Pygamberimiziň köp aýal bilen öýlenmegi we Hezreti Äşäniň durmuşa çykan wagtyndaky ýaşy

Makalalar>>Pygamberimiziň köp aýal bilen öýlenmegi we Hezreti Äşäniň durmuşa çykan wagtyndaky ýaşy

Bir zady başda hökman aýdyp geçmeli, bu tema barada akylsyrap her hili üýtgeşik pikirler beýän edýän adamlar söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) hakynda ýa hiç kitap okamadylar ýa-da örän az okandyrlar. Ondan-mundan eşiden maglumatlar bilen Pygamber hakynda gürlemek dogry däldir. Iň dogrusy onuň durmuşyny okamakdyr.

Pygamberimiz ähli adamlara we jynlara Pygamber bolup ugradylan we pygamberleriň Soltanydyr. Oňa köp taraplaýyn seretmeli, we öýlenmek meselesi hem adaty adamlaryňky ýaly däldir. Aşakda hemme meselelere degjek bolarys.

Ilki bilen, onuň (sallallahu aleýhi we sellem) päk ahlagyna seredeli. Ol ilkinji gezek 25 ýaşynda öýlendi. Arabystan ýaly yssy klimatda ýaşap şol ýaşa çenli namysyňy goramak örän uly edermenlikdir. Öýlenendedem iki gezek durmuşa çykan 40 ýaşly Hatyja (Alla ondan razy bolsun) bilen öýlenýär. Hatda Pygamberimize pygamberlik wezipesi berilende hiçbir müşrik oňa “namyssyz” diýmändir. Näçe duşmançylyk etselerem oňa Muhammedul-emin diýýärdiler we bir ýere gidenlerinde gymmat bahaly zatlaryny oňa amanat edip gidýärdiler. Eger-de Pygamberimiz ömründe namysa degişli ýekeje ters hereket eden bolsady, müşrikler muny oňa garşy hökman ulanarlardy. Emma, taryh we siýer kitaplarynda muňa degişli ýeke setiredem gabat gelemizok.

Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Hezreti Hatyja bilen 23 ýyl ömür sürdi, we pygamberligiň sekizinji ýylynda Hatyja enemiz ahyrýete göçýär. Hezreti Hatyjanyň ölüminden soň Pygamberimiz 4-5 ýyllap öýlenmedi. Ondan soň Pygamberimiz 53 ýaşynda öýlendi. 53 ýaşynda bir adamyň ýuwaş-ýuwas dünýäden baglaryny goparyp, keypi-sapadan sowaýan döwrüdir. Bu ýaşdan soňky Pygamberimiziň öýlenmeklerini başga taraplara çekmek akyla sygjak zat däldir.

Pygamberimiziň köp aýal bilen öýlenmeginde örän köp hikmetler we peýdalar bardyr. Olar barada enşalla aşakda aýdyp geçmekçi. Emma bu meseläni propoganda ýagdaýa getirip her-hili gürrüň çykarýanlar ýa din bilmezlerdir, ýa-da duşmançylyk edýän Hrystiýan we Ýahudilerdir. Ýalňyş düşünmäň, Ýahudi ýa-da Hrystiýanlara erbet diýjek bolamyzok. Olaram ähli-kitapdyr. Emma olaryň içinde bilip duşmançylyk edýänler hem bar. Aslynda öz kitaplaryny okasalar, Injili ýa-da Töwraty okasalar öz uýýan pygamberlerinde (olar biziňem pygamberlerimiz, sebäbi biz ähli pygamberlere iman etdik) has köp aýal bilen öýlenenleriň bardygyny görerler. Hezreti Süleýman ýa-da Hezreti Dawut pygamberler barada okasynlar. Bu adaty Pygamberimizi başlatmady.

Köp aýal bilen öýlenmek, Alladan gelen hökümleri adamlara düşündirmek bilen wezipeli pygamber üçin zerurdyr. Sebäbi käbir meseleler bar welin, ony diňe äriň ýa-da aýalyň bilen gürleşip bolýar. Zenanlara degişli meseleleri zenanlara Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) aýallary öwredendir.

Diýmek Pygamberimiziň aýallarynyňam wezipleri bolan eken, olam zenanlar äleminde mährem meselelerde “mugallym” bolmakdy. Ol döwürler günümizde bolşy ýaly umumy habar alyş serişdeleri ýokdy ahyryn. Bir aýal onça zenana nädip ýetişsin?

Ikinji mesele, Pygamberimiziň aýallary arasynda garrysam bardy, orta ýaşlysam bardy, ýaşam bardy. Her birisiniňem ýagdaýlary we gyzyklandyrýan meseleleri üýtgeşikdi. Ynha, şolaryň her biri öz ýaşdaşy bilen özlerini gyzyklandyrýan meselelerinde gürleşip, Pygamberden (sallallahu aleýhi we sellem) öwrenen zatlaryny öwredip bilýädiler.

Pygamberimiziň aýallary üýtgeşik ýerlerden we üýtgeşik taýpalardandy. Gelen ýerlerindäki adamlar Pygamber bilen garyndaş bolmagyň guwanjy bilen has arkaýyn we aňsatlyk bilen Yslamy kabul edýärdiler. Pygamberimizi (sallallahu aleýhi we sellem) özlerinden biri diýip kabul edýärdiler. Bu öýlenmekler bilen Pygamberimizi ähli Arap ýarymadasy bilen baglanşyk gurup bildi.

Hezreti Äşe

Hezreti Hatyjadan soň Pygamberimiziň iň köp bilinýän aýaly Hezreti Äşedir. Äşe enemiz Hezreti Ebu Bekiriň gyzydyr. Biz aýallara degişli köp zady we birnäçe hadysy şerifi Hezreti Äşäniň saýasynda bilýäris.

Pygamberimiziň Hezreti Äşe bilen öýlenmegi esasanam 20-nji we 21-nji asyrlarda din duşmanlary tarapyndan köp tankyt edildi. Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, ol wyždansyzlar çalaja obýektiw bolsadylar beýle tankytlar etmezlerdi.

Ilki bilmeli zadymyz, Hezreti Äşe beýleki aýallardan üýtgeşikdi we “pygambere” aýal bolup biläýjek dereje we potensialda ýaradylandyr. Ol öran ahlakly,namysly, dinine bagly we zehinlidi. Ebu Bekiriň gyzy özünden üýtgeşik bolup bilermi ahyryn? Şol sebäpli hem Älemleriň Serweri – Pygamberimize (sallallahu aleýhi we sellem) düýşünde Äşe bilen öýlenjegi yşarat edilýär. Bu ylahy emirdi.

Tankytçylaryň başga bahanalary hem Pygamberimiz Hezreti Äşe bilen oýlenende, Äşaniň 9 ýaşynda bolmagydyr. Bul hem dogry däl, we tankytçylaryň jahyllygyny görkezýär. Heý beýik ahlakly Pygamberimiz çaga bilen öýlenermidi. Olaryň toýy pygamberligiň başlamagyndan on ýyl soň bolýar. Diýmek Hezreti Äşe ol wagtlar 17 ýa-da 18 ýaşyndady. Arabystan ýaly yssy ýerde gyz çagalary ir ýetişýäni üçin bu ýaşdaky gyz aýal hasap edilýär.

Başga bir meseledem araplaryň ol döwürlerdäki adatlary. Ol wagtlar gyz çaganyň ýaşy bulug ýaşyna ýetenden soň hasaplanýardy. Bu hasaba görädem Äşe enemiz durmuşa çykan wagty takmynan 18 ýaşyndady.

Başga bir makalamyzda enşalla Pygamaberimiziň beýleki aýallary baradadam söz etmekçi.