"Çakylygyňa sözüm we özüm bilen geldim, Allahym! Emriňe hemişe tabyndyryn. Çakylygyňa sözüm we özüm bilen geldim, eý, şäriksiz bolan Sen! Emriň baş üstüne. Hamd Saňadyr, nygmat Seniňkidir, mülk-de Seniňki. Ýokdur Seniň şärigiň. "

Ylmyhal>>Yhram we rükünleri

Yhram

Yhram sözüniň «haram etmek, özüni mahrum etmek» manysyny berşi ýaly, «tagzym edilmegi zerur bolan zamana we mekana girmek we bulara hormat goýmak» manylary hem bardyr. Dini taýdan haj ýa-da umre zyýaratyna niýet eden kişiniň adaty wagtlarda mubah bolan käbir amallary, haj ýa-da umräniň rükünlerini berjaý edýänçä, öz nebsine haram etmegi diýmekdir. Namaza başlamak tekbiriniň manysyny aňladýan «tahrime» bilen «yhram» sözleriniň köki birdir. Şonuň üçin yhrama – hajy başlamak tekbiri diýse bolýar.

Adaty wagtlarda halal bolan käbir amaly yhramly üçin gadagandyr. Şeýle gadaganlyk egin-eşik, jynsy gatnaşyk, aw etmek bilen baglanyşykly üç topara bölünýär. Bular bozulan ýagdaýynda, onuň görnüşine we amal edilişine görä üýtgeýän jezasy bardyr. Bular gurban kesmek, oraza tutmak we sadaka bermekden ybaratdyr.

Bu gadaganlyklar niýet we telbiýe wagtyndan başlaýar. Şonuň üçin, niýet edip, telbiýe aýtmaga «yhrama girmek», yhrama giren kişä bolsa, «yhramly» diýilýär.

a) Yhramyň rükünleri

Hanefi mezhebinde yhramyň rükünleri niýet we telbiýedir. Bulardan birini terk eden yhrama giren saýylmaýar. Beýleki üç mezhebe görä, yhrama girmek üçin diňe niýet ýeterlikdir.

1. Niýet.
Niýet – haj ýa-da umre etmek kararyna gelmek diýmekdir. Niýeti diliň bilen aýtmak mustahapdyr.

Bir kişi Käbä we onuň töweregindäki mukaddes ýerlere zyýarat üçin niýet edip yhrama giren wagty haj ýa-da umredigini, ýa-da ikisine birden niýet edendigini kalp we dili bilen anyklamasa-da, hanefilere görä, bu kişiniň yhramy dürsdür. Şeýle ýagdaýdaky kişiniň tawafa başlamazyndan öň etjek ybadatynyň haj, ýa-da umredigini kesgitlemegi ýeterlikdir. Eger kesgitlemän tawafa başlasa, umre üçin yhrama giren saýylýar. Tawaf etmän göni Arafata çykyp wakfe etse, bu yhramy haj üçin saýylýar we eden hajy – ifrat hajy bolýar.

Şafygy mezhebine görä, zyýaratçy haj we umre bilen baglanyşykly niýetini anyk belli etmese, onuň ybadaty kabul bolmaýar.

2. Telbiýe.
Telbiýe – haj ybadatyna başlanjak wagty namazdaky iftitah tekbiri (Allahu Ekber) ýaly aýdylýan sözdür. Telbiýe:
لبيكَ اللَّهمّ لبّيك، لبّيك لا شريك لك لبّيك، إن الحمد والنعمة لك والمُلْك لا شريك لك

"Lebbeýk Allahümme lebbeýk. Lebbeýke lä şeriýke leke lebbeýk. Innel hamde wen-nygmete leke wel mülke, lä şeriýke lek."

Manysy: Çakylygyňa sözüm we özüm bilen geldim, Allahym! Emriňe hemişe tabyndyryn. Çakylygyňa sözüm we özüm bilen geldim, eý, şäriksiz bolan Sen! Emriň baş üstüne. Hamd Saňadyr, nygmat Seniňkidir, mülk-de Seniňki. Ýokdur Seniň şärigiň.

Telbiýäni yhrama gireniňde bir gezek aýtmak farz, wagtal-wagtal gaty ses bilen gaýtalamak sünnetdir. Telbiýe yhram möhleti boýunça her pursatda aýdylýar. Telbiýäni her aýdanyňda üç gezek gaýtalamak, soňra tekbir, tehlil we salawaty şerife okamak mustahapdyr. Telbiýe hajda baýramyň ilkinji güni Akaba jemresine daş atmaga başlananda, umrede bolsa umre tawafyna başlananda gutarýar. Ondan soňra aýdylmaýar. Aýallar telbiýäni, beýleki doga, zikir we tesbihleri aýdanlarynda seslerini beýle gataltmaly däldir.

Tekbir:
اللَّهُ أكْبَرُ اللَّهُ أكْبَرُ لا إِلهَ إِلاَّ اللَّهُ واللَّهُ أكْبَرُ اللَّهُ أكْبَرُ ولِلَّهِ الحَمْدُ.
(Allahu ekber, Allahu ekber. Lä ilähe illallahu wallahu ekber. Allahu ekber, Allahu ekber. Welillähil hamd).

«Allah beýikdir, Allah beýikdir. Allahdan başga hiç bir ilah ýokdur. Allah beýikdir, Allah beýikdir. Hamd oňa laýykdyr».

Tehlil:
لا إِلهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لا شَرِيكَ لَهُ، لَهُ المُلْكُ، وَلَهُ الحَمْدُ وَهُوَ عَلَى كُلّ شَيْءٍ قَدِيرٌ
(Lä ilähe illallahu wahdehu lä şeriýke leh, lehül mülkü we lehül hamdu, we hüwe a’la külli şeý-in kadiýr).

«Allahdan başga ilah ýokdur. Ol ýeke-täkdir, şärigi hem ýokdur. Mülk Onuňky, hamd hem Onuň üçindir. Ol her bir zada kadyrdyr».