Jennetde maşgalamyz bilen bile bolarysmy?

Makalalar>>Jennetde maşgalamyz bilen bile bolarysmy?

Esasanam musulman bolanlar bile boljakdyr. “Tur” süresinde musulmanlaryň Jennetde musulman maşgalalary we çagalary bilen bile boljakdygy barada aýdylýar:
“Özleri ynanyp, zürýatlary hem imanda özlerine uýanlaryň zürýatlaryny hem olara (iman edenlere) goşarys (biribirine duşurarys). Olaryň amallaryndan hiç bir zady (sylagy) kemeltmeris. Her kim öz gazanan zadyna girewdir” (Tur süresi – 21-nji aýat)

Bularyň dünýäde wagty maşgalalaryna garşy mylaýym hereket edenleri hem aýdylýar. Ýagny maşgalalaryna garşy nähili mylaýym, mähirli bolmaly bolsa şonuň ýaly bolmaly. “Inşikak” süresinde bolsa, olaryň hasaplarynyň ýeňil boljakdygyny we soňam maşgalalarynyň ýanyna begenip barjakdyklary aýdylýar.

Mömin bolmadyklar bolsa, ahyrýetde biribirine garşy gelerler, birbirine günä ýaparlar we bir bölegi beýlekä “bizi Allanyň ýolundan sizler azaşdyrdyňyz. Siz bolmadyk bolsadyňyz biz iman ederdik” diýerler. Beýlekilerem “size hidaýet gelende biz päshel boldukmy, näme?” diýip jogap bererler. “Abese” süresinde hem olaryň ahyrýetde birbirinden gaçjakdyklary aýdylýar; adam doganyndan, ene-atasyndan, ýan-ýoldaşyndan we çagalaryndan gaçjakdyr. Sebäbi Kuranyň beýanyna görä “Ol dünýäde maşgalasynyň ýanynda keýpi-sapa içindedi” (Inşikak süresi – 13-nji aýat). Ýagny dünýäde Allany ýatlaman, keýp edip ýaşamagy saýladylar, dünýä durmuşy olaryň ýeke-täk maksadydy we iýip-içip, haram keýpleri kowalamakdan başga pikirleri ýokdy.

Birem özi musulman bolup maşgalasyndan musulman bolmadyklar bar. Bu barada Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bir hadysy şeriflerinde şeýle diýýär:
“Kyýamat gününde Hezreti Ybraýymyň kakasy getiriler. Emma ol üýtgär we Ybraýym ondan daşlaşar.” Ýagny, Jennet gynanma ýeri bolmanlygy üçin, Allatagalla ol ýerde musulmanlary ýakynlary üçin gynandyrmaz. Bir aýatda hem aýdylyşy ýaly iman we takwa içinde bolmadyk gatnaşyklar ol ýerde gutarjakdyr. Musulmanlaryň musulman bolmadyk ýakynlary ol ýerde şekilleri üýtgäp, musulmanlara ýigrenji görünjekdir. Musulmanlaram olardan gynanman çaltrak daşlaşjakdyr.

Allajan bizi we maşgalamyzy bu dünýäden iman bilen göçürip, Ahyrýetdedem Jennetde birleşdirsin. Amin.