"Çakylygyňa sözüm we özüm bilen geldim, Allahym! Emriňe hemişe tabyndyryn. Çakylygyňa sözüm we özüm bilen geldim, eý, şäriksiz bolan Sen! Emriň baş üstüne. Hamd Saňadyr, nygmat Seniňkidir, mülk-de Seniňki. Ýokdur Seniň şärigiň. "

Ylmyhal>>Yhramyň wajyplary we sünnetleri

b) Yhramyň wajyplary

1. Miýkat çäklerini yhramsyz geçmezlik. Afakylar miýkat çäklerini yhramsyz geçseler jezasy bardyr. Ýöne miýkaty yhrama girmän geçen kişi heniz haj ýa-da umre menasykyndan birini etmezden miýkata dönüp yhrama girse jezasy aýrylýar. Eger haj ýa-da umre menasykyndan birini eden bolsa, miýkata dolansa-da jezasy aýrylmaýar.

2. Yhramdakaň gadagan bolan zatlardan saklanmak.

ç) Yhramyň sünnetleri

1. Yhrama girmezden, ýagny niýet we telbiýeden öň şu zatlary etmek mustahapdyr:
Dyrnaklaryňy aýyrmak, gasyk we goltuk aralaryny arassalamak, gusul etmek (aýbaşy bolan aýallaryň hem gusul etmegi sünnetdir).

Mundan soň erkek kişiler aýakgaplaryny we eşiklerini aýryp, yzar we rida diýilýän iki bölekden ybarat örtüge dolanýarlar, ýagny yhrama girýärler. Yzar – guşaklygyňdan aşagyna dolanýan, rida bolsa ýokarsyny örtýän matadyr. Aýallar eşiklerini üýtgetmeýär. Olaryň diňe ýüzi açyk bolmalydyr.

2. Yhrama dolananyňdan soň mustahap bolan zatlar:
Ýakymly ysly atyrlary sepinip, kerahat wagty däl bolsa iki rekagat namaz okamak. Bu namazyň birinji rekagatynda Käfirun, ikinji rekagatynda Yhlas suresi okalýar. Şeýle hem niýet we telbiýäni bu namazdan soň aýtmak has fazyletlidir.

Yhramlyka her pursat telbiýe aýtmak we haj üçin haj aýlary başlanandan soň yhrama girmek.