... yhramla jedelleşmek we gowga etmek gadagandyr...

Ylmyhal>>Yhramla gadagan zatlar

d) Yhramla gadagan zatlar

Yhrama giren kişä yhramdan çykýança gadagan zatlar şulardyr:
Saç-sakgalyňy timarlatmak, murtuňy aýyrmak, gasyk we goltuk arasyny arassalamak, bedeniň başga ýerlerindäki gyllary ýolmak, dyrnak aýyrmak, bezenmek maksady bilen saç, sakgal we murtuňy boýamak, aýalyň ýüzüni reňklemegi, bedenine ýa-da yhram eşigine ýakymly atyr sepmegi, ysly sabyn ulanmak.

Egin-eşik bilen baglanyşykly gadagan zatlar diňe erkek kişilere degişlidir. Olar tikinli eşik we içki eşik geýmeli däldir. Plaş we palto ýaly eşikler geýilmän, egne ýelbegeý atylsa bolýar. Guşakda, egniňden asylýan sumkada, aýaga geýilýän yzy açyk aýakgabyňda tikin bolup biler. Egne atylan ridanyň uçlaryny daňmak ýa-da iňňe bilen berkitmegiň jezasy ýokdur, ýöne beýle etmek mekruhdyr.

Başyňy ýa-da ýüzüňi örtmek, tahýa geýmek, selle oranmak, ellik, jorap we topuklary ýapýan gonçly aýakgap geýmek.

Jynsy gatnaşyk we oňa eltýän hereketleri etmek, şehwet oýarýan sözleri aýtmak.

Harem çäklerinde hem-de daşynda eti iýilýän-u-iýilmeýän haýwanlary awlamak, awlaýana kömek etmek, janly-jandara zyýan ýetirmek gadagandyr. Ýöne suwda ýaşaýan jandarlary, guşlary awlamak, öý haýwanlaryny kesmek gadagan däldir.

Mekge şäheri we töweregindäki Harem çäklerinde ösümlikleri kesmek, döwmek, basalamak, goparmak we zyýansyz jandarlary öldürmek.

Jedelleşmek, gowga etmek.

Yhramla mubah bolan – gadagan däl zatlar

Ýuwunmak, yhramy çalşyrmak we ýuwmak, dişleriňi arassalamak, sürme çalmak, döwlen dyrnagyňy aýyrmak, birahat edýän gyly goparmak, gan aldyrmak, sanjym etdirmek, diş sogurtmak, ýaraňy daňdyrmak, ýarag götermek, bilezik, sagat, ýüzük dakynmak, guşak guşanmak, omzuňdan sumka asmak, saýawan ulanmak, kölegede oturmak, yhramsyz adamyň awlan awynyň etinden iýmek.

Çybyn, siňek, garynja, ýylan, içýan, syçan ýaly mör-möjekleri öldürmek.

Bellenen wagt
Hajyň farzlaryny, ýagny, yhrama girmek, Arafat wakfesi, zyýarat tawafyny bellenilen wagtlarda etmelidir.
Haj menasyky haj aýlarynda amal edilýär. Haj aýlary şewwal, zilkade aýy bilen zilhijje aýynyň ilkinji on günüdir.

Bellenen mekan
Hajyň farzlarynyň bellenen mekanda berjaý edilmegi diýmek, wakfäniň Arafat çäklerinde edilmegidir. Tawaf – Käbäniň daşyndan aýlanmakdyr. Olam öz ýerinde berjaý edilmelidir. Bu şertlerden biri edilmese haj dürs bolmaz.