"Çakylygyňa sözüm we özüm bilen geldim, Allahym! Emriňe hemişe tabyndyryn. Çakylygyňa sözüm we özüm bilen geldim, eý, şäriksiz bolan Sen! Emriň baş üstüne. Hamd Saňadyr, nygmat Seniňkidir, mülk-de Seniňki. Ýokdur Seniň şärigiň. "

Ylmyhal>>Yhrama girmegiň wagty

Yhrama girmegiň wagty

Haj aýlary entek başlanmanka haj menasykyndan hiç biri amal edilmeýär. Ýöne hanefilere we mälikilere görä, mekruh bolsa-da, haj aýlary başlamanka yhrama girmek bolýar. Çünki, beýleki ybadatlarda bolşy ýaly, şertiň berjaý edilmegi üçin wagtyň girmegi hökman däldir.

Şafygy mezhebine görä, yhram rükün saýylýandygy üçin haj aýlaryndan öň, haj üçin yhrama girilmeýär. Haj aýlaryndan öň, yhrama girilen ýagdaýynda bu umre yhramy bolýar. Umre üçin ýörite wagt hökman däldir.

Yhrama girilýän ýerler
Kurany Kerimde Käbe «el-Beýtül Haram» (Maide, 2), onuň töweregi «el-Mesjidül Haram» (Isra, 1), bu mesjidiň ýerleşýän şäheri Mekge bolsa, «Harem» (Kasas, 57, Ankebud, 67), diýip atlandyrylypdyr. Ýagny, bu – hormata mynasyp, mübärek mekanlar diýmekdir. Bu mübärek mekanlary bolsa, «Harem», «Hil» we «Afak» diýilýän çäkler belli we ýörite fykhy hökümi bolan ýerler gurşaýar. Haj ýa-da umre zyýaratyny etjek kişiler bu çäklere görä, üç topara bölünýär. Olar şolara laýyklykda yhrama girýär.

Harem çägi
Mekgäniň töweregindäki ösümliklere zelel bermezlik we aw haýwanlaryna zyýan ýetirmezlik şerti bilen howpsuzlandyrylan çäkdir. Bu ýerde ýaşaýanlara Mekgi (mekgeli) diýilýär. Haremiň çäklerini Jebrailiň (a.s.) ýolbaşçylygynda Hz. Ibrahim belläpdir. Bu araçäkleri görkezýän belgiler has soň Pygamberimiz tarapyndan täzelenýär. Bu serhetler Käbä deň uzaklykda däldir. Iň ýakyny Mekgeden 8 km. uzaklykdaky, Medine bilen aralykda ýerleşýän Ten’im, iň daşdakycy bolsa, Taif tarapda ýerleşýän Zir’ane, Jidde tarapyndaky Hudeýbiýäniň ýakynyndaky Aşa’ir diýlen ýerdir. Beýlekiler bolsa Yrak ýolundaky Seniýýetül Jebel, Ýemen ýolundaky Edatü Libin (Hüseýniýe) we Arafat serhedindäki Batny Nemiredir.

Mekgeliler haj üçin Harem çägine, umre üçin bolsa Hil çägine çykyp, meselem Ten’im ýa-da Arafat ýaly Harem çäginiň daşynda bir ýerde yhrama girýärler. Mekgeli däller umre edip yhramdan çykanlaryndan soň, täzeden yhrama girjek bolanlarynda hem Haremiň daşyna çykmalydyr.

Hil çägi
Hil çägi – Harem bilen miýkat ýerleriniň aralygydyr. Bu aralykda ýaşaýanlar haj we umre üçin Haremiň çägine girmän, Hil çäginde yhrama girýär.

Afak çägi
Harem bilen Hil çäginiň daşyndaky ýere Afak, Hil çäginiň daşyndan, alysdan gelenlere bolsa afaky diýilýär. Hil çäginiň daşyndan göni Mekgä ýa-da Hareme gelenleriň yhramsyz geçilmeýän bäş nokady Pygamberimiz tarapyndan bellenipdir. Bularyň her birine miýkat diýilýär. Afak çäginde ýaşaýanlaryň Mekgä ýa-da Hareme gelenlerinde, yhramsyz geçip bilmeýän ýerleri şulardyr:

1. Zülhuleýfe. Mekgä Medine tarapyndan gelenleriň miýkatydyr. Medinäniň 10 km. golaýynda, Mekgeden 450 km. uzaklykdadyr. Bu iň uzakdaky miýkatdyr. Pygamberimiz weda hajynda häzir hem Agbary Aly diýilýän bu miýkatda yhrama giripdir.

2. Juhfe. Müsür we Siriýa tarapdan gelenleriň miýkatydyr. Mekgeden 187 km. uzaklykda ýerleşýär.

3. Zatu-yrk. Yrak tarapdan gelenleriň miýkatydyr. Mekgeden 94 km. uzaklykda ýerleşýär.

4. Karnül menazil. Nejid we Kuweýt tarapdan gelenleriň miýkaty bolup, Mekgeden 96 km. uzaklykda ýerleşýär.

5. Ýelemlem. Ýemen we Hindistan tarapdan gelenlriň miýkaty bolup, Mekgeden 54 km. uzaklykda ýerleşýär. Bu Mekgä iň ýakyn miýkatdyr.

Süweýş (Sues) kanaly tarapdan, Gyzyl deňiz ýoly bilen gelenler Juhfäniň ýakynynda ýerleşýän Rabigiň deňinde yhrama girýärler. Howa ýoly bilen Jiddä gelenler bolsa, gelen taraplaryndaky miýkaty geçmän niýet we telbiýe getirip yhrama girýärler.

Häzirki döwrüň alymlarynyň käbiriniň pikiriçe, Jidde hem miýkat saýylyp, şol ýerde-de yhrama girmegi jaýyz görüpdirler.

Afakylar haj hem-de umre zyýaraty üçin ýollarynyň üstündäki bir miýkatda yhrama girýärler. Eger ýollarynyň üstünde miýkat ýok bolsa, özlerine iň ýakyn bolan miýkatyň deňinde yhrama girýärler.

Miýkatdan öň yhrama girmek jaýyzdyr. Hanefilere görä, yhramyň hökümlerini doly berjaý etjekdigine ynanýanlar üçin bu has-da fazyletlidir. Beýleki üç mezhebe görä, yhrama miýkat çäklerinde girmek sünnete laýyk bolandygy üçin has fazyletlidir.