Halal iýmitlenmek barada

Makalalar>>Halal iýmitlenmek barada

Allatagalla Kurany Kerimde bir-näçe aýatynda ýer we gökdäki ähli barlyklary adam üçin ýaradandygyny aýtýar. Käbir aýatlarda beren nygmatlaryndan mysallar berip, rugsat berilen we gadagan zatlaryň çäklerini belli edip, haram bolan iýmitleri bize bildirip olardan gaça durmagymyzy emir etdi.

Mowzugymyza degişli aýatlara seredemizde Allah arassa, ýakymly we peýdaly iýmitleri adamlara halal; hapa, nähoş we zyýanly iýmitleri bolsa gadagan edendigini görüp bilýäris. Mysal üçin Allatagalla Bakar süresinde ähli adamlara şeýle seslenýär:

“Eý adamlar! Ýerdäki ähli nygmatlardan halal we hoş bolmak şerti bilen iýiň” (Bakara Süresi, 2/168)

Bir näçe aýat soň bolsa möminlere (iman edenlere) ýüzlenip şeýle diýýär:

“Eý iman edenler! Size nesip eden ryzyklarymyzdan arassa we halalyndan iýiň! ” (Bakara Süresi, 2/172)

Başga bir aýatdadam söýgüli Pygamberimize (sallallahu aleýhi we sellem) höküm çykarma we karar berme rugsadyny berýär:

“(Ol Pygamber) olara arasaa zatlary halal, hapa zatlary hem haram kylar” (Araf Süresi, 7/157)

Nämeleriň arassa we halal, nämeleriňem hapa we haram bolandygy başga aýatlarda aýdylypdyr. Emma, “Haýsydam bolsa bir zatda esas bolan şol zadyň halallygydyr” höküminden ugur alyp, bir zat haram edilmedik bolsa şol zat halaldyr. Şol sebäpli halallaryň ählisi aýdylyp geçilmedi. Sebäbi asyl bilmeli zadymyz haramlardyr.

Kurany Kerimde doňuz, meýte (soýulup däl-de öz ajaly ýa-da başga sebäpli ölen haýwanyň eti), gan, Allanyň adyna däl-de başga ada kesilen haýwan we hamr (şerap we beýleki alkogolly içgiler) gadagan edildi. (Bakara Süresi, 2/173). Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) hem şulary gadagan etdi: azy dişleri we penjesi bilen awlanýan ýyrtyjy haýwanlar, ýyrtyjy guşlar we eşek eti. Bularyň ählisi haram bolşy ýaly, içine bulardan goşulan iýmitler we içgilerem haramdyr.

Kuran we hadyslardaky beýan edilen gadaganlyklardan başga, iýmit we içgileri haram edýän başga zadam olary gazanma ýoludyr. Ýagny parahorlyk (wzýatka), süýthorlyk (prosent), biriniň elinden zor bilen almak, ogrulyk, aldaw we hile, talançylyk ýaly ýollar bilen gazanylan iýmitler hem haramdyr. Diýmek, iýip-içgisiniň halal bolmagyny isleýän musulman, bir tarapdan diniň halal hasap edýän iýmitlerini iýmeli, başga tarapdanam bu iýip-içgileri halal ýollar bilen gazanmalydyr.

Halal nygmatlaryň köplügi

Halal bolan we adamlaryň peýdalanmalary üçin ýaradylan nygmatlar, adamy harama düşürmejek derejede köpdir. Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bir doga-dileginde: “Allahym halal nygmatlaryň bilen meniň gözümi, köňlümi şeýle bir doýur, harama tarap seretmäýin” diýip, halallar bilen ýetinmelidigini bize öwredýär. Ýagny halal zatlaryň çäkleri örän giňdir, her hili lezzete ýetýär. Harama girmäge hiç geregi ýok.

Çyndanam haram bolan iýip-içgilere seredemizde, halallar bilen deňeşdirilende örän azlygyny görüp bileris. Mysal üçin Allatagalla doňuzy haram kyldy, emma, goýun, geçi, sygyr, düýe ýaly öýdeçil haýwanlar we bir näçe ýabany haýwanlar halaldyr. Eddil şonul ýaly, serhoş ediji içgiler haramdyr, emma, adam üçin halal kylynan örän köp içgiler bardyr.

Aslyndadam, käbir iýmitlerden gaça durmak üçin adam üçin has peýdalydyr. Sebäbi alymlaryň derňewleri netijede, Yslamda gadagan edilen zatlaryň adam üçin nä dereje zyýanlydygyny subut edýär. Mysal üçin Kurany Kerimde geçýän “rijs” ýagny pis bolan doňuz etiniň adam bedenine berýän zyýany barada şu wagta çenli onlarça makala çap edildi. Alkolly içgileriňem jemgyýete, maşgala we saglyga nä dereje zyýanlydygy hemmämize mälim.

Şu günlerde peýda bolýan keselleriň aglabasyna iýýän iýmitlerimiz sebäp bolýandygy hakykatdyr. Şol sebäpli hem keselleriň bejergisi dowamynda iýip-içgiler barlanylýar. Ähli işlerini hikmet bilen edýän Allatagallanyň goýan gadaganyklary aslynda adam üçin peýdalydygyny görmek mümkin.

Şu meselänäm aýdyp geçmeli, yhlasly her bir musulman peýdasyna ýa-da zyýanyna seretmän Yslamyň gadagan eden ähli iýmitlerinden gaça durmalydyr. Sebäbi Yslamyň ähli meselelerinde bolşy ýaly iýip-içgi meselesi hem “taabbudilik” esasyna daýanmalydyr; ýagny, bir zady Alla emir etdi diýip etmek, ýa-da gadagan etdi diýip gaça durmak. Dinimizde haram bolan iýmitleri iýmezlik, olaryň zayýanly bolmagy sebäpli däl-de Allanyň gadagan edenligi sebäpli bolmalydyr. Zyýan ýa-da peýdalary bolsa ol meseleleriň hikmetleridir.

Halal iýmiti talap etmeli

Allanyň Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) bir hadysy şeriflerinde şeýle diýýär:
“Şeýle bir döwür geljek; adamlar alan zatlaryna halalmy ýa-da harammy diýip seretmez (olar üçin parhy bolmaz).” Ýagny iýip-içgisine üns bermezlik, haram ýa-da halallygyny barlamazlyk ahyrzaman pitneleriniň biridir. Şol bir wagt bu hadys musulmana iýip-içýän zatlaryna üns bermegi ündeýär.

Başga bir hadysynda Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle buýurýar:
“Halaly islemek, talap etmek her bir musulman üçin wajypdyr.”

Esasanam şu günlerde, iýmit we azyk senagaty örän çylşyrymlaşdy. Azyklarda çeşmesi näbelli örän köp maddalar ulanylýar. Genetikasy oýnalan organizmlar, senagatyň köp ýerinde musulman bolmadyk adamlaryň köplügi, we olaryň haram we halala üns bermezligi, adam saglygyndan has köp jübä girýän puluň birinji planda bolmagy hem uly problemmalardyr. Şonuň üçinem musulmanlar iýip-içjegine örän ünsli bolmaly we azygyň içinde nämeleriň bardygyny derňemelidir.

Haram iýmegiň ahyrýet üçin zyýanlary

Allatagalla “Müminin” süresinde şeýle diýýär:
“Siz eý pygamberler! Halal we arassa zatlardan iýip-içiň, Alla tarapyndan kabul ediljek we gowy amallar işläň. Sebäbi Men ähli işleriňizden habardardyryn.” (Müminun Süresi, 23 /51)

Bu aýatda pygamberlere we olara uýan ynanýanlara arassa we halal ryzyklardan iýmeleri, we diňe ýagşy amallary işlemeleri emir edilýär. Emma halal nygmaty iýme emiriniň salyh amallardan öň aýdylmagy, şul hakykaty düşündirjek bolýar: “Ýagşy amallary işlemek üçin halal iýmitlenmeli”. Diýmek, haram zatlar bilen iýmitlenýän adamyň amallary hem salyh bolmaz.

Pygamberimiz hem bir hadysy şeriflerinde şeýle aýdypdyr:
“Adamyň ilki bilen (çüýräp ) yslanjak ýeri onuň garnydyr. Şol sebäpli, her bir adam güýji ýetdiginden garnyna arassa (halal) bolmadyk zatlary salmajak bolsun.”

Başga bir hadysda hem Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) haram bilen iýmitlenýän adamyň doga-dilegleriniň kabul edilmejekdigini bize habar berýär. Ol, ýolagçylygyny uzadyp, üsti-başy dargan, tozana bulaşan we ellerini göge galdyryp: “Eý Rebbim! Eý Rebbim! ” diýip doga eden bir ýolagçy barada gürrüň berip şeýle diýdi:
- “Bu ýolagçynyň iýýäni haram, içýäni haram, geýýäni haram we (netije) haram bilen iýmitlenýär. Beýle biriniň dogasy kabul nähili kabul bolsun?”

Deýlemi ibni Mesutdan şu hadysy rowaýat etdi: Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: “Kim bir agyz haram iýse, Alla onuň kyrk gün gije namazyny we kyrk gün ertir dogasyny kabul etmez. Haram iýmit bilen ulalan her bir et böleginiň ýeri jähennem odudyr. Şübhesiz, bir bölek haram hem eti iýmitlendirer.”

Iýmite degişli musulmanlaryň jogapkärçilikleri

1- Halal iýmitlenmek üçin alýan azyklaryna üns bermeli.

2- Dinimizde haram hasaplanýan alkogol, doňuz, gan we ölen haýwanyň eti döwrümizde azyk senagatynda köp ulanylýar. Şol sebäpli hem alýan iýip-içgilerimiziň içinde nämeleriň bardygyny anyklamaly, amblalažlarynyň daşyny okamaly.

3- Eger azygyň içindäkileri barada şübhelenseňiz, gerek bolsa öndürijä e-poçta ýazyp ýa-da jaň edip goşýan maddalaryny anyklamaly.

4- Kuran we Sünnetde haramlar we halallar aýdylyp geçdi. Emma halallaygy ýa-da haramlygy bilinmeýän şübheli zatlaram bar. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bular barada şeýle buýurýar: “Halalam haramam belli. Emma bularyň ikisiniň arasynda ikisinedem meňzeýän şübheli zatlar bardyr, we adamlaryň köpüsi olary bilenok. Bu şübheli zatlardan gaça duran adam dinini, namysyny we abraýyny gorar.” Ýagny biziň şübheli zatlardan daş bolmagymyzy isläpdir. Döwrümizdedem halallygy ýa-da haramlygy bilinmeýän örän köp şübheli önümler bardyr.