Juma süresi, 9-njy aýatdan:

"Eý, iman getirenler! Siz juma gününde (juma) namazyna çagyrylan badyňyza Allany ýatlamaga (namaza) howlugyň..."

Juma gününiň fazyleti

Allah Tagala Jebrail ýaly käbir perişdeleri öz jynsynyň baştutany, pygamberleri ynsanlaryň serweri, Resuly Ekremi älemleriň buýsanç nusgasy, Mekgäni iň mübärek bir ýer edişi ýaly, käbir aý we günleri hem beýleki wagtlardan tapawutlandyryp şereflendiripdir. Meselem, remezany iň bereketli aý, gadyr gijesini iň sahawatly gije hökmünde mü’minlere bagş edipdir. Edil şonuň ýaly juma gününi hem iň şerefli gün hökmünde musulmanlara bagyşlapdyr. Ebu Hureýreden rowaýat edilen bir hadysda Pygamberimiz: «Günleriň iň haýyrlysy juma günüdir. Adam şol gün ýaradyldy, şol gün jennete goýberildi, şol gün jennetden çykaryldy, kyýamat hem juma güni gopar» diýipdir, (Müslim, Tirmizi).
Ýene Ebu Hureýreden rowaýat edilen bir hadysda Pygamberimiz: «Gün juma gününden has haýyrly bir günde dogup ýaşmandyr. Juma gününde şeýle bir sagat bardyr ki, bir musulman Allahdan haýyrly bir zat dilände, şol wagta laýyk gelse, dilegi hökman kabul bolar. Bir erbetlikden hem Allaha sygynsa, Allah ony şol beladan gorar» buýrupdyr, (Müslim, Bagawi, «Şerhus-sünne»).

Gadyr gijesiniň haýsy gündügi anyk belli däldigi sebäpli, musulman tutuş remezan aýynyň her gijesini gadyr saýyp, ybadat bilen geçirmäge çalyşýar. Edil şonuň ýaly, juma gününde-de dogalaryň kabul edilýän wagty bolan «sagaty ijabet» anyk belli edilmändir. Şonuň üçin gadyr gijesi ýaly, juma gününiň dowamynda sagaty ijabäniň wagty barada ihtilaf edilipdir. Käbirleri Gün dogmazynyň öň ýany, käbirleri azan wagty, käbirleri ymam hutbä başlanda, käbirleri namaz okalanda, käbirleri ikindiniň soňky wagty diýipdirler. Pygambermiziň hadyslarynda şol wagta yşaratlar edilipdir. Pygamberimiz bir hadysynda: «Dogalaryň kabul ediljegine tama edilýän wagty ikindi bilen Günüň ýaşýan wagty aralygyndan gözläň» buýurýar, (Bagawi, «Şerhus-sünne»).

Abdullah b. Omardan rowaýat edilen başga bir hadysda bolsa, Pygamberimiz şeýle buýurýar: «Dogalaryň kabul ediljegine tama edilýän wagt hatip hutbä çykyp oturan wagtyndan başlap, juma namazynyň okalyp gutarylýança aralykdadyr», (Müslim).

Selmany Farisi Pygamberimizden şeýle rowaýat buýurýar: «Juma güni her kim ýuwnup, güýjüniň ýetdiginden arassalanyp, ýakymly ysly atyrlar sepinip, hiç kimiň göwnüni ynjytman öýünden çykyp juma namazyna gelse, soňra farz bolan namazyny okap, ymam gürlemäge başlanda sesini çykarman diňlese, şol juma bilen beýleki juma günüň aralygyndaky günäleri bagyşlanar», (Buhary).

Juma güni «Seýýidül-eýýam» ýagny, günleriň seýidi bolup, musulmanlaryň baýramy bolşy ýaly, şol bir wagtda melekleriň hem baýramydyr. Melekler şol gün ýer ýüzüne inýärler. Müm’inleriň dogalaryna we zikirlerine goşulanlar juma namazyna ir gelmegiň fazyleti baradaky bir hadysda bu mesle şeýle düşündirilýär: «Juma güni bolanda her mesjidiň gapysynda perişdeler bolýar. Ilki gelenleri ýazýarlar. Ymam hutbe okamak üçin mümbere çykyp oturanda ýazmalaryny goýup, hutbäni diňleýärler. Melekler depderlerinde sogap taýyndan ilki gelene – Allah üçin bir düýe, ondan soň gelene – bir sygyr, ondan soň gelene – bir goç gurban eden ýaly, ondan soň gelene – towuk öldüren ýaly, has soň gelene – bir ýumurtga sadaka beren ýaly sogap ýazýarlar», (Buhary, Müslim, Nesaýy).

Ýene bir hadysda: «Juma güni ýuwnup, mesjide ulagly däl-de pyýada ilki gelip, ymama ýakyn oturyp, hutbäni diňlän we boş gürrüň etmekden saklanan kişä her ädimine bir ýyl gijesine kyýamda ybadat edip, gündizlerini orazaly geçiren ýaly sogap ýazylýar» buýurýar, (Bagawi, «Şerhu-sünne»).

Juma namazynyň hökümi

Juma namazy Kitap, Sünnet we Ijma delillerine daýanýar.
1. Kurany Kerimden delili:
«Eý, iman edenler! Juma güni namaza çagyrylan wagtyňyz, ýagny azan aýdylanda Allahy zikir etmäge howlugyň. Alyş-çalşy taşlaň. Eger bilseňiz, bu siziň üçin has haýyrlydyr», (Juma, 9). Bu aýatdaky «Allahyň zikiri» sözi juma namazy we hutbesi diýip tefsir edilýär.

2. Sünnetden delili:
Juma namazyny okamagyň şertleri, fazyleti we sebäpsiz juma namazyny okamaýanlar barada aýdylan ençeme hadyslar juma namazynyň okalmagy barada delillerdir. Biz fazyleti bilen baglanyşykly hadyslary mysal getirdik. Indi bolsa jumany sebäpsiz terk etmek barada birnäçe hadysy göreliň:
Abdullah b. Omara salgylanyp, Pygamberimiziň şu sözleri aýdandygy habar berilýär:
«Juma azanyny eşiden her kese juma namazy farzdyr», (Ebu Dawud).
Ebu Hureýre we Abdullah b. Omardan şeýle rowaýat edilýär. Pygamberimiz: «Käbir kişiler ýa juma namazyna gelerler, ýa-da Allah olaryň kalplaryny möhürlär-de, olar gafyllardan bolarlar», (Müslim).
Başga bir hadysda Pygamberimiz: «Kimde-kim ähmiýet bermän üç gezek jumany terk etse, Allah onuň kalbyny möhürlär» buýurýar, (Tirmizi, Ebu Dawud, Ibni Maje).

3. Ijmadan delil:
Yslam alymlary juma namazynyň farzdygy barada bir pikirde bolup, ittifak edipdirler. Ýöne şertleri barada ihtilaflary bardyr, (Serahsi, «el-Mebsut»).

Juma namazynyň farz bolmagynyň şertleri

Jabir b. Abdullahyň habar beren bir hadysynda bu şertler şeýle beýan edilýär: «Allaha we ahyret gününe ynananlara juma namazy farzdyr. Ýöne ýolagça, gula, çaga, aýala we hassa farz däldir», (Ebu Dawud).
Juma namazynyň farz bolmagynyň şertleri şulardyr:
1. Erkek kişi bolmak: Juma namazy aýallara farz däldir, ýöne juma namazy üçin mesjide gelmekleri jaýyzdyr. Juma namazyny okan aýal öýle namazyny okamaz. Aýallara juma namazynyň farz däldiginiň sebäbini hanefi mujtehidleri şeýle düşündirýär «Aýal äriniň, öýüniň hyzmaty bilen meşguldyr. Şeýle hem erkek kişileriň arasyna çykmagy sebäpli her hili kynçylyk we pitne döräp biler», (Serahsi, «el-Mebsut»).
2. Azat bolmak: Ýesir, gul we zyndandakylar juma namazyny okap bilmezler. Olara şol gün öýle namazyny okamaklary ýeterlikdir.
3. Mukym bolmak: Ýolagça juma namazy farz däldir. Çünki, ýolagçy kyn şertlerdedir. Şonuň üçin ýolagça ýeňillik döredilendir.
4. Sagdyn-sagat bolmak: Juma namazy üçin mesjide gidip bilmejek derejede keselli we uzurly bolan kişä juma namazy farz däldir. Şeýle hem hassa seredýän, ýöremekden galan garry, gözi kör, maýyp we howpsuzlygy üpjün edýän, postda duran esger, polisiýa, garawul üçin juma namazy farz däldir. Bular diňe öýle namazyny okasa bolar. Bulardan başga: sil, güýçli ýagyş, galyň gar ýaly hadysalar bolup, janyna, namysyna, malyna zyýan ýeter howpy dörejek bolsa, juma namazynyň borjy aýrylýar.

Juma namazynyň okalyş düzgüni

Juma güni öýle wagtynda azan okalýar (daşky azan). Mesjide girilende, eger wagt bar bolsa, iki rekagat tahyýýatül mesjit namazy okalýar. Yzyndan jumanyň ilki dört rekagat sünneti okalýar. Bu namazlar hatyp mümbere çykýança okalmalydyr. Eger hatip mümbere çykan bolsa, ony diňlemek has laýykdyr. Soňra mesjidiň içinde içki azan okalýar. Azandan soň ymam-hatip hutbe okaýar. Hutbe gutarandan soň, mihraba geçip, jemagata jumanyň iki rekagat farzyny okadýar. Iki rekagat farzdan soň, jemagat jumanyň dört rekagat sünnetini özbaşdak okaýar. Şeýlelikde, juma namazy tamamlanýar.

Ýöne juma namazynyň syhhat şertleri bilen baglanyşykly ihtilafly meseleler sebäpli, käbir ýerlerde juma namazyndan soň dört rekagat zuhri ahyr, iki rekagat wagtyň soňky sünneti okalýar.

Esasan juma namazynyň farzyndan soň okalýan sünnet namazynyň näçe rekagatdygy barada dürli rowaýatlar we garaýyşlar bar. Ymam Agzama görä, jumanyň farzyndan soň, ýeke salam bilen dört, şafyga görä, iki salam bilen dört, Ebu Ýusuf we Ymam Muhammede görä, ilki döpt, soň ýene iki rekagat jemi alty rekagat sünnet namazy okalýar. Käbir alymlar jumanyň farzyndan soň okaljak sünnet namazyny mesjitde okalsa dört, mesjidiň daşynda bir ýerde okalsa iki rekagat okamak has laýygydyr diýipdir.

Zuhri ahyr namazy

Zuhri ahyr namazy soňky öýle namazy diýmekdir. Bu namaz juma namazy şäherde we ýeke-täk mesjitde okalmaly diýen bir meseledäki ihtilaf sebäpli, soňky döwür fykyh alymlarynyň ižtihady esasynda, yhtyýat hökmünde okalýar. Ýagny, zerurlyk ýok bolsa juma namazynyň bir şäherde birnäçe ýerde okalmagynyň jaýyz däldigi we şonuň üçin hem haýsy mesjitde okalan jumanyň sahyhdygy barada şübhe döreýändigi üçin, öýle namazynyň ýerine okalýan namazdyr. Bu şübheler säbäpli jumanyň fasit bolmak ähtimallygy döreýändigi üçin mükellefiň egninde öýläniň farzy bir borç hökmünde galýar. Bu borçdan gutulmak üçin yhtyýat hökmünde dört rekagat öýle namazynyň farzy okalýar. Bu namaza şeýle niýet edilýär: «Niýet etdim zuhri-ahyr namazyny okamaga», ýa-da «Niýet etdim wagtyna ýetişip, heniz boýnumdan aýrylmadyk soňky öýle namazynyň farzyny okamaga». Bu namaz öýle namazynyň farzy, ýa-da sünneti ýaly okalýar. Sünneti ýaly okamak afzaldyr. Emma häzirki zaman şäherleri we ýaşaýyş şertleri gadym döwürdäkiden tapawutlydyr. Juma namazynyň bir mesjitde okalmagy jumanyň manysyna laýyk bolsa-da, häzirki döwürde ilat sany milliondan geçýän uly şäherleriň döremegi sebäpli, bu şerti berjaý etmek mümkin däldir. Fakyhlaryň şeýle şerti öňe sürmegini öz döwri bilen baglanyşdyrmak has dogrudyr. Şonuň üçin, häzirki döwürde Ymam Muhammediň garaýşy esas alnyp, izdiham (dyknyşyk) bolsa-da-bolmasa-da şäheriň birnäçe mesjidinde juma namazyny okamak bolar diýen karara gelmeli bolýar. Şeýle ýagdaýda, her bir mesjitde okalan juma namazy dürs bolup, jumadan soň täzeden zuhri ahyr namazyny okamak hökman däldir. Ýöne bu ihtilafly meselede islän yhtyýaty zuhur namazyny okar, islän okamaz. Bu meseläni musulmanlaryň arasynda agzalaçylyk döredip biljek derejede ulaltmaly däldir.

Juma namazynyň adaby

Juma gününde musulmanlar bir ýere jemlenip, namaz okaýarlar. Biri-birleri bilen görşüp salamlaşýarlar. Juma namazynda şu edeplere üns bermeli:
1. Juma gününde ýagdaýy bolan ir bilen taýýarlyk görmelidir. Ýagny, gerekli tämizligi berjaý etmeli. Täze ýa-da arassa eşiklerini geýmeli, ýakymly ysly atyrlary sepinmeli. Pygamberimiz bir hadysy şerifinde: «Adamlar üç zadyň fazyletini bilsediler, olary etmek üçin ýaryşardy. Olar: azan aýtmak, birinji sapda durup namaz okamak, juma namazyna ilki bolup barmak» diýipdir.
2. Juma güni üçin gusul almak.
3. Juma güni juma namazyndan öň ýa-da juma gijesi kehf, duhan, ýasin ýa-da Kurandan başga sureleri okamak.
4. Juma güni mesjide gireniňde, hutbe okalmaýan bolsa, oturman tahyýýatül mesjit namazyny okamak.
5. Hutbäni diňlemek we öwüt-nesihat almak.
6. Hatip münberden düşüp, mihraba geçjek wagty, şol ýol üstünde oturanlaryň ýerinden turup ýol bermegi.
7. Juma güni Pygamberimize köp salawat aýtmak mustahapdyr.
8. Juma güni garyplara sadaka paýlamak hem mustahap bolup, iki esse sogaplydyr.