Hajyň rüküni ikidir. Biri – Arafatda wakfe, beýlekisi – zyýarat tawafy.

Ylmyhal>>Hajyň rükünleri

Hajyň rükünleri

Hajyň rüküni ikidir. Biri – Arafatda wakfe, beýlekisi – zyýarat tawafy.

Hanefilere görä, yhram, Arafatda wakfe we zyýarat tawafy hajyň farzlarydyr. Haj bu farzlaryň tertibe laýyk amaly bilen berjaý edilýär. Bu farzlardan yhram hajyň şertidir. Rükünlerden biri amal edilmese, haj fasit bolýar. Soňky ýyllarda ony kaza etmelidir.

Mälikiler bu üç farza sa’ý etmegi hem goşýar. Şafygylar bolsa, saç syrdyrmagy ýa-da gysgaltmagy hem rükün diýip hasaplaýar.