Hadysy şerif (Buhari, Muslim, Tirmizi, Mälik, "Muwatta")

«Jemagat bilen okalan namaz özbaşdak okalan namazdan 27 esse fazyletlidir»

Jemagat bilen namaz okamagyň fazyleti

Yslamda jemagat bolup namaz okamaga uly ähmiýet berilýär. Resulullah (s.a.w.) bir hadysy şerifinde: «Jemagat bilen okalan namaz özbaşdak okalan namazdan 27 esse fazyletlidir», başga bir rowaýatda bolsa: «25 esse fazyletlidir» diýilýär, (Buhari, Müslim, Tirmizi, Mälik, «Muwatta»).

Jemagat bilen namaz okamak yslamyň şygarydyr, imanyň alamatydyr. Bäş wagt namazy jemagat bilen okamak musulmanlary birek-birege ysnyşdyryp, agzybir edýär, jebisleşdirýär. Jemagatda ruhy we hyzmatdaşlyk düşünjesi döreýär. Tekepbir, ulumsy şahsyýetleriň ýerine ynsanperwer, ýardamsöýer adamlaryň sany köpelýär.
Salyh kişileriň goşulmagy bilen jemagat bolup okalan namazlaryň, edilen dogalaryň Allahyň dergähynda has makbul boljakdygy, Ilahy rahmet we nygmatlaryň köpelmegine wesile boljakdygy hem bellidir.

Bu barada Pygamber Serwerimiz şeýle diýipdir: «Allahyň razylygy üçin kyrk gün jemagat bilen namaz okan we her namazyň iftitah tekbirine ýetişen kişä iki beragat (günä geçiliş), ýalkanmak bardyr. Biri jähennemden azat, beýlekisi munafyklykdan halas bolmakdyr», (et-Tergib wet-Terhyb, 1).
Jemläp aýtsak, jemagat bolup namaz okamagyň ahyret sogaby we şahsy kämillik taýyndan ençeme hikmetleriniň bolşy ýaly, jemgyýetçilik taýyndanam birgiden bähbitleri bardyr.

Jemagat bolup namaz okamagyň hökümi
Jemagat bilen namaz okamak Kuran, Sünnet we Ijma dellilerine daýanýar. Allah Tagala şeýle buýurýar:
«Sen aralarynda bolup, olara namaz okatjak bolsaň, olardan bir topary seniň bilen namaza dursun we ýaraglaryny hem ýanlaryna alsyn...», (Nisa, 102). Bu aýatda söweş wagtynda, howply ýagdaýlarda hem jemagat bilen namaz okamak emr edilipdir. Howply ýagdaýlarda jemagat bolup namaz okamak emr edilse, asuda ýaşaýyşda, elbetde, namaz jemagat bilen okalsa has gowudyr.
Hanefilere we mälikilere görä, juma namazyndan başga beýleki farz namazlaryny jemagat bilen okamak, güýji ýetýän, akyly ýerinde bolan erkek kişiler üçin müekked sünnetdir. Ýöne aýallara, çagalara, dälilere, gullara, iki aýagy çolaklara, hassalara, gaty garranlara jemagat bolup namaz okamak üçin mesjide gitmek hökman däldir. Jemagat bilen namaz okamagyň sünnet bolmagynyň delili «Jemagat bilen okalan namazyň özbaşdak okalan namazdan 27 esse fazyletlidigini» bildirýän hadysdyr.

Şafygylara görä, farz namazlaryny jemagat bolup okamak azat we mukym bolmadyklar üçin farzy kifaýedir. Olaryň esaslanýan delili Pygamberimiziň şu hadysydyr: «Üç kişi bir obada ýa-da sährada bolup öz aralarynda jemagat bilen namaz okamasalar şeýtan olara häkim bolar. Şonuň üçin jemagatdan aýrylmaň, çünki, gurt diňe sürüden bölünen goýny iýýändir», (Ebu Dawud, Nesaýy).

Hanbelilere görä, jemagat bolup namaz okamak farzy-aýndyr. Olaryň daýanýan delili ýokarda getiren (Nisa, 102) aýatymyzdyr.

Şeýle hem, olar Pygamberimiziň şu hadysyna daýanýarlar:
«Meni gudraty bilen ýaradan Allaha kasam bolsun, bir ot ýakylmagy üçin odun ýygnalmagyny, soň namaz üçin azan okalmagyny we biriniň ymam bolmagyny emr edip, özümem jemagat bilen namaz okamaga gelmeýäneriň öýlerini otlamak hakynda oýlandym», (Buhari, Müslim, Ebu Dawud, Tirmizi).

Hanefilere we şafygylara görä, jemagatyň iň az sany ymam bilen birlikde iki kişidir. Hat-da ymama tabyn bolan çaga, ýa-da aýal bolsa-da ýeterlikdir. Çünki, Pygamberimiz tehejjüt namazynda şol wagt kämillik ýaşyna ýetmedik Ibni Abbasa ymamlyk edipdir. Bir hadysynda bolsa: «Iki kişi we ondan köpi jemagatdyr» diýipdir, (Zeýlaýy, Ibni Abidin).


Jemagat bilen namazyň kylynşy

Jemagat bolup namaz şeýle okalýar:
Jemagat ymama uýmaga niýet edýär. Meselem: «Niýet etdim şu günki ertir namazynyň farzyny okamaga, uýdum şu ymama». Ymam tekbir alandan soň, jemagat hem tekbir alyp namaza durýar. Ýöne diňe «Subhanekäni» okaýar, galan sureleri okaman, ymama tabyn bolýar. Ymama uýan kişiniň onuň yzynda «Fatiha» we zammy sure okamagy tahrimen mekruhdyr. Çünki, ymam jemagatyň ýerine okaýandyr. Ymam ruku’a gidende, jemagat ruku’da tesbihleri aýdýar, ymam ruku’dan «Semi-allahu limen hamideh» diýip dogrulananda bolsa, «Rabbena lekel hamd» diýýär. Sejdä baranda hem sejde tesbihlerini özbaşdak okap, intikal tekbirlerini hem içinden aýdýar.

Üç ýa-da dört rekagatly namazyň ilkinji oturyşyndaky tahyýýaty, soňky oturyşda bolsa tahyýýat bilen birlikde salawat we dogalary özbaşdak okaýar. Soňra ymam bilen birlikde salam berýär.

Ýöne Ymam Muhammet ymamyň kyraeti jehri okaýan namazlarynda jemagatyň okamagyny mekruh görse-de, ymamyň içinden okaýan ýerlerinde jemagatyň hem okamagyny jaýyz diýip belläpdir.
Jemagat salamdan soň:
"Allahümme entesselämü we minkes-selam. Tebärakte ýa zeljelali wel ikram" diýýär.
Bu jümle okalýança, her kim ýerinde garaşyp oturmalydyr, soňra sünneti we dogasyny başga bir ýerde tamamlamalydyr. Farzdan soň sapy bozmak mustahapdyr. Çünki, giç gelen jemagat heniz farz okaýandyr öýtmesin. Özbaşdak namaz okaýanlar bolsa, farz-sünnet – hemmesini bir ýerde bepjaý edip biler.

Farz namazlaryny mesjitde, nafileleri bolsa öýde okamak has fazyletlidir. Resulullah (s.a.w.): «Eý, adamlar, öýüňizde namaz okaň, çünki, kişiniň farzlardan başga iň fazyletli namazy öýünde okan namazydyr» diýipdir, (Tirmizi, Mälik «Muwatta»). Farz namazyny mesjitde okamagyň has fazyletliliginiň sebäbi: mesjidiň arassalygy, ýokary ygtybarlylygy, yslamyň we musulmanlaryň güýjüniň bir ýere jemlenmegi we jemagatyň köplügi ýaly aýratynlyklary özünde jemleýändigi üçindir.