Hadysy şerif (Muslim, Ebu Dawud, Tirmizi)

«Uky ahmal sebäbi däldir. Ahmal diňe oýakaň bolýan ýagdaýdyr. Her kim bir namazy uky sebäpli, ýa-da unudyp okamasa, ýadyna düşende derrew ony okasyn»

Kaza namazlary

Namazy kaza goýmagyň hökümi
Bir namazy wagtynda okaman sebäpsiz kaza goýmak uly günädir. Munuň günäsi ol namazy kaza etmek bilen aýrylmaýar. Şonuň üçin toba we istigfar edilmelidir. Musulman kişi güýji ýetdiginden namazyny kaza goýmajak bolmalydyr. Gerekli çäreler görüp, ukudan turup bilmän, ýa-da unutmak sebäpli namazy wagtynda okamadyk günäkär bolmaz. Çünki, Ebu Katadeden şeýle gürrüň berilýär: «Pygamberimiz uky sebäpli namazy okamadyklaryň şikaýat etmelerine şeýle jogap berýär: «Uky ahmal sebäbi däldir. Ahmal diňe oýakaň bolýan ýagdaýdyr. Her kim bir namazy uky sebäpli, ýa-da unudyp okamasa, ýadyna düşende derrew ony okasyn» diýipdir, (Müslim, Ebu Dawud, Tirmizi). Ýöne uklajak bolanyňdy namazy wagtynda okmak üçin zerur amallary berjaý etmelidir.
Duşman howpy ýa-da çaga dogurjak aýalyň ýanyndan aýrylyp bilmezlik ýaly sebäpler bilen namaz gijikdirilip bilner. Çünki, Pygamberimiz Hendek söweşinde öýle, ikindi we agşam namazyny soňa goýupdyr.

Kaza namazlarynyň wagty we okalyşy
Kaza namazlary üçin hanefi mezhebine görä, belli bir wagt ýokdur. Kaza namazlarynda tertibe üns bermelidir. Meselem, bir namazy geçireniňde, ondan soňky wagt namazyny okamazdan öň kaza galan namazy okamalydyr. Bu şert tutuş ömründe alty wagtdan az kazasy bolanlar üçindir. Beýle kişä sahybi tertib diýilýär. Sahyby tertib bolmadyklaryň kaza galan namazlaryny tertip boýunça okamaklary hökman däldir. Mekruh wagtlardan başga mahal islendik namazlaryny, islendik wagtda kaza edip bilerler.
Farz namazy kaza edilende azan we kamat okamak sünnetdir. Birden köp namaz kaza ediljek bolsa, bir azan we her namaz üçin aýratyn kamat getirmek gerekdir.
Kaza borjy köp bolup, haýsy namazyny kaza etjekdigini bilmeýän kişi şeýle niýet etmeli: «Niýet etdim Allahyň razylygy üçin, wagtynda ýetişip okap bilmedik ilkinji ýa-da iň soňky (ertir, öýle, ikindi...) namazymyň kazasyny okamaga». Şu görnüşde niýet edilse, ilki ýa-da soňky geçirilen namaz kaza edilendigi üçin wagt görkezildigi bolýar.
Hanefilere görä kaza galan bir namaz, şol wagt içinde nähili eda edilmeli bolsa, soňra kaza ediljek wagty şol görnüşde okalar.Mysal üçin, sapardaka dört rekagatly bir namazyny geçiren kişi isle saparda, isle sapardan dolanandan soň kaza etjek bolsa, iki rekagat kaza etmelidir. Edil şonuň ýaly-da adaty ýagdaýda kaza galan dört rekagatly namazyny sapardaka okajak bolsa dört rekagat okar.
Şafygy we hanbelilerde bolsa namazlar kaza edilende, barylan ýer we wagt esasy zatdyr, ýagny saparda bolan bir kişi egerde kaza okajak bolsa, döpt rekagat namazyny iki rekagat kaza etmelidir. Bu namazyny saparda ýa ikamet halynda geçiren bolsa-da, höküm üýtgemeýär. Saparda geçirilen namazlar hem sapardan dolanylanda dört rekagat okalýar.
Kaza namazlaryny okamak nafile namazyny okamakdan has möhümdir. Hanefi mezhebine görä, kaza namazyny okamak üçin sünnetleri terk etmek jaýyz däldir. Kazasy bolan kişi sünnetleri aýry, kazalaryny aýratyn okamalydyr. Hatda guşluk we tehejjüd namazlary ýaly namazlar hem şeýledir. Çünki, bu sünnetler farz namazlaryny tamamlaýar. Şeýle hem bulary täzeden okamak mümkin däldir. Kaza namazlaryny bolsa, islän wagtyň okamak bolar.
Mäliki mezhebine görä, kazasy bolan kişiniň nafile namazyny okamagy haramdyr. Kaza borjy bolan kişi diňe ertir namazynyň sünnetini, witir namazyny we baýram namazlaryny okap biler. Bulardan başga nafile we sünnet namazlarynyň ýerine kaza okalmalydyr. Eger kaza namazyny okaman, sünnet we nafile okasa sogap gazanar, ýöne kaza namazlaryny gijikdireni üçin günä-de gazanar.
Şafygy mezhebine görä bolsa, kazasy bolan kişä bu borjuny bitirýänçä, sünnet we nafile namazlaryny okamak haramdyr.
Hanbeli mezhebine görä bolsa, kaza borjy bolanyň nafile we gaýry müekked sünnetleri okamagy haramdyr. Witir we müekked sünnetleri okamaly, ýöne kazasy köp bolsa, bulary okaman, kaza namazlaryny okamalydyr. Diňe ertir namazynyň sünneti muňa degişli däldir.
Görnüşi ýaly, beýleki üç mezhebe görä, kaza namazlaryny gijikdirmek jaýyz görülmändir. Şonuň üçin kaza namazy borjy bolan bu borçlaryny gijikdirmän, iň gysga wagtda kaza etmeli, bu jogapkärçilikden we webaldan halas bolmaly.