Istihare namazy barada

Makalalar>>Istihare namazy barada

Istihare – bir zadyň haýyrlysyny dilemek diýmekdir. Istihare namazy mübah bolan bir işde nähili hereket etmegiň dogrudygy bilinmeýän ýagdaýda okalýar. Bu iki rekagat namazdyr. Istihare namazynyň birinji rekagatynda «Käfirun» ikinji rekagatynda bolsa «Yhlas» suresini okamak mustahapdyr. Bu namazdan soň, Resulullahdan rowaýat edilen käbir dogalary okamalydyr. Istihare dogasy hökmünde iň meşhury Jabir b. Abdullahdan (r.a.) rowaýat edilen şu hadysdyr:

اَللَّهُمَّ إِنِّي أَسْتَخِيرُكَ بِعِلْمِكَ، وَأَسْتَقْدِرُكَ بِقُدْرَتِكَ، وَأَسْأَلُكَ مِنْ فَضْلِكَ الْعَظِيمِ ﴿١﴾ فَإِنَّكَ تَقْدِرُ وَلاَ أَقْدِرُ، وَتَعْلَمُ وَلاَ أَعْلَمُ، وَأَنْتَ عَلاَّمُ الْغُيُوبِ ﴿٢﴾ اَللَّهُمَّ إِنْ كُنْتَ تَعْلَمُ أَنَّ هَذَا الأَمْرَ -وَيُسَمِّي حَاجَتَهُ- خَيْرٌ ليِ فيِ دِينِي وَمَعَاشِي وَعَاقِبَةِ أَمْرِي عَاجِلِهِ وَآجِلِهِ ﴿٣﴾ فَاقْدُرْهُ ليِ وَيَسِّرْهُ ليِ ثُمَّ بَارِكْ ليِ فِيهِ ﴿٤﴾ وَإِنْ كُنْتَ تَعْلَمُ أَنَّ هَذَا الأمْرَ شَرٌّ ليِ فيِ دِينيِ وَمَعَاشِي وَعَاقِبَةِ أَمْرِي عَاجِلِهِ وَآجِلِهِ- فَاصْرِفْهُ عَنيِّ وَاصْرِفْنيِ عَنْهُ وَاقْدُرْ لِيَ الْخَيْرَ حَيْثُ كَانَ ثُمَّ أَرْضِنيِ بِهِ﴿٦

Okalyşy:
"Allahümme inni estehiruke bi-ilmike we estakdiruke bi-kudratike ve es-eluke min fadlikel-azym. Fe inneke takdiru we lä akdiru we ta'lemu we lä a'lemu we ente allämul-guýub. Allahumme in künte ta'lemu enne häzel-emre haýrun li fi dini we meaşi we akybeti emri acili emri ve acilihi. Fekdurhu li we ýessirhu li summe bärik li fihi. We in kunte ta'lemu enne häzel-emre şerrun li fi dini we meaşi we akybeti emri ajilihi we ajilihi fasrifhu anni wasrifni anhu wekdur-liýel-haýra haýsu käne. Sümme ardini bih."

Manysy:
«Allahym! Sen bilýänligiň üçin, senden özüm hakynda maňa haýyrlysyny bildirmegiňi dileýärin. Güýjüňe daýanyp, Senden güýç we takat dileýärin. Haýyra eýermegimi, seniň bol fazly-keremiňden nyýaz edýärin. Çünki, Seniň her bir zada güýjüň ýetýär. Men bolsa ejizdirin. Sen her bir zady bilýärsiň. Men welin bilmeýärin. Sen gaýyby älemi durşuna bilýärsiň. Allahym! Sen bu işiň meniň dinim, ýaşaýşym, işim hem dünýä we ahyretim üçin haýyrly bolsa, muny maňa nesip we miýesser eýle. Şeýle hem mundan meniň üçin feýiz we bereket yhsan et. Eger bu iş meniň dinim, ýaşaýşym, işim hem-de dünýä we ahyretim üçin haýyrly däl bolsa, muny menden sow, meni hem ondan daşlaşdyr. Meniň üçin kalbymdaky oňa bolan meýli aýyr we meniň üçin haýyr nirede bolsa şony miýesser et, şeýle hem bu meselede menden razy bol», (Buhary, Tirmizi).



Haýyrly dogalar kitaby

Eziz musulmanlar, istihare namazy we başgadam musulmanyň günlik durmuşda okajak haýyrly dogalary saýtymyza täze goşulan "Haýyrly dogalar kitaby" bölüminde tapyp bilersiňiz.