri ýa-da mähremi bolmasa-da, ygtybarly topar bilen birlikde haj üçin ýola çykyp bilýär.

4. Aýallaryň iddet halynda bolmazlygy.
Ärinden talagyny alan ýa-da äri aradan çykan aýallar iddet halyndadyr. Iddet müddeti 4 aý 10 gündür. Iddet halyndaky aýal durmuşa çykyp bilmeýişi ýaly, haja hem gidip bilmeýär.

Ç. Hajyň sahyh bolmagynyň şertleri

Haj ybadatynyň sahyh, ýagny dürs bolmagynyň üç şerti bardyr:
1. Haj niýeti bilen yhrama girmek,
2. Belli wagt,
3. Belli mekan.